Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 8:02

[1] Mowap hakynda Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Nebonyň halyna waý! Çünki ol haraba döndi. Kirýataýym ryswa bolup, basylyp alyndy; gala masgara bolup, weýran edildi.

[2] Indi Mowaba öwgi aýdylmaz; Heşbonda oňa garşy dildüwşük gurdular: „Geliň, millet bolmaz ýaly, ony ýok edeliň“ diýdiler. Eý, Madmen, seniň sesiň gapylar, gylyç seni kowalar.

[3] Horonaýymdan dady-perýat eşidilýär: „Harabaçylyk, uly weýrançylyk!“

[4] Mowap derbi-dagyn boldy, balalarynyň perýady eşidildi.

[5] Aglaý-aglaý Luhyt ýolundan çykýarlar, olar Horonaýym eňňidinde weýrançylyk perýadyny eşidýärler.

[6] Gaçyň! Janyňyzy halas ediň, çöldäki ýylgyn kimin boluň.

[7] Eý, Mowap, öz eden işleriň üçin, hazynaňa bil baglanyň üçin tutularsyň. Ruhanylary hem emeldarlary bilen Kemoş sürgün ediler.

[8] Rebbiň aýdyşy ýaly, ähli şähere heläkleýji döküler, bir şäher-de gutulmaz, jülge ýok bolar, düzlük berbat bolar.

[9] Mowap topragyna duz döküň, ol hökman weýran ediler; onuň şäherleri-de ýumrulyp, ol ýerde hiç kim ýaşamaz.

[10] Nälet bolsun Rebbiň işine ýaltalyk edýäne, Onuň gylyjyny gan dökmekden saklaýana!

[11] Mowap ýaşlygyndan rahat ýaşady, ol hiç haçan sürgün edilmedi. Çaýkalmadyk al-elwan şerap deý ol gapdan-gaba boşadylmady. Şeýdip, tagamy özünde galdy, özüniň hoşboý ysyny ýitirmedi.

[12] Emma ony gapdan-gaba boşatjak adamlary iberjek günlerim geler. Muny Reb aýdýandyr. Ony dökerler, onuň gaplaryny boşadarlar, küýzelerini bölek-bölek ederler.

[13] Ysraýyl halky bil baglan Beýtelinden nähili utanan bolsa, Mowap-da öz hudaýy Kemoşdan utanar.

[14] Siz nädip: „Biz edermen hem güýçli urşujydyrys“ diýip bilýärsiňiz?

[15] Mowap weýran ediler, şäherleri basylyp alnar. Saýlama ýigitleri öldürilmek üçin iberildi. Muny ady Hökmürowan Reb bolan Patyşa aýdýar.

[16] Mowabyň heläkçiligi golaýlap gelýär, onuň muşakgaty gyssanyp gelýär.

[17] Eý, onuň töwereginde ýaşaýanlar, onuň adyny tanaýanlar, oňa ýas tutup: „Wah, gudratly hasa, şöhratly taýak nädip döwüläýdi!“ diýiň.

[18] Eý, Dibon galasynda ýaşaýan halk, şan-şöhratdan düş-de, gurak ýerde otur, çünki Mowaby weýran ediji seniň üstüňe çozup, galalaryňy weýran eder.

[19] Eý, Arogerde mesgen tutan, ýoluň ýakasynda dur-da, seret. Gaçan erkekden we gutulan aýaldan: „Näme boldy?“ diýip sora.

[20] Mowap masgara boldy, ol derbi-dagyn edildi. Perýat et we agla! Mowabyň weýran bolandygyny Arnonda yglan et.

[21] Tekizlikdäki şäherlere – Holona, Ýahsa, Meýpagada;

[22] Dibona, Nebo, Beýtdiblataýyma;

[23] Kirýataýyma, Beýtgamula, Beýtmegona;

[24] Keriýota, Bosra we Mowabyň uzakdaky we golaýdaky ähli galalaryna höküm geldi.

[25] Mowabyň güýç-kuwwaty gaçdy, gudraty kesildi. Muny Reb aýdýandyr.

[26] Ony serhoş ediň, sebäbi ol Rebbe tekepbirlik etdi. Mowap öz gusugynda togalanar, ol ile masgara bolar.

[27] Siz ysraýyl halkynyň üstünden gülmediňizmi? Eýsem, ol ogrular bilen bile tutuldymy? Näme ol hakda gürrüň edeniňizde, başyňyzy ýaýkaýarsyňyz?

[28] Eý, Mowabyň ilaty, şäherleri taşlap, gaýada ýaşaň. Höwürtgesini kert gaýalaň üstünde ýasan gögerçin kimin boluň.

[29] Biz Mowabyň tekepbirligi, onuň çensiz gedemligi, badyhowalygy, buýsanjaňlygy, kalbynyň ulumsylygy barada eşitdik.

[30] Men onuň bihaýadygyny bilýärin. Onuň öwünmeleri boş, işleri puçdur. Muny Reb aýdýandyr.

[31] Şol sebäpli Mowap üçin ahy-nala çekerin, bütin Mowaba dady-perýat ederin, Kirharaset halky üçin ýas tutaryn.

[32] Eý, Sibmanyň üzüm agajy! Saňa Ýasere aglan agymdan-da köp aglaryn. Seniň şahalaryň deňze, Ýazer deňzine ýetdi. Heläkleýji tomus miweleriňi, üzüm hasylyňy weýran etdi.

[33] Mowabyň bol miweli baglaryndan, ekin meýdanlaryndan şatlyk we begenç zym-zyýat boldy. Üzüm sokusyndan akýan şeraby kesdim. Hiç kim şowhun bilen üzüm depelemez; şowhun bar, ýöne şatlyk şowhuny däl.

[34] Olar seslerini Heşbondan Elgala we Ýahasa çenli, Sogardan Horonaýyma we Eglat Şelişiýa çenli eşitdirdiler; Nimrim suwlary-da gurady.

[35] Men Mowapda seždegählerde gurbanlyk hödür edeni we öz hudaýlaryna tütetgi ýakany ýok ederin. Muny Reb aýdýandyr.

[36] Bu sebäpden ýüregim Mowap üçin gargy tüýdük kimin ahy-nala çekýär. Kirharaset halkynyň gazanan baýlyklary dargady, şonuň üçin hem ýüregim tüýdük kimin iňleýär.

[37] Her kimiň saç-sakgaly syryldy; ähli eller ýaralanan we ähli billere jul oralan.

[38] Mowabyň ähli üçeklerinden we meýdançalaryndan diňe agy sesi gelýär. Çünki Men Mowaby halanmaýan gap kimin döwdüm. Muny Reb aýdýandyr.

[39] Wah, ol nähili weýran boldy! Adamlar perýat edýärler. Wah, Mowap utançdan yzyna öwrülýär! Mowap töweregindäkileriň barysy üçin gülki we howp boldy.

[40] Reb şeýle diýýär: „Serediň! Duşman bürgüt kimin uçup, ganatlaryny Mowaba tarap ýaýýar.

[41] Şäherler ele salnar, galalar basylyp alnar. Şol gün Mowabyň urşujylarynyň ýüregi dogranda sanjy tutýan aýalyň ýüregi kimin bolar.

[42] Mowap Rebbe garşy baş galdyrandygy üçin, halk bolmakdan mahrum bolar.

[43] Eý, Mowabyň ilaty, seniň öňüňde howp, gorp we duzak dur! Muny Reb aýdýandyr.

[44] Howpdan gaçan gorpa ýykylar, gorpdan çykan duzaga düşer, çünki Meniň Mowap halkyny jezalandyrjak günlerim gelýär. Muny Reb aýdýandyr.

[45] Gaçanlar Heşbon kölegesinde mejalsyz durdular. Çünki Heşbondan ot, Sihon galasynyň ortasyndan ýalyn çykyp, mowaplylaryň maňlaýyny, pitneçileriň süýr depesini ýakyp ýandyrar.

[46] Dat günüňe, eý, Mowap! Kemoş halky ýok edildi, ogullaryň sürgün edildi, gyzlaryň ýesir alyndy.

[47] Emma ahyrky günlerde Men Mowabyň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin“. Muny Reb aýdýandyr. Ine, Mowabyň jezasy şu ýerde gutarýar».

Ýermeýa — Chapters