[1] Şeýdip, Ýusup doganlaryndan bäşisini alyp, Goşen welaýatyndan gaýtdy we faraonyň ýanyna gelip, oňa: «Kakam hem doganlarym özleriniň maşgalasy, ownukly-irili mallary we ähli goş-golamlary bilen Kengandan geldiler. Olar häzir Goşende» diýdi. Onsoň Ýusup doganlaryny faraon bilen tanyş etdi.
[3] Faraon olardan: «Käriňiz näme?» diýip sorady. Olar faraona: «Biz gullaryň ata-babalarymyz ýaly çopandyrys» diýip jogap berdiler.
[4] Olar faraona: «Ýowuz açlyk zerarly Kenganda dowarlarymyz üçin öri galmansoň, biz Müsürde gelmişek bolup ýaşamaga geldik. Şoňa görä-de, siz öz gullaryňyza Goşen welaýatynda mesgen tutmaga ygtyýar ediň» diýdiler.
[5] Faraon Ýusuba şeýle diýdi: «Kakaňdyr doganlaryň seniň ýanyňa gelipdirler.
[6] Müsüriň çar tarapy seniň üçin açykdyr. Olary ýurduň iň oňat ýerinde ýerleşdir. Goý, olar Goşen welaýatynda mesgen tutsunlar. Eger olaryň arasynda ukyplylary bar bolsa, olara meniň mallaryma seretdir».
[7] Soňra Ýusup kakasyny faraonyň huzuryna getirip, onuň bilen tanyş etdi. Ýakup faraona pata berdi.
[8] Faraon Ýakupdan: «Näçe ýaşyňda?» diýip sorady.
[9] Ýakup: «Men göçüp-gonup ýüz otuz ýyl ýaşadym. Durmuşym gysga hem agyr boldy. Meniň ömrüm göçüp-gonup ýaşan ata-babalarymyňky ýaly uzak bolmady» diýdi.
[10] Ýakup faraona ýene-de pata berip, onuň ýanyndan gaýtdy.
[11] Ýusup kakasydyr doganlaryny Müsürde ýerleşdirdi. Ýusup faraonyň özüne buýruşy ýaly edip, olara Müsüriň iň gowy ýeri bolan Ragmeses etrabyndan mülk berdi.
[12] Ol kakasyny, doganlaryny we kakasynyň ähli hojalygyny – iň körpesine çenli azyk bilen üpjün etdi.
[13] Açlyk juda ýowuzlaşyp, hiç ýerde iýmit ýokdy. Açlyk Müsürdir Kenganyň halklaryny halys ysgyndan gaçyrdy.
[14] Ýusup galla satyp, Müsüriň hem Kenganyň ähli pullaryny syryp-süpürip aldy. Ol pullary faraonyň köşgüne getirdi.
[15] Şunlukda, Müsüriň-de, Kenganyň-da pulunyň soňuna çykylansoň, ähli müsürliler Ýusubyň ýanyna gelip, oňa: «Bize azyk ber. Indi biz gözüňiziň alnynda öläýmeli bolarysmy?! Pulumyzdan galan zat ýok» diýdiler.
[16] Ýusup olara: «Eger puluňyz bolmasa, onda azygy mala çalşaýalyň» diýdi.
[17] Şeýdip, olar öz mallaryny Ýusuba getirip berdiler. Ýusup hem olaryň atlaryny, ownukly-irili mallaryny we eşeklerini azyga çalyşdy. Şol ýyl Ýusup halkyň mallaryny alyp, olary azyk bilen üpjün etdi.
[18] Bir ýyl geçdi. Indiki ýyl müsürliler ýene-de Ýusubyň ýanyna gelip, oňa şeýle diýdiler: «Biz jenabymyzdan hiç zady ýaşyrmarys; bar pullarymyzy gutardyk, mallarymyzy bolsa biz size berdik. Size berer ýaly tenimizden we mülklerimizden başga galan zat ýokdur.
[19] Indi biz gözüňiziň alnynda öläýmelimi, mülklerimiz çöle dönäýmelimi? Bizi mülklerimiz bilen bile al-da, bize azyk ber. Mülklerimiz bilen bile faraona gul bolaly. Biziň ölmezimiz ýaly, mülklerimiziň-de çöle dönmezi ýaly, siz bize tohum beriň».
[20] Şeýdip, Ýusup Müsüriň ähli mülklerini faraon üçin satyn aldy. Ähli müsürliler ýowuz açlyga döz gelip bilmän, öz mülklerini satdylar. Şeýlelikde, tutuş Müsür topragy faraonyň eline geçdi.
[21] Ýusup Müsüriň tutuş halkyny gula öwürdi.
[22] Ol diňe ruhanylaryň mülk ýerine degmedi, çünki ruhanylara faraon tarapyndan bellenen möçberde hak tölenilýärdi we olar şol tölenen hak bilen güzeran görýärdiler. Şol sebäpden hem olar öz mülklerini satmadylar.
[23] Ýusup Müsür halkyna şeýle diýdi: «Faraon üçin sizi ýerleriňiz bilen bile satyn aldym. Ine, tohum, alyň-da, ekiň.
[24] Siz alan hasylyňyzyň bäşden bir bölegini faraona berersiňiz, dörtden bir bölegini bolsa özüňize tohum üçin, hojalyklaryňyza we çagalaryňyza azyk üçin alarsyňyz».
[25] Olar: «Siz bizi halas etdiňiz; jenabymyz razy bolsa, biz faraona gul bolarys» diýdiler.
[26] Şeýdip, Ýusup ruhanylardan başga hemmeleriň hasylynyň bäşden bir böleginiň faraona berilmelidigi hakynda höküm çykardy. Bu höküm şu günki güne çenli hem öz güýjündedir.
[27] Ysraýyllar Müsüriň Goşen welaýatynda mesgen tutup, şol welaýatda özlerine mülk edindiler. Olar örňäp, juda köpeldiler.
[28] Ýakup Müsürde on ýedi ýyl ýaşady. Ol ýüz kyrk ýedi ýyl ýaşady.
[29] Ölüm pursady golaýlanda, Ysraýyl Ýusuby ýanyna çagyryp, oňa şeýle diýdi: «Eger meni söýýäniň çyn bolsa, onda eliňi uýlugymyň astynda goý-da, maňa wepaly boljakdygyňa hem sözümi tutjakdygyňa ant iç. Meni Müsürde jaýlamagyn.
[30] Ata-babalarymyň ýanynda ýatarym ýaly, meni Müsürden äkidip, şolaryň ýanynda jaýla». Ýusup oňa: «Aýdyşyň ýaly ederin» diýdi.
[31] Ysraýyl Ýusuba: «Ant iç!» diýdi. Ýusup ant içdi. Onsoň Ysraýyl düşeginiň başynda tagzym etdi.