[1] Ýakup öz kakasynyň gelmişek bolup mesgen tutan ýurdy bolan Kenganda ýaşaýardy.
[2] Ýakubyň maşgalasynyň kyssasy şeýledir. On ýedi ýaşly Ýusup, öweý ejeleri Bilhadan we Zilpadan bolan doganlary bilen bile süri bakýardy. Ýusup doganlarynyň eden işlerini kakasyna şugullaýardy.
[3] Ysraýyl Ýusuby beýleki ogullaryndan has gowy görerdi, çünki ol Ýakubyň garran wagty doglupdy. Ýakup oňa üýtgeşik don tikipdi.
[4] Ýusubyň doganlary öz kakalarynyň Ýusuby özlerinden has ileri tutýandygyny gördüler. Şoňa görä-de, olar Ýusuby ýigrenerdiler we onuň bilen sözleri alyşmazdy.
[5] Bir gün Ýusup düýş gördi. Ol düýşüni doganlaryna gürrüň berende, olar Ýusuby öňkülerindenem beter ýigrendiler.
[6] Ýusup olara şeýle diýdi: «Diňläň, men şeýle düýş gördüm.
[7] Biz ekin meýdanynda desse bogýarmyşyk. Birdenkä meniň dessäm ýerinden galyp, dikelip durýarmyşyn; siziň desseleriňiz bolsa onuň daşyna aýlanyp, oňa baş egýärmişler».
[8] Doganlary Ýusuba: «Bäh, sen biziň üstümizden hökümdarlyk edäýermikäň, bizi dolandyraýarmykaň?» diýdiler. Şeýdip, olar Ýusuby düýşi hem-de özleri barada aýdan sözleri üçin has-da beter ýigrendiler.
[9] Ýusup ýene bir düýş gördi we ol ony-da doganlaryna gürrüň berdi. Ol: «Men ýene bir düýş gördüm. Onda Gün, Aý hem-de on bir sany ýyldyz maňa baş egýärmişler» diýdi.
[10] Ýusup muny kakasyna-da, doganlaryna-da gürrüň berdi. Kakasy oňa käýäp: «Bu nähili düýş boldugy? Bäh, men, ejeň, doganlaryň – hemmämiz saňa iki bükülip tagzym etmeli bolaýarmykak?» diýdi.
[11] Şeýdip, doganlary Ýusuba göriplik edýärdiler, ýöne bu sözler onuň kakasyny oýa batyrdy.
[12] -
[13] Bir gün Ýusubyň doganlary kakalarynyň dowarlaryny bakmaga Şekeme giden wagtlarynda, Ysraýyl Ýusuba: «Doganlaryň Şekemde dowarlary bakyp ýörler. Sen olaryň ýanyna gidip gel» diýdi. Ýusup: «Bolýar, gidäýerin» diýdi.
[14] Ýakup Ýusuba: «Git-de, doganlaryňdan habar al. Janlary sagmyka, dowarlar tükelmikä, bilip gel» diýip, ony Hebron deresiniň içi bilen ugratdy. Ýusup Şekeme geldi.
[15] Meýdanda ondan-oňa aýlanyp ýörkä, oňa bir adam duşup: «Näme ideýärsiň?» diýip sorady.
[16] Ýusup: «Doganlarymy ideýärin. Aýtsana, olar mallaryny nirede bakýarkalar?» diýdi.
[17] Ol adam: «Olar bu ýerden gitdiler, men olaryň: „Dotana gideliň“ diýenlerini eşitdim» diýdi. Ýusup doganlarynyň yzyndan gidip, olary Dotandan tapdy.
[18] Doganlary Ýusuby uzakdan görüp, heniz ýakynlaşmanka, ony öldürmegiň kastyna çykdylar.
[19] Olar biri-birlerine: «Hanha, düýş görüji gelýär.
[20] Geliň, ony öldürip, şu gurruk guýularyň birine taşlalyň-da, ony bir ýyrtyjy haýwan iýipdir diýeliň. Onsoň göreli-bakaly, onuň düýşleri çyn bolup çykaýarmyka!» diýişdiler.
[21] Muny Ruben eşidip: «Ýok, ony öldürmäliň» diýip, Ýusuby halas etmäge çalyşdy.
[22] Ýusuby bularyň elinden halas etmek we ony sag-aman yzyna, kakasynyň ýanyna ibermek üçin, Ruben olara: «Ony şu çöldäki guýa taşlaň, ýöne oňa el gatyp, ganyna galaýmaň!» diýdi.
[23] -
[24] Ýusup doganlarynyň ýanyna gelende, olar onuň egnindäki üýtgeşik donuny sypyrdylar-da, Ýusuby gurruk guýa taşladylar.
[25] Olar naharlanmaga oturanlarynda, Gilgatdan ysmaýyllaryň kerweniniň gelýändigini gördüler. Düýelere hoşboý ysly otlar, melhem hem-de ladan ýüklenendi. Olar bu ýükleri Müsüre alyp barýardylar.
[26] Ýahuda doganlaryna: «Doganymyzy öldürip, ganhorlygymyzy gizlänimiz bilen gazanýan zadymyz näme?!
[27] Geliň, ony ysmaýyllara satalyň, goý, ol biziň elimizden jebir çekmesin, ol biziň doganymyzdyr, öz süýegimizdir» diýdi. Doganlary Ýahuda gulak asdylar.
[28] Midýan täjirleri ol ýerden geçip barýarkalar, doganlary Ýusuby guýudan çykaryp, ony ýigrimi kümüş teňňä ysmaýyllara satdylar. Olar bolsa Ýusuby Müsüre alyp gitdiler.
[29] Ruben guýa gaýdyp geldi we ol ýerden Ýusuby tapmansoň, ýakasyny ýyrtyp zarynlady.
[30] Ol doganlarynyň ýanyna baryp: «Oglan ýok, indi men nädeýin!» diýdi.
[31] Onsoň olar bir erkeji soýup, Ýusubyň donuny onuň ganyna buladylar.
[32] Olar Ýusubyň üýtgeşik donuny kakalarynyň ýanyna eltip: «Biz bu dony tapdyk, seret, bu seniň ogluňyň don-a däldir-dä?» diýdiler.
[33] Ýakup dony tanap: «Bu oglumyň dony! Ony bir ýyrtyjy haýwan iýipdir; Ýusup şek-şübhesiz parçalanypdyr» diýip aglady.
[34] Ýakup ýakasyny ýyrtyp zarynlap, ençeme günläp oglunyň ýasyny tutdy.
[35] Ýakubyň ähli ogullarydyr gyzlary gelip, oňa göwünlik berjek boldular, emma oňa göwünlik berip bilmediler. Ýakup: «Şu hasratym bilen ölüler dünýäsindäki oglumyň ýanyna gitjek» diýdi. Şeýdip, kakasy Ýusubyň ýasyny tutmagyny dowam etdirdi.
[36] Şol arada midýanlar Ýusuby Müsürde faraonyň janpenalarynyň baştutany Potypara satdylar.