Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 4:24

[1] Nuhuň ogullary Samyň, Hamyň hem-de Ýafesiň nesilleri şulardyr. Silden soň olardan şu çagalar doguldy.

[2] Ýafesiň nesilleri: Gomer, Magok, Madaý, Ýawan, Tubal, Meşek we Tiras.

[3] Gomeriň nesilleri: Aşkenaz, Ripat we Togarma.

[4] Ýawanyň nesilleri: Elişa, Tarşyş, Kitim we Dodanym.

[5] Bulardan deňiz ýakasynda ýaşaýan milletler ýaýrady. Ine, Ýafesiň nesilleri şulardy. Olaryň hersi öz milletlerine görä, öz ýurtlarynda mesgen tutup, her tiräniň özüne mahsus bolan dili bardy.

[6] Hamyň nesilleri: Kuş, Müsür, Put we Kengan.

[7] Kuşuň nesilleri: Seba, Hawyla, Sabta, Ragama we Sabteka. Ragamanyň nesilleri: Şeba we Dedan.

[8] Kuşdan ýene Nimrot doguldy; ol ýer ýüzünde ilkinji edermen urşujydy.

[9] Nimrot Rebbiň huzurynda batyr awçy bolup ýetişdi. Şol sebäpden hem il arasynda: «Rebbiň huzuryndaky Nimrot ýaly batyr awçy» diýilýär.

[10] Başda Nimrodyň şalygy Şingar ýurdundaky Babyl, Erek, Akat hem Kalne galalarynyň dördüsini öz içine alýardy.

[11] -

[12] Nimrot ol ýurtdan Aşura çykyp, Ninewäni, Rehobotiri, Kalany hem-de Ninewe bilen beýik gala bolan Kalanyň aralygyndaky Reseni bina etdi.

[13] -

[14] Müsür lutlaryň, anamlaryň, lehablaryň, naptuhlaryň, patruslaryň, kasluhlaryň we kaptorlaryň atasydy; kasluhlardan hem piliştliler gelip çykdy.

[15] -

[18] Kengandan onuň nowbahar ogly Sidon, soňra Het doguldy. Kengan ýabuslaryň, amorlaryň, girgaşlaryň, hiwileriň, arklaryň, sinleriň, arwatlaryň, semarlaryň we hamatlaryň hem atasydy. Soňra Kengan tireleri dumly-duşa ýaýradylar.

[19] Olaryň araçägi Sidondan Gerara hem-de Gaza çenli, Gazadan Sodoma, Gomora, Adma, Seboýyma we Laşa çenli baryp ýetdi.

[20] Ine, Hamyň nesilleri şulardy. Olaryň hersi öz milletlerine görä, öz topraklarynda mesgen tutup, her tiräniň özüne mahsus bolan dili bardy.

[21] Ýafesiň agasy Samdan-da ençeme ogul dünýä indi. Ol ýewreýleriň atasydy.

[22] Eýlam, Aşur, Arpakşat, Lut we Aram Samyň nesilleridir.

[23] Us, Hul, Geter we Maş Aramyň nesilleridir.

[24] Arpakşatdan Şela, Şeladan Eber doguldy.

[25] Eberden iki ogul dünýä indi, olaryň biriniň ady Pelekdi, onuň döwründe dünýädäki halk bölünipdi; onuň doganynyň ady Ýoktandy.

[26] Ýoktandan Almodat, Şelep, Hasarmawet, Ýera,

[27] Hadoram, Uzal, Dikla,

[28] Obal, Abymaýyl, Şeba,

[29] Opyr, Hawyla we Ýobap doguldy. Bularyň hemmesi Ýoktanyň nesilleridir.

[30] Olar Meşa bilen Separ aralygyndaky gündogar daglarda mesgen tutdular.

[31] Ine, Samyň nesilleri şulardy. Olaryň hersi öz milletlerine görä öz topraklarynda mesgen tutup, her tiräniň özüne mahsus bolan dili bardy.

[32] Nuhuň ogullaryndan milletleri boýunça emele gelen tireler şulardyr. Silden soň olardan ençeme milletler döräp, olar tutuş ýer ýüzüne ýaýradylar.

Gelip çykyş — Chapters