[1] Agşamara hälki iki perişde Sodom galasyna geldi. Lut galanyň derwezesinde otyrdy. Ol perişdeleriň gelýänini görüp, ýerinden turup, olaryň öňlerinden çykyp, olara iki bükülip tagzym etdi.
[2] Lut: «Eý, jenaplar, aýagyňyzy ýuwuň-da, bu gije öýüme myhman boluň. Ertir ir bilen turup, ýoluňyzy dowam etdirersiňiz!» diýdi. Olar: «Ýok, biz gijäni meýdançada geçireris» diýdiler.
[3] Lut ýüreginden syzdyryp ýalbaransoň, olar onuň öýüne sowuldylar. Ol perişdeleri hezzetläp, olara petir bişirip berdi. Olar naharlandylar.
[4] Olar ýatmazdan öň, Sodomyň ýaşu-garry ähli erkek adamlary Lutuň öýüniň daşyny gabadylar.
[5] Olar Luta: «Şu gije öýüňe gelen adamlar nirede? Olary biziň ýanymyza çykar, biz olar bilen ýatjak» diýip gygyryşdylar.
[6] Lut daşary çykyp, gapyny daşyndan ýapdy we ýygnanan adamlara: «Eý, doganlar, gabahatlykdan el çekiň.
[8] Meniň iki sany boý gyzym bar. Men şolary siziň eliňize bereýin. Siz olara islän zadyňyzy edäýiň, ýöne bu adamlara degmäň. Olar meniň öýümi penalap geldiler» diýdi.
[9] Emma olar Luta: «Aýryl gapydan» diýdiler. Olar soňra: «Gelmişek halyňa bize akyl öwretjek bolýaňmy? Indi biz seni olardan hem beter ederis» diýşip, gapyny döwmek üçin Luta topuldylar.
[10] Emma içerdäki adamlar gapyny açyp, Luty içeri saldylar-da, gapyny ýapdylar.
[11] Olar gapynyň agzynda duranlaryň uludan-kiçä ählisiniň gapyny tapyp bilmezleri ýaly gözlerini kör etdiler.
[12] Adamlar Luta şeýle diýdiler: «Seniň bu ýerde ýene kimiň bar? Ogul-gyzyňmydyr, giýewiňmidir, garaz, galadaky özüňe degişli adamlaryň ählisini al-da, bu ýerden çyk.
[13] Biz Sodomy weýran etjekdiris. Reb bu ýeriň halkyna garşy edilýän uly ahy-nalalary eşidip, bizi Sodomy weýran etmäge iberdi».
[14] Lut özüne giýew boljaklaryň ýanyna baryp olara: «Basym bu ýerden çykyň, Reb galany weýran etjekdir» diýdi. Emma olar Lut degişýändir öýtdüler.
[15] Daň atandan soň perişdeler: «Gala weýran edilende heläk bolmazyňyz ýaly, aýalyň bilen ýanyňdaky iki gyzyňy hem al-da, bu ýerden çyk!» diýip, Luty gyssap başladylar.
[16] Emma Lut ikirjiňlendi. Şol wagt adamlar Lutuň, onuň aýalynyň hem iki gyzynyň elinden tutup, Rebbiň merhemeti bilen olary aman-sag galadan alyp çykdylar.
[17] Galadan çykanlaryndan soň adamlaryň biri: «Indi gaç-da, başyňy gutar. Yzyňa garama! Düzlükde aýak çekme, göni daga gaç, ýogsam gala bilen bile heläk bolarsyň» diýdi.
[18] Ýöne Lut oňa şeýle diýdi: «Ýok, ýok jenabym!
[19] Guluňyz seniň nazaryňda eýýäm merhemet tapdy. Sen meni ölümden halas edip, maňa ýagşylyk etdiň. Emma men daglara gaçyp bilmerin; men betbagtçylyga ýolugyp, ölerin diýip gorkýaryn.
[20] Şu golaýda kiçijik bir gala bar. Ol kiçi ahyryn. Özümi şol ýere atmaga maňa ygtyýar etseň, men ölümden halas bolaryn».
[21] Ol Luta: «Bolýar, seniň haýyşyňy ýerine ýetirerin. Men şol diýýän galaňy weýran etmerin.
[22] Sen basym gaç, çünki sen ol ýere baryp ýetýänçäň, men hiç zat edip bilmerin» diýdi. Şoňa görä-de ol gala Sogar diýlip atlandyryldy.
[23] Gün doganda, Lut Sogara gelip ýetdi.
[24] -
[25] Şol wagt Reb Sodom bilen Gomora galalarynyň üstüne gökden otly kükürt ýagdyryp, bu iki galany daş-töweregi, ähli ilatydyr ösümlikleri bilen bile weýran etdi.
[26] Lutuň aýaly yzyna garady we şol bada duz sütünine öwrüldi.
[27] Ybraýym daň bilen turup, özüniň Rebbiň huzurynda duran ýerine gitdi.
[28] Ybraýym Sodoma, Gomora we tutuş düzlüge tarap aşak seredip, ol ýurtdaky asmana göterilýän tüssäniň edil ojakdan çykýan ýalydygyny gördi.
[29] Şeýdip, Hudaý düzlükdäki iki galany weýran edende, Ybraýymy ýatdan çykarmady; Lutuň mesgen tutan galalaryny weýran edende, Hudaý Luty ol betbagtçylykdan halas etdi.
[30] Lut Sogarda galmakdan gorkup, iki gyzyny-da alyp, bu ýerden çykdy. Ol dagda mesgen tutup, gyzlary bilen bile bir gowakda ýaşaberdi.
[31] Bir gün gyzlaryň ulusy uýasyna: «Kakamyz garrap barýar; dünýä adatyna görä biziň ýanymyza girer ýaly ýer ýüzünde hiç bir erkek kişi ýok.
[32] Gel, kakamyza şerap içirip, onuň bilen ýataly. Şeýdip, biz öz kakamyzdan perzentli bolarys» diýdi.
[33] Gyzlar şol gije kakalaryny serhoş etdiler. Şeýdip, gyzlaryň ulusy öz kakasynyň ýanyna girip, onuň bilen ýatdy. Lut gyzynyň haçan ýatyp, haçan turanyny-da bilmedi.
[34] Ertesi gün ýene gyzlaryň ulusy öz doganyna: «Men öten agşam kakam bilen ýatdym. Gel, bu gije-de ony serhoş edeli; sen hem onuň bilen ýat. Şeýdip, biz öz kakamyzyň üsti bilen perzentli bolarys» diýdi.
[35] Gyzlar bu gije hem kakalaryny serhoş etdiler. Bu gezek gyzlaryň kiçisi öz kakasynyň ýanyna girip, onuň bilen ýatdy. Lut onuň-da haçan ýatyp, haçan turanyny bilmedi.
[36] Şeýdip, Lutuň iki gyzy-da öz kakasyndan göwreli boldy.
[37] Gyzlaryň ulusy bir ogul dogurdy we onuň adyna Mowap dakdy. Ol häzirki mowaplaryň nesilbaşysydyr.
[38] Gyzlaryň kiçisi-de bir ogul dogurdy we onuň adyna Benamy dakdy. Ol häzirki ammonlaryň nesilbaşysydyr.