Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 5:47

[1] Şol wagtlar Ýahuda öz doganlaryndan aýrylyp, adullamly Hira diýen biriniň ýanyna gidip, şol ýerde ornaşdy.

[2] Ýahuda ol ýerde Şuga diýen bir kenganyň gyzy bilen tanşyp, öýlenip, oňa ýanaşdy.

[3] Aýal göwreli bolup, bir ogul dogurdy. Ýahuda onuň adyna Er dakdy.

[4] Onuň aýaly ikinji gezek göwreli bolup, ýene-de bir ogul dogurdy. Ol oglanyň adyna Onan dakdy.

[5] Ol soňra ýene-de bir ogul dogurdy we onuň adyna Şela dakdy. Aýaly soňky ogluny dogranda, Ýahuda Kezipdedi.

[6] Ýahuda nowbahar ogly Eri Tamar diýen gyza öýerdi.

[7] Emma Ýahudanyň nowbahar ogly Eri Rebbiň nazarynda pislik edendigi üçin, Reb ony öldürdi.

[8] Ýahuda Onana: «Doganyňyň nesli ýitip gitmez ýaly, sen öz gelnejeňe ýanaşmaga borçlusyň» diýdi.

[9] Emma Onan özünden önjek çagalaryň öz nesli bolmajakdygyny bilýärdi. Şol sebäpden-de ol her wagt gelnejesine ýanaşanda, çaga galmazlygy üçin tohumyny ýere dökerdi.

[10] Onan Rebbiň nazarynda pislik edendigi üçin, Reb ony öldürdi.

[11] Ýahuda gelni Tamara: «Sen ataň öýüne git-de, oglum Şela ýigit çykýança, ol ýerde dullugyňa ýaşaber» diýdi. Çünki Ýahuda Şela-da beýleki iki dogany ýaly öler öýdüp gorkýardy. Şeýdip, Tamar atasy öýüne gitdi.

[12] Esli wagtdan soň Ýahudanyň aýaly – Şuganyň gyzy aradan çykdy. Aýalynyň matamy sowlansoň, Ýahuda dosty adullamly Hira bilen öz gyrkymçylarynyň ýanyna Timna gitdi.

[13] Tamara: «Gaýynataň dowarlaryny gyrkdyrmaga Timna gidýär» diýip habar berdiler.

[14] Ol dulluk geýimini çalşyryp, ýüzüni büräp, daşyna örtgi oranyp, Timna gidilýän ýoluň ugrundaky Eýnaýymyň derwezesiniň agzynda oturdy. Çünki Tamar Şelanyň ýigit çykandygyny bilýärdi, emma ol heniz Şela berilmändi.

[15] Ýahuda ony gördi we ýüzi örtülgi bolansoň, ol loludyr öýtdi.

[16] Ýahuda bu aýalyň öz gelnidiginden bihabar bolansoň, oňa tarap öwrülip: «Meniň bilen ýatjakmy?!» diýdi. Ol Ýahudadan: «Eger seniň bilen ýataýsam, sen maňa näme berersiň?» diýip sorady.

[17] Ýahuda ol aýala: «Öz sürimden bir owlak ibererin» diýip jogap berdi. Ol Ýahuda: «Owlagy iberýänçäň, girew goýup bilermiň?» diýdi.

[18] Ýahuda ondan: «Saňa girew hökmünde näme bereýin?» diýip sorady. Ol aýal: «Boýnuňdan asylgy möhüriňi gaýşy bilen hem-de eliňdäki hasaňy ber» diýdi. Şeýdip, Ýahuda bulary oňa berip, onuň bilen ýatdy. Şunlukda, ol aýal ondan göwreli boldy.

[19] Aýal öýüne gidip, bürenjegini aýryp, ýene-de dulluk geýimini geýdi.

[20] Ýahuda girewine goýan zatlaryny ol aýaldan almak üçin, adullamly dostundan oňa bir owlak iberdi, ýöne ony tapmady.

[21] «Eýnaýymda, ýoluň ugrunda azgyn aýal otyrdy, şol niredekä?» diýip, ol ýerli adamlardan sorady. Emma oňa: «Bu ýerde hiç haçan azgyn aýal bolmandy» diýip jogap berdiler.

[22] Ol Ýahudanyň ýanyna dolanyp geldi we oňa: «Men ony tapmadym, ýerli adamlar hem: „Bu ýerde hiç haçan azgyn aýal bolmandy“ diýýärler» diýdi.

[23] Ýahuda: «Biziň üstümizden gülmezleri ýaly, goý, ol zatlar şonuňky bolsun. Men owlagy iberdim, ýöne sen ol aýaly tapyp bilmediň» diýdi.

[24] Üç aýa golaý wagt geçenden soň, oňa: «Gelniň Tamar loluçylyga ýüz urup, göwreli bolupdyr» diýip habar berdiler. Ýahuda: «Ony daşary çykaryň-da, ýakyň» diýdi.

[25] Tamary daşary çykaranlarynda, ol gaýynatasyna şu habary ýollap: «Men, ine, şu möhüriň, gaýşyň hem-de hasanyň eýesinden göwreli boldum. Seret-de, bulary tanap, olaryň kimiňkidigini bil!» diýip, girewine alan zatlaryny gaýynatasyna iberdi.

[26] Ýahuda öz zatlaryny tanap, şeýle diýdi: «Ol menden has mamla, sebäbi men ony oglum Şela dakmadym». Şondan soň, Ýahuda hiç haçan Tamar bilen ýatmady.

[27] Aýy-güni dolup, dogurmaly pursady gelende, Tamaryň göwresinde ekiz çaganyň bardygy mälim boldy.

[28] Ol dogranda, ilki bir çaganyň eli çykdy. Göbegene «Şu öň doguldy» diýip, çaganyň goşaryna gyrmyzy sapak daňdy.

[29] Ýöne çaga elini ýene yzyna çekip aldy we onuň inisi ilki doguldy. Göbegene: «Sen nädip zor bilen çykdyň?» diýdi. Şol sebäpden hem onuň adyna Peres dakyldy.

[30] Soňra eli gyrmyzy sapakly çaga doguldy. Onuň adyna Zera goýuldy.

Gelip çykyş — Chapters