[1] Ýusup hyzmatkärleriniň öňünde mundan artyk saklanyp bilmän: «Hemmeleri şu ýerden çykar» diýip gygyrdy. Ýusup öz doganlaryna syryny açanda, onuň ýanynda doganlaryndan başga adam ýokdy.
[2] Ýusup ses edip aglady. Onuň sesi müsürlilere we faraonyň köşgündäkilere eşidildi.
[3] Ýusup doganlaryna: «Men Ýusup, kakam dirimi?» diýdi. Emma onuň doganlary muny eşidende, olaryň Ýusupdan gorkularyndan ýaňa dilleri tutuldy.
[4] Ýusup olara: «Golaýragyma gelseňizläň» diýdi. Olar Ýusubyň golaýyna geldiler. Ol sözüni dowam edip, şeýle diýdi: «Men siziň Müsüre satan doganyňyz Ýusupdyryn.
[5] Siz meni bu ýere satandygyňyz üçin gam çekip, puşman etmäň, çünki Hudaý adamlaryň janyny gorap saklamak üçin meni siziň öňüňizden Müsüre iberdi.
[6] Çünki ýer ýüzünde iki ýyldan bäri açlyk dowam edýär. Ýene-de bäş ýyllap ekin-tikin-de, hasyl-da bolmaz.
[7] Ýer ýüzünde siziň nesilleriňizi aman galdyrmak we sizi beýik gutulyş bilen halas etmek üçin Hudaý meni siziň öňüňizden iberdi.
[8] Şoňa görä-de, meni bu ýere siz däl-de, Hudaý iberdi. Hudaý meni faraona ata hökmünde goýup, onuň bütin köşgüniň eýesi etdi. Men tutuş Müsüriň hökümdarydyryn.
[9] Haýal etmän gidiň-de, kakamyň ýanyna baryp, oňa şeýle diýiň: „Ogluň Ýusup şeýle diýýär: ‘Hudaý meni tutuş Müsüriň hökümdary etdi, sen eglenmän meniň ýanyma gel.
[10] Sen Goşen welaýatynda mesgen tutarsyň; sen we seniň çagalaryňdyr agtyklaryň, ownukly-irili mallaryň, mahlasy, özüňde bar bolan ähli zatlaryň bilen meniň golaýymda bolarsyň.
[11] Bu açlyk ýene bäş ýyla çekjek. Siziň hiç biriňiz mätäçlik çekmez ýaly, men ol ýerde seni we seniň hojalygyňy hem ähli mallaryňy zerur zatlar bilen üpjün ederin’“.
[12] Meniň hakykatdan-da Ýusupdygymy siziň hemmäňiz we inim Benýamin-de öz gözüňiz bilen görüp dursuňyz.
[13] Siz kakama meniň Müsürdäki şan-şöhratym, bu ýerde gören zatlaryňyzyň ählisi hakynda gürrüň beriň we ony tizräk şu ýere alyp geliň».
[14] Soňra ol öz inisi Benýamini gujaklap aglady. Benýamin hem ony gujaklap aglady.
[15] Ýusup aglap, ähli doganlaryny gujaklap ogşady. Diňe şondan soň doganlary onuň bilen gepleşmäge başladylar.
[16] Ýusubyň doganlarynyň gelendigi hakyndaky habar faraonyň köşgüne baryp ýetdi. Muňa patyşa-da, onuň emeldarlary-da begendiler.
[17] Faraon Ýusuba şeýle diýdi: «Doganlaryňa şeýle diý: „Eşekleriňizi ýükläň-de, Kengana dolanyň.
[18] Kakaňyzy hem, maşgalalaryňyzy hem alyp, meniň ýanyma geliň. Men Müsüriň iň saýlantgy ýerini size bererin. Siz mes toprakly ýurduň hasylyndan iýip doýarsyňyz“.
[19] Olara ýene-de şeýle diý: „Çagalaryňyz hem aýallaryňyz üçin Müsürden arabalar alyp, olary kakaňyz bilen bile şu ýere getiriň.
[20] Yzyňyzda galjak goş-golamlaryňyzyň aladasyny etmäň, çünki bütin Müsüriň saýlantgy näz-nygmatlary siziňki bolar“».
[21] Ysraýylyň ogullary aýdylyşy ýaly-da etdiler. Faraonyň tabşyrygy boýunça Ýusup olara arabalar hem ýol azygyny berdi.
[22] Ýusup bularyň Benýaminden başgasynyň hersine bir laý, Benýamine bolsa üç ýüz kümüş teňňe bilen bäş laý geýim-gejim berdi.
[23] Kakasyna on erkek eşegi Müsüriň iň saýlama näz-nygmatlaryndan, on urkaçy eşegi bolsa kakasyna Müsüre gaýdyşyn ýol azygy bolar ýaly galladan, çörekden we azykdan ýükläp iberdi.
[24] Onsoň Ýusup doganlaryny ugradyp, olara: «Ýolda dawalaşaýmaň» diýdi.
[25] Şeýdip, olar Müsürden gaýdyp, Kengana kakalary Ýakubyň ýanyna dolanyp geldiler.
[26] Olar kakalaryna: «Ýusup diri, ol tutuş Müsüriň hökümdary» diýip habar berdiler. Ýakup doňup galdy, çünki ol eşidýän zatlaryna ynanyp bilmedi.
[27] Emma olar Ýusubyň aýdanlarynyň ählisini Ýakuba gürrüň berenlerinden soň we özüni äkitmek üçin Ýusubyň iberen arabalaryny görenden soň, Ýakubyň ýüregi ýerine geldi.
[28] Ysraýyl: «Ýusubym diri, bes! Ölmänkäm gidip, onuň didaryny bir göreýin!» diýdi.