Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 7:11

[1] Rahel Ýakuba çaga dogrup bermändigini görende, ol öz aýal doganyna göriplik etdi. Ol Ýakuba: «Maňa-da çaga ber, ýogsam, men ölerin» diýdi.

[2] Ýakubyň muňa gahary gelip: «Hudaý seni çagadan mahrum edýär. Men Hudaýmy näme?!» diýdi.

[3] Rahel oňa: «Gyrnagym Bilha bilen ýat. Goý, ol maňa senden ogul dogrup bersin. Şeýdip, Bilhanyň üsti bilen men hem çagaly bolaýyn» diýdi.

[4] Ol öz gyrnagy Bilhany Ýakuba aýallyga berdi; Ýakup onuň bilen ýatdy.

[5] Bilha göwreli bolup, Ýakuba bir ogul dogrup berdi.

[6] Onsoň Rahel: «Hudaý meni aklady, Ol, hakykatdanam, meniň dilegimi eşidip, maňa bir ogul berdi» diýip, oglanyň adyna Dan dakdy.

[7] Raheliň gyrnagy Bilha ýene-de göwreli bolup, Ýakuba ikinji ogul dogrup berdi.

[8] Rahel: «Doganym bilen juda çynlakaý göreşdim we ýeňdim» diýip, oglunyň adyna Naftaly dakdy.

[9] Leýa özüniň dogurmakdan galandygyna göz ýetirip, öz gyrnagy Zilpany Ýakuba aýallyga berdi.

[10] Leýanyň gyrnagy Zilpa Ýakuba bir ogul dogrup berdi.

[11] Leýa: «Meniňki şowuna boldy» diýip, oglunyň adyna Gat dakdy.

[12] Leýanyň gyrnagy Zilpa Ýakuba ikinji ogul dogrup berdi.

[13] Leýa: «Men bagtlydyryn! Gyzlar maňa bagtly diýerler» diýip, ikinji oglunyň adyna Aşer dakdy.

[14] Bugdaý oragy döwründe bir gün Ruben ekin meýdanyna gitdi we ol ýerden selmelek köklerini tapdy. Ruben ony ejesi Leýa getirip berdi. Rahel Leýanyň ýanyna gelip, oňa: «Ogluňyň getiren selmelek köklerinden maňa-da ber» diýdi.

[15] Leýa oňa: «Ärimi elimden alanyňy az görüp, indi oglumyň getiren selmelek köklerini-de alsam diýýärmiň?» diýdi. Rahel oňa: «Bolýar, selmelek kökleriniň deregine Ýakup şu gije seniň bilen ýataýsyn» diýdi.

[16] Agşamara Ýakup meýdandan gaýdyp gelýärkä, Leýa onuň öňünden çykyp: «Sen bu gije meniň ýanyma gir. Oglumyň getiren selmelek kökleri bilen seniň şu gijelik kireýiňi töledim» diýdi. Ýakup şol gije Leýa ýanaşdy.

[17] Hudaý Leýanyň dilegini eşitdi. Leýa göwreli bolup, Ýakuba bäşinji ogul dogrup berdi.

[18] Leýa: «Bu – öz gyrnagymy adamyma berenim üçin, Hudaýyň maňa beren muzdudyr» diýip, oglanyň adyna Ysakar dakdy.

[19] Leýa ýene göwreli bolup, Ýakuba altynjy ogul dogrup berdi.

[20] Leýa: «Hudaý maňa ajaýyp sowgat etdi. Indi adamym maňa hormat goýar, çünki men oňa alty ogul dogrup berdim» diýip, altynjy oglunyň adyna Zebulun dakdy.

[21] Ol soňra bir gyz dogurdy we onuň adyna Dina dakdy.

[22] Hudaý Raheli ýatdan çykarmandy. Ol Raheliň dilegini eşidip, onuň ýatgysyny açdy.

[23] Rahel göwreli bolup, bir ogul dogurdy. Ol: «Hudaý meniň aýybymy aýyrdy.

[24] Goý, Reb maňa ýene-de ogul bersin!» diýip, onuň adyna Ýusup dakdy.

[25] Ýusup doglandan soň, Ýakup Labana şeýle diýdi: «Meni goýber, men öz mekanyma, öz ýurduma gideýin.

[26] Meniň saňa nähili hyzmat edendigimi seniň özüň bilýänsiň. Men aýallarymdyr çagalarym üçin zähmet çekdim. Şonuň üçin sen olary maňa ber. Indi men gideýin».

[27] Laban oňa: «Men saňa bir zat aýdaýyn. Men Rebbiň özümi sen sebäpli bereketli edendigini pal üsti bilen bildim.

[28] Saňa näçe tölemelidigini aýt, men tölärin» diýdi.

[29] Şonda Ýakup oňa şeýle diýdi: «Meniň saňa nähili hyzmat edendigimi, dowarlaryňyň meniň döwrümde nähili köpelendigini sen özüň bilýänsiň.

[30] Meniň gelmezimden öň, seniň dowarlaryň sany azdy, olar men gelenimden soň köpeldi. Meniň aýak basan ýerimde, Reb saňa bereket berdi. Indi men öz hojalygym üçin haçan işläýin?»

[31] Laban oňa: «Men saňa näme bereýin?» diýdi. Ýakup: «Maňa hiç zat gerek däl. Eger sen meniň şu maslahatymy alsaň, onda men seniň dowarlaryňy ýene-de bakyp, olara göz-gulak bolaryn.

[32] Şu gün sen ähli sürülere aýlanyp, tegmiltli ýa-da menekli goýunlary, geçileri, gara guzulary sürüden aýyr. Olar meniň hyzmat hakym bolar.

[33] Soň sen şol berenleriňi görmäge geleniňde, meniň dogruçyldygymy görersiň. Eger meniň sürimde tegmiltsiz ýa-da meneksiz geçiler we gara däl goýunlar tapylaýsa, şonda sen olary ogurlyk hasaplap bilersiň».

[34] Laban: «Bolýar, goý, seniň diýşiň ýaly bolsun» diýdi.

[35] Emma şol günüň özünde Laban ala-mula we menekli erkeçleriň, tegmiltli we menekli, şeýle hem ak gatyşygy bolan geçileriň ählisini we gara goýunlaryň baryny sürüden çykaryp, öz ogullarynyň gözegçiligine berdi.

[36] Soňra Laban üç günlük ýola barabarlykda Ýakupdan arany açdy. Ýakup Labanyň beýleki galan sürüsini bakmagyny dowam etdirdi.

[37] Ýakup derek, badam hem-de çynar agaçlarynyň öl çybyklaryny alyp, olaryň gabygyny ýol-ýol aýranda ak zolaklar peýda boldy.

[38] -

[39] Ol zolakly çybyklary dowarlaryň öňünde suw içýän nowalaryna salyp goýdy. Dowarlar nowalardan suw içmäge gelenlerinde, çybyklaryň öňünde goça gelip, bogaz boldular we ala-mula, tegmiltli hem-de menekli owlak-guzulary guzladylar.

[40] Ýakup guzularyny aýry saklap, olary Labanyň ala-mula we gara dowarlarynyň garşysynda bakýardy. Şeýdip, Ýakup özüne süri edindi we ony Labanyň sürüsine goşmady.

[41] Sagdyn dowarlar goça gelenlerinde, çybyklaryň öňünde goça gelerleri ýaly, Ýakup çybyklary hemişe olaryň öňünde nowalarda goýardy.

[42] Hor dowarlar goça gelende bolsa Ýakup olaryň öňünde çybyk goýmaýardy. Şunlukda, sagdyn dowarlar Ýakubyňky, hor dowarlar Labanyňky bolýardy.

[43] Şeýdip, Ýakup juda baýady. Indi onuň süri-süri dowarlary, gul-gyrnaklary, düýeleri hem eşekleri bardy.

Gelip çykyş — Chapters