Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 5:06

[1] Ybraýym ýene-de Ketura atly bir aýala öýlendi.

[2] Ketura Ybraýyma Zimrany, Ýokşany, Medany, Midýany, Ýişbaky we Şuwany dogrup berdi.

[3] Ýokşandan Şeba we Dedan doguldy. Dedandan aşurlar, latuşlar we lagumlar döredi.

[4] Midýanyň ogullary: Eýpa, Eper, Hanok, Abyda we Eldaga. Bularyň hemmesi Keturanyň nesilleridi.

[5] Ybraýym özüniň ähli emlägini Yshaga berdi.

[6] Gyrnak aýallaryndan bolan ogullaryna bolsa Ybraýym özi dirikä sowgatlar berip, olary Yshakdan aýryp, gündogar topragyna iberdi.

[7] Ybraýym ýüz ýetmiş bäş ýyl ömür sürüp, garrap, öz durmuşyndan razy bolup, dünýäden ötdi we ata-babalaryna gowuşdy.

[9] Ogullary Yshak bilen Ysmaýyl Ybraýymy Makpela gowagynda, het Soharyň ogly Epronyň mülkünde, Mamräniň gündogarynda ýerleşýän Ybraýymyň hetlerden satyn alan ýerinde jaýladylar. Şunlukda, Ybraýym bilen onuň aýaly Sara ikisi-de şol ýerde jaýlandy.

[11] Ybraýym ölenden soň Hudaý onuň ogly Yshagy ýalkady. Yshak Beýer-lahaýroýyň golaýynda düşledi.

[12] Ybraýymyň aýaly Saranyň Hajar atly müsürli gyrnagy bardy. Ybraýymyň bu gyrnak aýalyndan bolan ogly Ysmaýylyň nesilleri şulardyr.

[13] -

[15] Uludan kiçä Ysmaýylyň ogullarynyň atlary şunuň ýalydyr: nowbahar ogly Nebaýot, soňra Kedar, Adbeýel, Mibsam, Mişma, Duma, Masa, Hadat, Teýma, Ýetur, Napyş we Kedema.

[16] Şular Ysmaýylyň nesilleriniň obalaryna we düşelgelerine görä atlarydyr. Olar on iki tirebaşydyrlar.

[17] Ysmaýyl ýüz otuz ýedi ýyl ömür sürüp, dünýäden ötdi we ata-babalaryna gowuşdy.

[18] Ysmaýylyň nesilleri Aşur tarapda, Müsüriň golaýynda, Hawyladan Şura çenli bolan aralykda ýaşadylar. Olar Ybraýymyň beýleki nesillerinden aýra ýaşadylar.

[19] Ybraýymyň ogly Yshagyň nesilleri şulardyr.

[20] Yshak Rebeka öýlenende, ol kyrk ýaşyndady. Rebeka Padanaramdaky mesopotamiýaly Betuweliň gyzy, mesopotamiýaly Labanyň aýal doganydy.

[21] Rebekadan perzent önmeýärdi. Yshak aýaly üçin Rebbe dileg etdi. Reb Yshagyň dilegini eşitdi we Rebeka göwreli boldy.

[22] Göwredäki ekiz çaga biri-biri bilen itekleşýärdi. Rebeka: «Näme üçin bu ejir meniň başyma düşdi?» diýip, Rebden sorady.

[23] Reb oňa şeýle jogap berdi: «Göwräňde iki millet bar, senden iki bäsdeş halk dörär. Biri beýlekisinden rüstem çykar, ulusy kiçisine gul bolar».

[24] Wagty dolup, Rebeka ekiz ogul dogurdy.

[25] Olaryň ilkinji doglanynyň ýüzi gyzyl we teni edil possun geýnen ýaly tüýlekdi. Oňa Ysaw diýip at goýdular.

[26] Soňra onuň ökjesinden ýapyşyp, ekiz taýy dünýä indi. Şonuň üçinem onuň adyna Ýakup dakdylar. Çagalar doglanda, Yshak altmyş ýaşyndady.

[27] Oglanlar ulalyp, Ysaw ökde awçy we meýdan adamy, Ýakup bolsa ýuwaş hem öýdeçi adam bolup ýetişdi.

[28] Yshak Ysawy söýýärdi, çünki Yshak onuň getirýän aw etlerini halaýardy. Rebeka bolsa Ýakuby söýýärdi.

[29] Günleriň bir güni Ýakup merjimek çorbasyny bişirip ýörkä, Ysaw gaty ýadaw hem aç halda meýdandan geldi.

[30] Ol Ýakuba: «Gyzyl, şol gyzyl çorbaňdan maňa-da bersene. Men aç öldüm» diýdi. (Şol sebäpden hem oňa Edom diýip at dakdylar.)

[31] Ýakup oňa: «Ilki öz nowbahar ogullyk hakyňy maňa sat» diýdi.

[32] Ysaw: «Men açlygymdan ölüp barýaryn, nowbahar ogullyk haky meniň nämäme derkar» diýdi.

[33] Ýakup oňa: «Onda ant iç» diýdi. Ysaw ant içip, öz nowbahar ogullyk hakyny Ýakuba satdy.

[34] Ýakup Ysawa nan hem gyzyl merjimek çorbasyny berdi. Ysaw iýip-içip bolandan soň, turup gitdi. Ine, şeýdip, Ysaw özüniň nowbahar ogullyk hakyna biperwaý garady.

Gelip çykyş — Chapters