Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 5:49

[1] Kenganda açlyk erbetdi.

[2] Müsürden getirilen galla gutaranda, Ýakup ogullaryna: «Ýene gidiň-de, biraz azyk satyn alyp geliň» diýdi.

[3] Ýahuda oňa şeýle diýdi: «Ol adam bize berk duýduryş berip: „Doganyňyz bilen gelmeseňiz, siz meni görmersiňiz“ diýdi.

[4] Benýamini biziň bilen iberseň, biz gideris hem saňa azyk satyn alyp geleris, ony ibermeseň, gitmeris. Çünki ol adam: „Doganyňyz bilen gelmeseňiz, siz meni görmersiňiz“ diýdi».

[6] Ysraýyl: «Oňa ýene bir doganyňyzyň bardygyny aýdyp, maňa beýle ýamanlyk etmeli däl ekeniňiz-dä!» diýdi.

[7] Olar: «Ol bizden „Kakaňyz dirimi? Başga-da doganyňyz barmy?“ diýip, biz we biziň maşgalamyz hakynda sorag baryny ýagdyrdy. Biz hem onuň soraglaryna jogap bermeli bolduk. Onuň: „Doganyňyzy getiriň“ diýjegini biz nireden bileli ahyryn?» diýdiler.

[8] Ýahuda kakasy Ysraýyla şeýle diýdi: «Sen-de, biz-de, çagalarymyz-da açlykdan ölmän ýaşarymyz ýaly, oglany meniň bilen iber, biz gideli.

[9] Men Benýamine öz janym bilen jogap berjekdigime kepil geçýärin. Ony menden talap et. Eger men oglany saňa yzyna getirip, öňüňde goýmasam, onda, goý, men ömürbaky seniň öňüňde günäkär bolaýyn.

[10] Eger biz haýal-ýagallyga salmadyk bolsak, biz ol ýere eýýäm iki gezek gidip-gelerdik».

[11] Kakalary Ysraýyl olara şeýle diýdi: «Bolýar, gidiň, ýöne ýanyňyz bilen häkim üçin sowgat hökmünde, şu ýurduň iň oňat näz-nygmatlaryndan: biraz melhem, biraz bal, ladan, atyr, pisse hem badam äkidiň.

[12] Iki esse köp pul alyň, çuwalyňyzyň agzynda yzyna gaýtarylan öňki pullaryňyzy bolsa yzyna äkidiň. Belki, bir ýalňyşlyk bolandyr.

[13] Doganyňyzy hem alyň-da, ýene ol adamyň ýanyna dolanyň.

[14] Gudratygüýçli Hudaýyň Özi size ol adamyň öňünde rehim etsin; belki, ol beýleki doganyňyzy-da, Benýamini-de goýberäýedi-dä. Çagasyz galmaly bolsam, goý, galaýyn».

[15] Şeýdip, olar sowgatlary, iki esse pul hem Benýamini alyp, Müsüre gidip, ýene Ýusubyň huzuryna bardylar.

[16] Ýusup olaryň arasynda Benýamini görüp, hojalygynyň baş hyzmatkärine: «Bu adamlary öýe äkit; bir mal soý-da, nahar taýýarla. Olar meniň bilen bile günortanlyk edinerler» diýdi.

[17] Ol hyzmatkär tabşyrylyşy ýaly, doganlary Ýusubyň öýüne alyp bardy.

[18] Doganlar gorkdular, çünki olar Ýusubyň öýüne getirildiler. Olar: «Muny geçen gezekki çuwallarymyzda yzyna gaýtarylan pul sebäpli, darap, bizi tutup gul edip, elimizden eşeklerimizi almak üçin edýändir» diýdiler.

[19] Şeýdip, olar Ýusubyň hyzmatkäriniň ýanyna baryp, öýüň işiginde duran ýerlerinden onuň bilen gepleşdiler.

[20] Olar şeýle diýdiler: «Jenabym, bize gulak as. Biz bu ýere azyk satyn almak üçin öň hem gelipdik.

[21] Emma şeýle bir ýagdaý boldy. Gidişin, düşlän ýerimizde çuwallarymyzyň agzyny açdyk, görsek, getiren pullarymyz şol durşuna çuwallaryň agzynda goýlupdyr. Olary biz ýene-de gaýtaryp getirdik.

[22] Bu gezekki satyn aljak azygymyz üçin bolsa biz goşmaça pul getirdik. Pullary çuwalymyza kimiň salandygyndan biziň habarymyz ýok».

[23] Hyzmatkär olara: «Arkaýyn boluň, gorkmaň. Pullary çuwallaryňyza siziň we ataňyzyň Hudaýy siziň üçin salandyr. Pullaryňyzy men aldym» diýdi. Soňra hyzmatkär Şimgony olaryň ýanyna getirdi.

[24] Hyzmatkär olary Ýusubyň öýüne salyp, olara aýaklaryny ýuwar ýaly suw getirdi we olaryň eşeklerine iým berişdirdi.

[25] Doganlar bolsa günortana, Ýusubyň geler wagtyna çenli öz getiren sowgatlaryny taýýarladylar, çünki olara Ýusup bilen bile naharlanmalydyklary aýdylypdy.

[26] Ýusup öýe gelende, doganlary Ýusuba öz sowgatlaryny berip, oňa tagzym etdiler.

[27] Ýusup olaryň hal-ahwallaryny soraşdyrdy. Soňra ol: «Garry ataňyz sag-gurgunmy? Ol aýatda dirimi?» diýdi.

[28] Olar: «Guluň kakamyz sag-gurgun gezip ýör» diýip, oňa dyza çöküp tagzym etdiler.

[29] Soňra Ýusup olara göz aýlady we öz süýtdeş dogany Benýamini görüp: «Körpämiz diýeniňiz şumy? Hudaý saňa merhemet etsin, oglum!» diýdi.

[30] Soňra Ýusup howlukmaçlyk bilen ol ýerden çykdy, çünki doganynyň didaryny görüp, onuň damagy doldy. Ol öz içki otagyna geçip aglady.

[31] Ýüz-gözüni ýuwup, özüni dürsänden soň bolsa: «Nahar getiriň» diýip buýurdy.

[32] Nahary Ýusuba özbaşyna, doganlara özbaşyna we onuň bilen naharlanýan müsürlilere özbaşyna berdiler, çünki müsürliler ýewreýler bilen bile naharlanmaklygy ýigrenç hasaplaýardylar.

[33] Doganlar ýaş tertibi boýunça uludan-kiçä, Ýusubyň garşysynda oturdyldy. Olar muňa geň galyp, biri-birlerine seredişdiler.

[34] Olara nahar Ýusubyň saçagyndan berildi. Benýaminiň paýy beýlekileriňkiden bäş esse artykdy. Şeýdip, olar Ýusup bilen bile iýip-içip keýp çekdiler.

Gelip çykyş — Chapters