[1] Ybram togsan dokuz ýaşyndaka, Reb oňa görnüp, şeýle diýdi: «Men Gudratygüýçli Hudaýdyryn. Sen Meniň nazarymda gez we takwa bol.
[2] Men seniň bilen äht ederin we saňa juda köp nesil bererin».
[3] Şol wagt Ybram Onuň öňünde ýüzin düşdi. Hudaý oňa şeýle diýdi: «Seniň bilen edýän ähtim, ine, şudur: sen köp milletleriň atasy bolarsyň;
[5] indiden beýläk seniň adyň Ybram däl-de, Ybraýym bolar, çünki Men seni köp milletleriň atasy edýärin.
[6] Men seni juda örňederin. Senden milletler hem şalar dörär.
[7] Men seniň bilen we seniň nesliň bilen nesilden-nesle dowam etjek ebedilik äht baglaşaryn. Men seniň hem-de seniň nesliňiň Hudaýy bolaryn.
[8] Häzirki gelmişek bolup ýaşap ýören ýeriň bolan Kengan ýurduny tutuşlygyna Men saňa hem-de nesliňe ebedilik mülk edip bererin. Men olaryň Hudaýy bolaryn».
[9] Hudaý sözüni dowam edip, Ybraýyma şeýle diýdi: «Sen we seniň nesliň nesilden-nesle Meniň ähtimi berjaý etmelisiňiz.
[10] Siz Meniň sen we seniň geljekki nesliň bilen edýän ähtimiň şertlerini berjaý etmelisiňiz. Araňyzdaky erkekleriňiziň ählisini sünnetlemelisiňiz.
[11] Ujydyňyzyň pürçügini kesdirip, sünnetleniň. Sünnet siz bilen Meniň aramdaky ähtiň nyşany bolar.
[12] Mundan beýläk öz nesliňizden, şeýle hem özüňizden bolman, kesekilerden satyn alan gullaryňyzdan doglan erkek çagalaryň hemmesi sekiz günlükkä sünnetlenmelidir.
[13] Seniň öz hojalygyňda doglan gullaryň-da, satyn alan gullaryň-da sünnetlenmelidir. Şeýle etmek bilen, siziň teniňiz Meniň siz bilen eden ähtimiň bakydygyny görkezer.
[14] Ujydynyň pürçügini kesdirip, sünnetlenmedik erkek ähti bozan adam hökmünde öz halkynyň arasyndan çykarylsyn».
[15] Hudaý Ybraýyma: «Indi aýalyňyň adyny Seraý diýip tutma. Mundan beýläk onuň ady Sara bolar.
[16] Men Sarany ýalkaryn; ondan saňa bir ogul hem bererin. Men Sarany ýalkaryn; ol ençeme milletleriň enesi bolar. Onuň neslinden şalar dörär» diýdi.
[17] Ybraýym Onuň öňünde ýüzin düşdi; soňra ol gülüp, içinden: «Ýüz ýaşyndaky adamdanam, heý, çaga doglarmy?! Togsan ýaşyndaky Sara-da bir çaga dogrup bilermi?!» diýdi.
[18] Soňra Ybraýym ýene Hudaýa: «Ysmaýyly mirasdarym hökmünde kabul etsediň!» diýdi.
[19] Hudaý şeýle diýdi: «Ýok! Hut öz aýalyň Sara saňa bir ogul dogrup berer. Sen onuň adyna Yshak dakarsyň. Men onuň özi we tutuş nesli bilen ebedilik äht baglaşaryn.
[20] Men seniň Ysmaýyl hakda aýdanyňy-da eşitdim. Men Ysmaýyly ýalkap, örňedip, ony juda köpelderin. Ondan on iki sany tirebaşy dörär. Men Ysmaýyldan uly millet dörederin.
[21] Emma Men Öz ähtimi geljek ýylyň hut şu pursadynda Saradan doguljak Yshak bilen baglaşaryn».
[22] Hudaý Ybraýym bilen eden gürrüňini tamamlap ýokary göterildi.
[23] Ybraýym Hudaýyň özüne buýruşy ýaly, hojalygyndaky erkekleriň hemmesini, ogly Ysmaýyly, öz hojalygynda doglan gullary we satyn alan gullaryny hut şol günüň özünde sünnetledi.
[24] Ybraýym togsan dokuz ýaşynda sünnetlendi.
[25] -
[26] Onuň ogly Ysmaýyl on üç ýaşynda sünnetlendi. Ybraýym bilen onuň ogly Ysmaýyl bir günde sünnetlendi.
[27] Ybraýymyň hojalygyndaky erkekleriň ählisi, onuň hojalygynda doglan gullary-da, kesekilerden satyn alan gullary-da onuň bilen bile sünnetlendiler.