[1] Birnäçe wagtdan soň, Müsür patyşasynyň baş sakysy bilen baş nan bişirijisi patyşanyň göwnüne degdiler.
[2] Bu ikisine faraonyň gahary geldi.
[3] Ol bulary janpenalaryň baştutanynyň öýündäki zyndanda, Ýusubyň saklanýan zyndanyna saldy.
[4] Janpenalaryň baştutany Ýusuby olaryň baştutany edip goýdy; Ýusup olara hyzmat etdi. Olar birnäçe wagt zyndanda boldular.
[5] Bir gije Müsür patyşasynyň tussaglykda saklanýan sakysy bilen nan bişirijisi düýş gördüler. Düýşleriň hersiniň özüne mahsus ýorgudy bardy.
[6] Daň bilen Ýusup bu ikisiniň ýanyna geldi; olar birhili ünjülidiler.
[7] Ol bu tussaglardan: «Bu gün näme sebäpden ünjüli görünýärsiňiz?» diýip sorady.
[8] Olar Ýusuba: «Biz düýş gördük, ýöne ony ýorup biljek adam ýok» diýip jogap berdiler. Ýusup olara: «Ýorgut Hudaýdan dälmidir näme?! Hany, düýşüňizi maňa gürrüň beriň» diýdi.
[9] Baş saky düýşüni Ýusuba gürrüň berdi: «Düýşümde üzüm agajyny gördüm.
[10] Üzüm agajynyň üç şahasy barmyş. Ol ösüp, gülleýärmişin-de, onda üzüm salkymlary peýda bolýarmyş.
[11] Faraonyň käsesi hem meniň elimdemiş. Men üzümi faraonyň käsesine sykyp, käsäni oňa uzadýarmyşym».
[12] Ýusup oňa şeýle diýdi: «Düýşüň ýorgudy, ine, şeýle: üç şaha üç gündür.
[13] Üç günden faraon seni zyndandan çykaryp, saňa ýene öňki wezipäňi berer. Sen faraona ýene-de edil öňki sakylyk eden wagtyňdaky ýaly onuň käsesini eline berersiň.
[14] Ýöne günüň gowulaşanda, meni hem ýatla; maňa ýagşylyk edäý. Faraonyň meni-de zyndandan çykarary ýaly, men hakda oňa gürrüň ber.
[15] Çünki men ýewreýleriň ýurdundan ogurlanyp getirildim, hatda şu ýerde-de, Müsürde zyndana taşlanar ýaly, men hiç hili günä etmedim».
[16] Baş nan bişiriji Ýusubyň düýş ýormaga ökdedigini görüp: «Men hem düýş gördüm. Depämde üç sebet çörek barmyş.
[17] Sebetleriň iň üstküsinde faraon üçin undan bişirilen dürli nygmatlar barmyş, olary guşlar iýýärmiş» diýip, Ýusuba düýşüni gürrüň berdi.
[18] Ýusup oňa: «Düýşüň ýorgudy, ine, şeýle: üç sebet üç gündür.
[19] Ýene üç günden faraon seni zyndandan çykaryp, dardan asar; guşlar seniň etiňi iýerler».
[20] Üç günden soň faraon öz doglan güni mynasybetli emeldarlary üçin meýlis gurady we baş saky bilen baş nan bişirijini-de zyndandan çykardyp, öz emeldarlarynyň öňünde duruzdy.
[21] Edil Ýusubyň ýorşy ýaly, faraon baş sakyny ýene öňki wezipesine belledi; ol faraona sakylyk etdi.
[22] Baş nan bişirijini-de Ýusubyň aýdyşy ýaly, patyşa dardan asdyrdy.
[23] Baş saky bolsa Ýusup hakda pikir hem etmedi, ol ony ýadyndan çykardy.