Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 7:54

[1] Yshak garrap, gözden galypdy. Ol öz uly ogly Ysawy ýanyna çagyryp, oňa: «Oglum!» diýdi. Ysaw: «Näme, kaka?» diýdi.

[2] Yshak: «Men indi garradym, haçan öljegim belli däl.

[3] Indi sen aw enjamlaryňy – sagdakdyr ýaýyňy al-da, meýdana gidip, maňa aw awlap getir.

[4] Ondan meniň halaýan tagamly naharymy bişirip ber; iýeýin-de, ölmezimden öň saňa pata bereýin» diýdi.

[5] Yshagyň ogly Ysawa aýdan sözlerini Rebeka diňläp durdy. Ysaw meýdana awa gidende, Rebeka ogly Ýakuba şeýle diýdi: «Kakaň doganyň Ysawa:

[7] „Aw awlap gel-de, ondan meniň halaýan tagamly naharymy bişirip ber; men ondan iýeýin-de, ölmezimden öň Rebbiň huzurynda saňa pata bereýin“ diýenini eşitdim.

[8] Indi maňa gulak as-da, meniň tabşyrygymy ýerine ýetirgin, oglum. Git-de, sürüden iki sany semiz owlak getir, men olardan kakaňyň halaýan tagamly naharyny bişireýin.

[10] Sen ony kakaňa iýmäge eltip berersiň, ol bolsa ölmezinden öň saňa pata berer».

[11] Ýakup ejesine şeýle jogap berdi: «Doganym Ysaw tüýlek adam, meniň derim bolsa tüýsüz.

[12] Eger kakam meni elläp göräýse, onda ol meniň özüni aldaýandygymy biler. Men pata almagyň deregine nälete galaryn».

[13] Ejesi Ýakuba: «Şol nälet, goý, maňa gelsin, oglum. Sen maňa gulak as-da, gidip owlaklary getir» diýdi.

[14] Şeýdip, Ýakup gidip, ejesine iki sany owlak getirip berdi. Ejesi Yshagyň halaýan tagamly naharyny bişirdi.

[15] Soňra Rebeka uly ogly Ysawyň öýdäki gymmatbaha eşiklerini alyp, olary kiçi ogly Ýakuba geýdirdi.

[16] Onuň ellerini we boýnunyň tüýsüz ýerlerini owlak derisi bilen örtdi.

[17] Soňra Rebeka bişiren tagamly naharyny öz bişiren nany bilen bile ogly Ýakubyň eline tutdurdy.

[18] Ýakup kakasynyň ýanyna gelip: «Kaka!» diýdi. Yshak: «Hawa! Sen kim, oglummy?» diýdi.

[19] Ýakup kakasyna: «Men nowbahar ogluň Ysawdyryn. Men seniň aýdyşyň ýaly edendirin. Indi dik otur-da, getiren aw etimden iýip, maňa pata beräý» diýdi.

[20] Yshak oglundan: «Awy nädip beýle çalt tapyp bildiň?» diýip sorady. Ýakup: «Hudaýyň Reb maňa tapmaga kömek etdi» diýip jogap berdi.

[21] Yshak Ýakuba: «Golaýragyma süýş, oglum. Seni elläp göreýin, seniň, hakykatdan-da, oglum Ysawdygyňy ýa-da däldigiňi bir bileýin» diýdi.

[22] Ýakup kakasy Yshagyň alkymyna bardy. Ol ogluny elläp gördi-de: «Ses Ýakubyň sesi, ýöne eller Ysawyň elleri» diýdi.

[23] Ýakubyň elleri edil Ysawyňky ýaly tüýlek bolansoň, Yshak ony tanaman, oňa pata berdi.

[24] Soňra Yshak ondan: «Sen, hakykatdan-da, meniň oglum Ysawmy?» diýip sorady. Ýakup: «Hawa, men şol» diýip jogap berdi.

[25] Yshak oňa: «Oglum, aw etiňi getir, iýeýin-de, saňa pata bereýin» diýdi. Ýakup nahary onuň öňünde goýdy; Yshak iýdi, Ýakup şerap getirdi, Yshak içdi.

[26] Yshak Ýakuba: «Gel, oglum, meni ogşa» diýdi.

[27] Ýakup kakasynyň alkymyna baryp, ony ogşady. Yshak onuň geýimleriniň ysyny aldy we oňa pata berdi: «Ine, oglumyň bu ysy Rebbiň bereket beren meýdanyň ysy ýalydyr.

[28] Hudaý saňa Gögüň çygyndan, mes toprakly ýerden, bol galla hem şerap bersin.

[29] Halklar saňa hyzmat etsinler, il-uluslar saňa boýun egsinler. Baştutan bol sen öz doganlaryňa, doganlaryň saňa boýun egsinler. Seni näletlän, näletlensin, seni ýalkan, ýalkansyn!»

[30] Yshak Ýakuba pata berip, ol kakasynyň ýanyndan çykan dessine, dogany Ysaw awdan gaýdyp geldi.

[31] Ol hem kakasyna tagamly nahar bişirip getirdi-de: «Kaka, dik otur-da, getiren aw etimden iýip, maňa pata ber» diýdi.

[32] Yshak oňa: «Sen kim?» diýdi. Ol: «Men seniň nowbahar ogluň Ysaw» diýip jogap berdi.

[33] Yshak tutuş göwresi bilen saňňyldap: «Onda seniň öň ýanyňdan maňa aw etinden nahar bişirip getiren kimdi? Men naharyň baryny iýip, oňa pata berdim-ä. Ol indi pataly bolar!» diýdi.

[34] Ysaw kakasynyň sözlerini eşidip, dady-perýat etdi. Ol kakasyna: «Eý, kaka, maňa-da pata ber, maňa-da!» diýip zarynlady.

[35] Yshak oňa: «Saňa berilmeli patany doganyň aldy, ol meni aldan eken» diýdi.

[36] Ysaw kakasyna: «Oňa Ýakup ady ýöne ýere dakylmandyr. Ol meni ikinji gezek aldady. Ol başda nowbahar ogullyk hakymy aldy, ine, bu gün bolsa ol maňa berilmeli patany aldy» diýdi. Onsoň Ysaw: «Sen maňa hiç pata saklamadyňmy?» diýip, kakasyna özelendi.

[37] Yshak oňa: «Men ony saňa baştutan etdim, ähli doganlaryňy oňa hyzmatkär edip berdim. Oňa nandyr şerap berdim. Indi men saňa näme bereýin, oglum!» diýdi.

[38] Emma Ysaw kakasyna: «Kaka, sende bary-ýogy ýeke pata barmydy näme, maňa-da pata ber-dä!» diýip, içigip-içigip aglady.

[39] Kakasy Yshak oňa şeýle jogap berdi: «Seret, seniň mesgen tutjak ýeriňde gökden çyg düşmez, ol mes toprakly ýerden uzak bolar.

[40] Gylyjyňa daýanyp ýaşarsyň, doganyňa hyzmat edersiň. Wagt geler, garşylyk görkezersiň. Onuň zulumyndan dynarsyň».

[41] Kakasyndan alan patasy üçin Ysaw Ýakuby ýigrenýärdi. Ol öz ýanyndan: «Kakamyň ölüm pursady golaýlap gelýär. Kakamyň ýas günleri geçenden soň, men Ýakuby öldürerin» diýip oýlanýardy.

[42] Uly ogly Ysawyň sözleri Rebeka baryp ýetdi. Onsoň Rebeka kiçi ogly Ýakuby çagyrtdy-da, oňa şeýle diýdi: «Doganyň Ysaw senden ar almak üçin seni öldürmegiň küýüne düşüp ýör.

[43] Indi maňa gulak as, oglum! Eglenme-de, Harana, meniň erkek doganym Labanyň ýanyna gaç!

[44] -

[45] Doganyň gahary ýatyşýança, eden işiň onuň ýadyndan çykyşýança, birsellem şol ýerde ýaşa. Soň men adam iberip, seni ol ýerden özüm aldyraryn. Bir günüň içinde ikiňizden hem mahrum bolasym gelenok».

[46] Soňra Rebeka Yshagyň ýanyna gelip, oňa: «Men Ysawyň het aýallaryndan halys irdim. Eger Ýakup şu het gyzlaryndan birine öýlenäýse, onda men nädip ýaşaryn?!» diýdi.

Gelip çykyş — Chapters