Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 3:37

[1] Reb Ybrama şeýle diýdi: «Öz ýurduňy, kowumdaşlaryňy we ataňyň hojalygyny taşla-da, Meniň saňa görkezjek ülkäme git.

[2] Senden beýik millet ýaradyp, Men seni ýalkaryn, adyňy arşa götererin, başgalar sen arkaly ýalkanarlar biri-birlerine pata bererler.

[3] Seni ýalkany ýalkaryn, seni näletläni-de näletlärin; Ýer ýüzündäki ähli milletler sen arkaly pata alarlar».

[4] Ybram Rebbiň aýdyşy ýaly ýola düşdi. Lut hem onuň bilen bile gitdi. Harandan çykyp gaýdanda, Ybram ýetmiş bäş ýaşyndady.

[5] Ol aýaly Seraýy, doganynyň ogly Luty hem-de Harandaky ähli mal-mülküni we gullaryny alyp, Kengan ýurduna tarap ýola düşdi. Olar Kengana geldiler.

[6] Ybram Kenganyň içi bilen Şekemiň golaýyndaky Moredäki dub agajyna çenli gitdi. Ol döwürlerde kenganlar şol ýerde ýaşaýardylar.

[7] Reb Ybrama görnüp: «Men şu ýurdy seniň nesliňe berjek» diýdi. Ybram ol ýerde özüne görnen Rebbe gurbanlyk sypasyny ýasady.

[8] Soňra ol ýerden Beýteliň gündogaryndaky daglyga tarap gitdi. Ol günbatardaky Beýtel we gündogardaky Aý galalarynyň arasynda öz çadyryny dikdi. Ybram ol ýerde Rebbe gurbanlyk sypasyny ýasap, Rebbe ybadat etdi.

[9] Soňra ol bir ýerden başga ýere göçüp-gonup, günorta tarap ýoluny dowam etdirdi.

[10] Kenganda gazaply açlyk başlandy. Şoňa görä, açlyk gutarýança, Ybram wagtlaýyn Müsüre gitdi.

[11] Olar Müsüre golaýlanlarynda, Ybram aýaly Seraýa: «Men seniň juda owadan aýaldygyňy bilýärin.

[12] Müsürliler seni görüp: „Bu onuň aýaly“ diýerler; onsoň olar meni öldürerler, seni bolsa diri galdyrarlar.

[13] Olaryň sen üçin maňa ýagşylyk ederleri we seniň üstüň bilen meniň janymyň halas bolary ýaly, sen olara: „Men onuň aýal dogany“ diý» diýdi.

[14] Ybram Müsüre gelende, müsürliler Seraýyň juda owadandygyny gördüler.

[15] Seraýy gören faraonyň köşk emeldarlary faraona Seraýyň gözelligini tarypladylar. Hatyn köşge äkidildi.

[16] Seraýyň hatyrasyna faraon Ybrama ýagşylyk etdi. Ol Ybrama dowarlar, öküzler, eşekler, gul-gyrnaklar we düýeler berdi.

[17] Reb Ybramyň aýaly Seraý sebäpli faraon we onuň köşgündäki adamlara elhenç keseller bilen ejir çekdirdi.

[18] Şonda faraon Ybramy ýanyna çagyryp: «Meni nä günlere saldyň?! Seraýyň öz aýalyňdygyny näme üçin maňa aýtmadyň?

[19] Näme üçin sen „Ol meniň aýal doganym“ diýdiň? Men Seraýy özüme aýallyga aldym-a! Ine, seniň aýalyň, ony al-da, gümüňi çek!» diýdi.

[20] Faraon Ybram barada öz adamlaryna buýruk berdi. Olar Ybramy aýalydyr bar emlägi bilen Müsürden öz ýoluna ugratdylar.

Gelip çykyş — Chapters