Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 6:48

[1] Bir gün Günüň jokrama yssy wagtynda Ybraýym Mamräniň dub tokaýjygynyň ýanyndaky çadyrynyň agzynda otyrka, oňa Reb göründi.

[2] Ybraýym töweregine seredip, aňyrrakda üç kişiniň durandygyny gördi. Ybraýym olary gören badyna, garşylamak üçin çadyrynyň agzyndan olara tarap ylgady. Ol iki bükülip, olara tagzym etdi.

[3] Ybraýym şeýle diýdi: «Eý, jenabym, eger men siziň göwnüňizden turan bolsam, onda öz guluňyzyň duşundan sowlup geçmäň.

[4] Men size aýagyňyzy ýuwar ýaly suw getirdeýin. Şu agajyň aşagynda dem-dynjyňyzy alaýyň.

[5] Size güýç-kuwwat berer ýaly bir bölek nan getireýin, çünki ýoluňyz bendäňiziň üstünden düşdi ahyryn! Soňra ýoluňyzy dowam etdirersiňiz». Olar: «Aýdyşyň ýaly edäý» diýdiler.

[6] Ybraýym howlukmaç çadyra, Saranyň ýanyna geldi-de, oňa: «Derrew üç kersen oňat undan hamyr ýugur-da, nan ýap» diýdi.

[7] Soňra Ybraýym mallaryna tarap ylgady-da, sürüden ýaş hem semiz bir göläni saýlap, ony hyzmatkär ýigide berdi. Onsoň hyzmatkär dessine nahar taýýarlamaga girişdi.

[8] Ybraýym gatyk, süýt hem bişirilen göläniň etini getirip, adamlaryň öňünde goýdy. Myhmanlar naharlandylar. Ybraýymyň özi bolsa olaryň ýanynda agajyň aşagynda durdy.

[9] Adamlar Ybraýymdan: «Aýalyň Sara nirede?» diýip soradylar. Ybraýym: «Sara ol taýda, çadyrda» diýip jogap berdi.

[10] Olaryň biri: «Indiki ýyl şu wagtlar men seniň ýanyňa ýene dolanyp gelerin we oňa çenli aýalyň Saradan bir ogul bolar» diýdi. Sara onuň arkasyndaky çadyryň agzynda bularyň gürrüňini diňläp durdy.

[11] Ybraýym bilen Saranyň ikisiniň-de ýaşlary birçene barypdy; olar örän garrapdylar. Sarada aýbaşy gelmesi kesilipdi.

[12] Şoňa görä Sara içinden gülüp: «Men-de, adamym-da garry; şu ýaşdan soň men beýle şatlyga eýe bolup bilerinmi?!» diýdi.

[13] Şonda Reb Ybraýymdan: «Näme üçin Sara „Şu ýaşdan soň men, heý, çaga dogrup bilerinmi?!“ diýip güldi?» diýip sorady.

[14] «Rebbiň başarmajak zady barmy?! Bellenen wagtda, indiki ýyl şu wagtlar ýanyňa dolanyp gelenimde, Saranyň bir ogly bolar» diýdi.

[15] «Men gülmedim» diýip, Sara gorkusyna boýun almady. Reb: «Ýok, sen güldüň» diýdi.

[16] Adamlar turup, Sodoma tarap ýola düşdüler. Ybraýym hem olary ugratmak üçin olar bilen bile gitdi.

[17] Reb şeýle diýdi: «Etjek bolýan işimi Ybraýymdan gizläýinmi?!

[18] Ybraýymdan beýik hem güýçli bir millet dörär. Ýer ýüzüniň ähli milletleri Ybraýymdan pata alarlar.

[19] Dogruçyllyk hem adalatlylyk bilen Rebbiň ýolundan ýöremekligi ogullaryna we nesillerine tabşyrsyn diýip, Men Ybraýymy saýladym. Eger olar Meniň aýdanlarymy berjaý etseler, onda Men Ybraýyma beren wadalarymyň hemmesini ýerine ýetirerin».

[20] Soňra Reb Ybraýyma: «Halkyň Sodom bilen Gomoranyň garşysyna edýän ahy-nalasyny eşitdim; olaryň günäleri juda agyrdyr.

[21] Men aşak düşüp göreýin. Olaryň etmişi, hakykatdan-da, Maňa ýetişi ýaly erbetmikä? Men anyklaýyn» diýdi.

[22] Şeýdip, adamlar ol ýerden gaýdyp, Sodoma tarap ýola düşdüler. Ybraýym bolsa Rebbiň huzurynda durdy.

[23] Ol Rebbe golaýlaşyp, Oňa şeýle diýdi: «Sen beýtseň, günäliniň oduna bigünä-de ýanmazmy?!

[24] Aýdaly, galada elli sany bigünä bar. Şol elli sany bigünä adamyň haky üçin oňa haýpyň gelmezmi? Sen şonda-da galany weýran edermiň?

[25] Günäli bilen bigünäniň arasyna parh goýman, bigünäni günäliler bilen bile öldürmäweri! Beýle iş etmeklik Senden daşda bolsun! Bütin Ýer ýüzüniň Kazysy – Sen adalatly hereket etmeli ahyryn!»

[26] Reb: «Eger-de Sodom galasyndan elli sany bigünä adam tapsam, onda Men olaryň hatyrasyna tutuş galany diri galdyraryn» diýdi.

[27] Ybraýym oňa şeýle ýüzlendi: «Seniň öňüňde tozdur kül kimin bolsam-da, men Sen Taňrym bilen gepleşmäge ýürek edýän.

[28] Eger galadaky bigünäleriň sany kyrk bäş bolaýsa, şonda nädersiň? Bäş adamyň kemterlik edýändigi üçin Sen tutuş galany weýran edermiň?» Ol Ybraýyma: «Eger-de Men ol ýerden kyrk bäş sany bigünäni tapsam, onda ony weýran etmerin» diýip jogap berdi.

[29] Ybraýym Ondan ýene-de: «Aýdaly, galadan diňe kyrk sanysy tapylýar, onda näme?» Ol: «Eger Men ol ýerden kyrk sany bigünä tapsam, onda ony weýran etmerin» diýdi.

[30] Onsoň Ybraýym Taňra ýüzlenip: «Eý, Taňrym, geplesem maňa gaharyň gelmesin. Aýdaly, galadan otuz sanysy tapylýar, onda näme?» diýdi. Reb: «Eger ol ýerden otuz sany bigünä tapsam, onda Men ony weýran etmerin» diýdi.

[31] Ybraýym ýene-de ýüzlenip: «Men Sen Taňrym bilen gepleşmäge ýürek edýän. Aýdaly, galada ýigrimi sany bigünä bar» diýdi. Taňry: «Ýigrimi sany bigünäniň hatyrasy üçin Men galany weýran etmerin» diýdi.

[32] Ybraýym: «Eý, Taňrym, maňa gaharyň gelmesin! Men iň soňky gezek Saňa ýüz tutýaryn. Aýdaly, galada bary-ýogy on sany bigünä bar» diýdi. Taňry: «On bigünäniň hatyrasy üçin Men ony weýran etmerin» diýip jogap berdi.

[33] Reb Ybraýym bilen gürrüňini tamamlandan soň, onuň ýanyndan gitdi. Ybraýym bolsa öýüne dolanyp geldi.

Gelip çykyş — Chapters