[1] Sara ýüz ýigrimi ýedi ýaşady; şu onuň ömür süren ýyllarydy.
[2] Sara Kengan ýurdundaky Kirýatarbada, ýagny Hebronda dünýäden ötdi. Ybraýym Sara üçin matam tutup, ýas baglamaga geldi.
[3] Ol Saranyň jesediniň ýanyndan turdy we hetleriň ýanyna baryp, olara:
[4] «Men siziň araňyzda ýaşaýan bir gelmişekdirin. Maňa öz araňyzdan aýalymy jaýlar ýaly ýer beriň» diýdi.
[5] Hetler Ybraýyma: «Bizi diňle agam, biz saňa Hudaýyň hormatlaýan adamy hökmünde garaýarys. Sen aýalyňy biziň iň gowy gonamçylygymyzda jaýla. Biziň hiç birimiz öz gonamçylygymyzy senden gaýgyrmarys we merhumyňy jaýlamakdan saklamarys» diýdiler.
[7] Ybraýym ýerinden turup, ol ýurduň halky bolan hetlere tagzym etdi.
[8] Ol olara ýüzlenip, şeýle diýdi: «Eger-de meniň merhumymy öz araňyzda jaýlamagyma razy bolsaňyz, onda Soharyň ogly Epronyň mülküniň çetindäki Makpela gowagyny maňa mülk hökmünde doly bahasyndan satmagyny haýyş edip beriň» diýdi.
[10] Şol wagt hetleriň arasynda Epron hem otyrdy. Epron hetlere, gala derwezesindäkileriň hemmesine eşitdirip, gaty ses bilen:
[11] «Ýok, jenabym, maňa gulak as. Men şol mülk ýeri öz kowumdaşlarymyň öňünde gowagy bilen bile saňa mugt berýärin. Arkaýyn merhumyňy jaýlaber» diýdi.
[12] -
[13] Ybraýym hetleriň öňünde tagzym etdi we ol halaýyk eşider ýaly edip, Eprona: «Onda diňle, men şol mülk ýeriň hakyny saňa tölärin, sen ony al-da, maňa ol ýerde merhumymy jaýlamaga ygtyýar et» diýdi.
[14] -
[15] Epron Ybraýyma: «Jenabym, maňa gulak as. Mülk ýeriň bahasy dört ýüz kümüş teňňedir. Ikimiziň aramyzda bu bir uly zat däl-le. Git-de, merhumyňy jaýlaber» diýdi.
[16] Ybraýym Epron bilen ylalaşdy we Epronyň hetlere eşitdirip aýdan mukdarynda, söwdagärleriň arasyndaky ölçege görä ölçäp, oňa kümüş berdi.
[17] -
[18] Şunlukda, Epronyň Mamräniň gündogarynda ýerleşýän Makpeladaky mülki gowagydyr ähli baglary bilen bile Ybraýymyň eýeçiligine geçdi. Hetler-de, gala derwezesinde oturan ýaşulular-da muny ykrar etdiler.
[19] Şondan soň Ybraýym öz aýaly Sarany Mamräniň, ýagny Hebronyň gündogarynda ýerleşen Makpeladaky mülkündäki gowakda, Kengan ýurdunda jaýlady.
[20] Şeýlelikde, hetleriň şol mülki ondaky gowak bilen bile Ybraýyma gonamçylyk üçin berildi.