[1] Ýusup baş hyzmatkärine şeýle buýruk berdi: «Bu doganlaryň çuwallaryny olaryň göterip biljek azyklaryndan doldurarsyň; getiren pullaryny-da olaryň çuwallarynyň agzynda goýarsyň.
[2] Körpeleriniň çuwalyna bolsa onuň galla tölemek üçin getiren puly bilen meniň kümüş käsämi salarsyň». Baş hyzmatkär Ýusubyň buýrugyny ýerine ýetirdi.
[3] Bular daňdan eşekleri bilen ol ýerden ugradyldy.
[4] Olar heniz galadan uzaklaşmankalar, Ýusup baş hyzmatkärine: «Bar, yzlaryndan ýet-de, olara: „Ýagşylyga ýamanlyk bilen jogap bermäňiz näme?
[5] Bu meniň jenabymyň içýän, seredip, geljegi bilýän käsesi ahyryn. Siz pis iş etdiňiz“ diý» diýip buýurdy.
[6] Baş hyzmatkär doganlaryň yzyndan ýetip, olara Ýusubyň sözlerini gaýtalady.
[7] Olar şeýle diýdiler: «Näme sebäpden biziň jenabymyz beýle diýýärkä? Beýle iş etmändigimize biz ant içýäris.
[8] Biz öz çuwallarymyzdan çykan pullary-da Kengandan yzyna getirdik. Onsoň biz seniň jenabyňyň öýünden altyn-kümşi näme üçin ogurlaly?!
[9] Eger käse gullaryňyň birinden çykaýsa, goý, şol adam öldürilsin. Galanlarymyz bolsa jenaba gul bolarys».
[10] Baş hyzmatkär: «Goý, siziň diýşiňiz ýaly bolsun, ýöne käse kimden çyksa, diňe şol maňa gul bolar, beýlekileriňiz bolsa boşadylarsyňyz» diýdi.
[11] Olar dessine çuwallaryny ýere düşürip, olaryň agzyny açdylar.
[12] Baş hyzmatkär ýaş tertibi boýunça uludan-kiçä hemmesiniň çuwalyny barlady. Käse Benýaminiň çuwalyndan çykdy.
[13] Muňa olar dady-perýat etdiler. Soňra olaryň hersi goşlaryny eşeklerine ýükläp, yzlaryna gala dolandylar.
[14] Ýusup heniz öýdedi. Ýahuda hem onuň doganlary Ýusubyň ýanyna gelip, onuň öňünde ýere ýüzin düşüp tagzym etdiler.
[15] Ýusup olara: «Bu näme etdigiňiz boldy?! Meniň ýaly adamyň geljegi bilip, kimiň günäkärdigini biljekdigi hakynda pikir etmediňizmi?» diýdi.
[16] Ýahuda oňa şeýle jogap berdi: «Näme diýip, näme aýtjagymyzy, özümizi nädip aklajagymyzy bilýän däldiris, jenabym! Gullaryňyň günäkärdigini Hudaý aýan etdi. Indi biziň barymyz özünden käse çykan-da, beýlekilerimiz-de siziň guluňyzdyrys».
[17] Emma Ýusup olara şeýle diýdi: «Ýok, beýle iş etmekden Hudaýyň Özi saklasyn. Käse kimden çykan bolsa diňe şol maňa gul bolar, galanlaryňyz bolsa sag-salamat kakaňyzyň ýanyna dolanarsyňyz».
[18] Şu sözlerden soň Ýahuda Ýusubyň golaýyna baryp: «Jenabym, öz guluňa iki agyz söz aýtmaga rugsat et. Maňa gaharlanmaň; siz faraon kiminsiňiz.
[19] Jenabym gullaryňyzdan: „Kakaňyz ýa-da doganyňyz barmy?“ diýip soradyňyz.
[20] Biz saňa garry kakamyzyň bardygyny, onuň garrandan soň bolan bir körpe oglunyň bardygyny, ol oglanyň bolsa süýtdeş doganynyň ölüp, enesiniň çagalaryndan diňe ýeke özüniň galandygyny, ony kakasynyň juda söýýändigini aýdypdyk.
[21] Siz bolsa öz gullaryňyza: „Ony getiriň, men bir göreýin“ diýdiňiz.
[22] Biz: „Oglan kakasyndan aýrylyp bilmez, eger ol aýrylaýsa, onuň kakasy jan berer“ diýdik.
[23] Ýöne siz: „Körpe doganyňyz bilen gelmeseňiz, siz meni asla görmersiňiz“ diýdiňiz.
[24] Guluň kakamyza seniň diýenleriňi gürrüň berdik.
[25] Onsoň kakam bize: „Ýene-de gidiň-de, biraz azyk satyn alyp geliň“ diýdi.
[26] Biz oňa: „Körpämizi biziň bilen iberseň, biz gideris, ýogsa gitmeris, çünki biz körpämiz bilen bile barmasak, häkimi görüp bilmeris“ diýdik.
[27] Şonda guluň kakamyz bize: „Aýalymyň maňa iki ogul dogrup berendiginden siziň habaryňyz bardyr.
[28] Birinden aýra düşdüm. ‘Ol parçalanypdyr’ diýdim. Şondan soň men ony asla görmedim.
[29] Indi muny-da alyp gitseňiz, olam ýolda bir betbagtçylyga uçraýsa, siz meni garrylyk çagymda ölüler dünýäsine hasrat bilen iberersiňiz“ diýdi.
[30] Şu sözlerden soň oglany goýup, guluň kakamyzyň ýanyna biz nädip baraly?! Onuň jany oglunda ahyryn.
[31] Oglunyň ýanymyzda ýokdugyny görse, ol jan berer. Şeýdip, biz garry atamyzy ölüler dünýäsine hasrat bilen ibereris.
[32] Üstesine-de, men guluň: „Eger men oglany saňa gaýtaryp getirmesem, onda, goý, men ömürbaky seniň öňüňde günäkär bolaýyn“ diýip, oglana öz janym bilen jogap berjekdigime kepil geçdim.
[33] Şoňa görä, oglana derek jenaba men gul bolaýyn, ol bolsa, goý, doganlary bilen bile yzyna dolansyn.
[34] Çünki men oglany bu ýerde taşlap baryp, kakamyň ýüzüne nähili seredeýin. Men kakamyň çekjek hasratyny görmekden gorkýaryn».