[1] Eý, ysraýyl halky, gulak sal: indi siz Iordan derýasyndan geçip, özüňizden beýik we güýçli halklaryň ýerlerini mülk edip alarsyňyz. Olaryň galalary göge ýetip duran beýik we berk diwarly galalardyr.
[2] Bilşiňiz ýaly, bu güýçli we uzyn boýly halk Anagyň nesilleridir. Siz olar hakda: „Anaklaryň garşysyna kim çykyp biler?“ diýlenini eşidensiňiz.
[3] Bu gün muny bilip goýuň: ýakyp ýok edýän ot kimin Hudaýyňyz Rebbiň Özi siziň öňüňizden geçer. Rebbiň Özi olary gyryp, size boýun egdirer. Şonda Rebbiň söz berşi ýaly, siz olary kowup çykaryp, derrew ýok edersiňiz.
[4] Hudaýyňyz Reb olary siziň öňüňizden kowup çykaranda, siz öz-özüňize: „Reb dogruçyllygym sebäpli, meni bu ýurda mülk edinmek üçin getirdi“ diýmäň. Bu halklaryň erbetligi sebäpli, Reb olary siziň öňüňizden kowup çykarýar.
[5] Olaryň ýurduny eýelemegiňiz, siziň dogruçyldygyňyz ýa-da päk ýüreklidigiňiz üçin däldir. Bu halklaryň erbetdigi sebäpli, Hudaýyňyz Reb olary siziň öňüňizden kowup çykarýar. Şeýle hem, Reb muny ata-babalaryňyz Ybraýyma, Yshaga, Ýakuba wadasyny ýerine ýetirmek üçin edýär.
[6] Bilip goýuň: Hudaýyňyz Reb bu gowy ýurdy size dogruçyllygyňyz üçin berýän däldir, çünki siz boýnuýogyn halksyňyz.
[7] Hudaýyňyz Rebbiň çölde nähili gaharyny getirendigiňizi ýadyňyza salyň we ony unutmaň. Müsür ýurdundan çykan günüňizden, tä bu ýere gelen günüňize çenli siz Rebbe garşy baş göterdiňiz.
[8] Siz hatda Horepde Rebbiň gaharyny getirdiňiz. Rebbiň size şeýle bir gahary geldi, hatda Ol sizi ýok edip taşlamaga-da taýýardy.
[9] Men iki ýasy daş bölegini almaga, ýagny Rebbiň siz bilen eden äht daşlaryny almaga daga çykanymda, men kyrk gije-gündizläp dagda boldum. Ol ýerde men ne çörek iýdim, ne-de suw içdim.
[10] Reb maňa Öz eli bilen ýazylan iki sany ýasy daş bölegini berdi. Dagda üýşen günüňiz Rebbiň oduň içinden aýdan ähli sözleri şol daşlaryň ýüzüne ýazylandy.
[11] Kyrk gije-gündiz diýlende, Reb maňa iki ýasy daşy – äht daşlaryny berdi.
[12] Soňra Reb maňa: „Bar, bu ýerden çalt aşak düş, çünki seniň Müsürden çykaryp getiren bu halkyň azgynçylyga baş urdy. Olar Meniň buýran ýolumdan gaty çalt çykdylar. Olar özlerine but ýasadylar“ diýdi.
[13] Reb ýene-de maňa: „Men bu halkyň boýnuýogyndygyny gördüm.
[14] Indi Meni olary ýok etmekden saklama, çünki Men olary ýok edip, olaryň adyny asmanyň astyndan öçürip taşlaýyn-da, senden olara görä has güýçli we has köp sanly halk döredeýin“ diýdi.
[15] Şeýlelikde, men dagdan düşüp, yzyma gaýtdym. Dag alawlap ýanýardy. Iki sany ýasy äht daş bölekleri hem elimdedi.
[16] Soňra men siziň özüňize göläniň şekilinde but ýasap, dogrudan hem Hudaýyňyz Rebbe garşy günä edendigiňizi gördüm. Siz Rebbiň buýran ýolundan gaty çalt çykdyňyz.
[17] Şonda men elimde saklap duran iki ýasy daş bölegini zyňyp goýberdim, olar siziň gözüňiziň alnynda çym-pytrak boldy.
[18] Soňra men öňki ýaly ýüzin düşüp, kyrk gije-gündizläp Rebbiň huzurynda boldum. Ne çörek iýdim, ne-de suw içdim. Rebbiň nazarynda pis işleri edip, Onuň gaharyny getirmek bilen eden ähli günäleriňiz üçin men şeýle etdim.
[19] Çünki Reb gazap atyna atlanyp, sizi ýok eder öýdüp gorkdum. Emma Reb ol gezegem meni diňledi.
[20] Rebbiň Haruna hem gaty gahary gelipdi. Ol ony-da ýok etmäge taýýardy. Emma men şol wagtyň özünde Harun üçin hem towakga etdim.
[21] Soňra men ýasan günäli butuňyz bolan göläni alyp, ony otda eretdim. Ony ýenjip, kül ýaly owratdym-da, dagdan akýan çeşmä sepip goýberdim.
[22] Tabgerada-da, Masada-da, Kibrothatawada-da Rebbiň gaharyny getirdiňiz.
[23] Reb size: „Baryň, Meniň size berýän ýurdumy eýeläň“ diýip, Kadeşbarneýadan sizi iberende, siz Hudaýyňyz Rebbiň buýrugyna garşy baş göterdiňiz, Oňa ne ynandyňyz, ne-de gulak asdyňyz.
[24] Meniň sizi tanan günümden bäri, siz Rebbe garşy çykyp gelýärsiňiz.
[25] Reb sizi ýok etmegi ýüregine düwende, men kyrk gije-gündizläp Onuň öňünde ýüzin düşüp ýatdym.
[26] Men Rebbe ýüzlenip, şeýle dileg etdim: „Eý, Hökmürowan Reb, Öz saýlan aýratyn halkyňy ýok etme. Sen olary Öz beýikligiň bilen gulçulykdan azat edip, gudratly goluň bilen Müsürden çykaryp getirdiň.
[27] Öz gullaryň Ybraýymy, Yshagy we Ýakuby ýadyňa sal. Bu halkyň boýnuýogyndygyna, erbetligine we günäsine üns berme.
[28] Ýogsam, Seniň bizi alyp çykan ýurduňdaky adamlar bize: ‘Reb olary söz beren ýerine getirip bilmedi. Reb olary ýigrenýändigi sebäpli, çölde öldürmek üçin Müsürden çykaryp getiripdir’ diýerler.
[29] Emma bu Seniň beýik gudratyň we güýjüň bilen Müsürden çykaryp getiren Öz saýlan aýratyn halkyň ahyryn“.