Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 5:32

[1] «Hudaýyňyz Reb sizi mülk edinjek ýeriňize getirende, Ol sizden has güýçli we köp sanly halklary öňüňizden kowup çykarar. Olar hetler, girgaşlar, amorlar, kenganlar, perizler, hiwiler hem-de ýabuslar jemi ýedi milletdir.

[2] Hudaýyňyz Reb olary siziň eliňize berende, siz olary dargadyp, bütinleý ýok edip taşlamalysyňyz. Olar bilen äht baglaşmaň we olara rehimdarlyk etmäň.

[3] Olar bilen garyndaşlyk açmaň. Olar bilen gyz alşyp-berişmäň.

[4] Çünki olar çagalaryňyzy başga hudaýlara gulluk etdirdip, Rebbiň yzyna eýermekden ýüz öwürderler. Şonda Rebbiň gahary size garşy tutaşyp, Ol sizi derrew ýok edip taşlar.

[5] Emma siz olar bilen şeýle ediň: olaryň gurbanlyk sypalaryny ýumrup taşlaň, dikme daşlaryny döwüp, Aşera butlaryny ýykyň we beýleki butlaryny hem oda ýakyň.

[6] Çünki siz Hudaýyňyz Reb üçin mukaddes halksyňyz. Hudaýyňyz Reb Özüniň gymmatly halky bolmagyňyz üçin ýer ýüzündäki ähli halklaryň arasyndan sizi saýlady.

[7] Rebbiň sizi ýürekden söýmeginiň we saýlamagynyň sebäbi, bu siziň beýleki halklardan san taýdan köp bolmagyňyz däldir, siz ähli halklaryň arasynda san taýdan iň azysyňyz.

[8] Munuň sebäbi Reb sizi söýdi we ata-babalaryňyza eden wadasynda durdy. Reb sizi Müsürden gudratly goly bilen çykaryp, onuň patyşasy faraonyň elinden – gulçulykdan azat etdi.

[9] Şonuň üçin hem Hudaýyňyz Rebbiň hakyky Hudaýdygyny bilip goýuň. Ol ynamdar Hudaýdyr. Ol Özüni söýenleriň we buýruklaryny ýerine ýetirenleriň müňlerçe nesline sadyk söýgüsini we ähtini saklaýar.

[10] Emma Ol Özüni ýigrenýänleriň ýigrençlerini öz başlaryndan inderip, olary şobada ýok edýär.

[11] Şonuň üçin hem meniň bu günki size ähli tabşyryklarymy, parzlarymdyr düzgünlerimi yhlas bilen ýerine ýetiriň».

[12] «Şu hökümlere gulak goýup, olary yhlas bilen ýerine ýetirseňiz, Hudaýyňyz Reb ata-babalaryňyza wada eden ähtine sadyk galar.

[13] Reb sizi söýer, ýalkar we köpelder. Ol ata-babalaryňyza wada eden ýurdunda siziň örňäp ösmegiňize, ýeriňizden alynýan önüme, dänäňize, şerabyňyza we ýagyňyza, şeýle hem, mal-garalaryňyzyň köpelmegine, sürüleriňiziň sanynyň artmagyna bereket berer.

[14] Halklaryň içinde iň ýalkanany siz bolarsyňyz. Siziň araňyzda nesilsiz erkek ýa-da önelgesiz aýal, gysyr mal bolmaz.

[15] Reb sizi her hili kesellerden gorar. Müsürde gören ähli aýylganç keselleriňiz size ýokuşmaz. Olary sizi ýigrenýänlere ýokuşdyrar.

[16] Hudaýyňyz Rebbiň eliňize berjek ähli halklaryny ýok edip taşlaň, olara rehim etmäň, olaryň hudaýlaryna sygynmaň, sebäbi bu siziň üçin duzak bolar.

[17] Siz öz-özüňize: „Bu halklaryň sany biziňkiden köp, biz bulary nädip kowup çykararkak?“ diýip,

[18] olardan gorkmaň. Diňe Hudaýyňyz Rebbiň faraony we tutuş Müsür halkyny näme edendigini hökman ýadyňyza salyň.

[19] Öz gözüňiz bilen gören beýik synaglary, alamatlary, mugjyzalary, güýç-gudraty bilen Hudaýyňyz Reb sizi Müsürden çykaryp getirdi. Hudaýyňyz Reb siziň gorkýan halklaryňyzyň hemmesini-de şeýle eder.

[20] Mundan başga-da, Hudaýyňyz Reb diri galanlar we gaçgaklar ýok bolýança, olary howsala salar.

[21] Olardan gorkmaň, çünki siziň araňyzdaky Hudaýyňyz Reb beýik we haýbatly Hudaýdyr.

[22] Hudaýyňyz Reb bu halklary siziň öňüňizden ýuwaş-ýuwaşdan kowup çykarar. Siz olaryň soňuna çalt çykyp bilmersiňiz, ýogsam siziň garşyňyza ýyrtyjy haýwanlar köpeler.

[23] Emma Hudaýyňyz Reb olary siziň eliňize berer, olaryň hemmesi ýok bolýança, olary uly howsala salar.

[24] Reb olaryň hanlaryny-da siziň eliňize berer, siz olaryň adyny asmanyň astyndan öçürip taşlaň. Olary ýok edýänçäňiz, hiç kim siziň öňüňizde durup bilmez.

[25] Olaryň hudaýlarynyň butlaryny ýakyň. Özüňize almak üçin olardaky altyna, kümşe göz gyzdyrmaň, sebäbi bu size duzak bolar. Çünki bu Hudaýyňyz Reb üçin nejis zatdyr.

[26] Munuň ýaly nejis zady öýüňize getirmäň, ýogsam siziň özüňiz hem şonuň ýaly bütinleý ýok edilersiňiz. Ony ýigreniň we ret ediň, çünki ol bütinleý ýok edilmeli zatdyr».

Kanun taglymaty — Chapters