Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 4:18

[1] Erkeklik tohumlygy ýenjilen ýa-da kesilen adam Rebbiň jemagatyna girmeýär.

[2] Bikanun doglan Rebbiň jemagatyna girmeýär. Hatda olaryň soňky nesilleriniňem hiç biri Rebbiň jemagatyna girmeýär.

[3] Ammonlar hem, mowaplar hem Rebbiň jemagatyna girmeýär. Hatda olaryň soňky nesilleriniň hiç biri Rebbiň jemagatyna girmeýär.

[4] Sebäbi siz Müsürden çykyp gaýdanyňyzda, olar ýolda sizi duz-çörek we suw bilen garşy almadylar. Olar sizi näletlemek üçin, Mesopotamiýada Petor galasyndan bolan Begoryň ogly Bilgamy hakyna tutdular.

[5] Emma Hudaýyňyz Reb Bilgamy diňlemekden ýüz öwrüpdi. Ol sizi söýensoň, şol näleti alkyşa öwrüpdi.

[6] Ömrüňiziň bütin dowamynda hiç wagt olaryň salamatlygy we abadanlygy ugrunda çalyşmaň.

[7] Edomlaryň hijisini ýigrenmäň, çünki olar siziň garyndaşlaryňyzdyr. Müsürlileriň hem hijisini ýigrenmäň, çünki siz olaryň ýurdunda gelmişek bolup ýaşadyňyz.

[8] Olaryň agtyklary Rebbiň jemagatyna girip biler.

[9] Duşmanlaryňyza garşy söweşmek üçin düşläniňizde özüňizi her hili haramlykdan goraň.

[10] Eger araňyzdan biriniň gije tohumy akyp, haram bolsa, düşelgäňizden daşary çyksyn. Ol düşelgäňize girmeli däldir.

[11] Agşam düşende, ol ýuwunsyn, Gün batandan soň, ol düşelgäňize girip biler.

[12] Aýak ýoly üçin düşelgäňiziň daşynda belli bir hajathana ýeriňiz bolmalydyr.

[13] Aýak ýoluna çykanyňyzda, ýanyňyz bilen kepje alyp gidiň. Täret edip bolanyňyzdan soň, çukur gazyp, täretiňizi gömüň.

[14] Çünki Hudaýyňyz Reb sizi halas etmek üçin we duşmanlaryňyzy siziň eliňize bermek üçin düşelgäňiziň içine aýlanar. Şonuň üçin düşelgäňiz päk bolmalydyr, Reb araňyzda nejis zat görüp, sizden ýüz öwürmesin.

[15] Hojaýynlaryndan gaçyp, ýanyňyza gelen gullary yzyna eltip bermäň.

[16] Olar siziň araňyzda, öz saýlan islendik galasynda, göwünleriniň islän ýerinde siziň bilen bile ýaşabersinler. Olary horlamaň.

[17] Ysraýyl gyzlarynyň hiç biri sežde edilýän ýerde loly bolup işlemesin. Ysraýyl ogullarynyň hem hiç biri munuň ýaly iş etmesin.

[18] Olaryň loluçylykdan gazanan hakyny aýdylan sadakalaryň tölegi hökmünde Hudaýyňyz Rebbiň öýüne getirmäň. Çünki bularyň ikisi hem Hudaýyňyz Reb üçin nejislikdir.

[19] Ysraýyl doganyňyza pul, azyk, beýleki zatlary peýda görmek niýeti bilen karz bermäň.

[20] Peýda görmek üçin keseki ýurtla karz berseňiz bolar, emma öz ysraýyl doganyňyza karzy peýda görmek üçin bermäň. Şonda Hudaýyňyz Reb siziň mülk edinjek ýurduňyzda etjek ähli işleriňize bereket berer.

[21] Hudaýyňyz Rebbe sadaka aýdan bolsaňyz, ony gijikdirmän beriň, çünki Hudaýyňyz Reb aýdan sadakaňyzy sizden hökman talap eder. Eger siz ony ýerine ýetirmeseňiz, günä gazanarsyňyz.

[22] Sadaka aýtmadyk bolsaňyz, onda günä gazanmarsyňyz.

[23] Ýöne Hudaýyňyz Rebbe öz agzyňyz bilen aýdan sadakaňyzy aýdyşyňyz ýaly, diliňiziň geplän zadyny yhlas bilen ýerine ýetiriň.

[24] Eger siz biriniň üzüm bagyna girseňiz, onuň üzüminden tä doýýançaňyz iýseňiz iýiň, ýöne ondan gaba salyp ýanyňyz bilen alyp gaýtmaň.

[25] Eger siz biriniň ekin meýdanyna girseňiz, bugdaýyň dänesini eliňiz bilen ýygsaňyz, ýygyň, emma onuň bugdaýyna orak salmaň.

Kanun taglymaty — Chapters