Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 5:44

[1] Hudaýyň adamy Musanyň ölmezinden öň, ysraýyllara beren patasy, ine, şudur.

[2] Ol şeýle diýdi: «Reb Sinaý dagyndan geldi, halkyna Segirden dogdy, Paran dagyndan nur saçdy. Ýanynda on müňlerçe perişde bardy, sag elinde lowlaýan ot bardy.

[3] Ýa Reb, Sen dogrudan-da halkyňy söýýärsiň! Ähli perişdeler goluň astynda. Olar aýagyňa ýykylyp, Senden görkezme alýarlar.

[4] Ysraýyl jemagatyna miras hökmünde Musa bize Kanun berdi.

[5] Ysraýyl tireleri birleşende, halk baştutanlary ýygnanda, Reb Ýeşuruna patyşa boldy.

[6] Ruben halky az adamly bolsa-da, goý, ýaşasyn, ölmesin!»

[7] Musa Ýahuda hakda şeýle diýdi: «Ýa Reb, Ýahudanyň perýadyny eşit, ony öz halkyna getir, onuň ellerine kuwwat ber, duşmanyna garşy oňa ýardamçy bol!»

[8] Lewi hakda şeýle diýdi: «Ýa Reb, Tummymyňy Lewä, Urymyňy sadyk guluňa ber. Ony Masada synadyň, Meriba çeşmesinde söweşdiň.

[9] Ol: „Ata-enem bar diýip, olara seretmedim“ diýdi. Doganyny tanamady, çagalaryny unutdy. Çünki lewiler Seniň sözüňi tutdy, Seniň ähtiňi saklady.

[10] Seniň hökümleriňi Ýakuba, Kanunyňy Ysraýyla öwreder. Seniň huzuryňda hoşboý buhur, gurbanlyk sypaňda başbitin ýakma gurbanlygyny ýakar.

[11] Ýa Reb, olara kuwwat ber, elleriniň işini kabul et. Kim olara hüjüm edip ýigrense, bilini omur, gaýdyp aýaga galmasyn!»

[12] Benýamin hakda şeýle diýdi: «Ol Rebbiň iň gowy görýäni, howpsuz ýaşar, Beýik Hudaý bütin gün onuň üstüne ganat gerer, ol Rebbiň dagynda mesgen tutar».

[13] Ýusup hakda şeýle diýdi: «Reb onuň ýerine bereket bersin. Gökden ýagýan peşgeşler bilen, Ýer astyndaky çuň suwlar bilen,

[14] Günde ýetişen saýlama hasyly bilen, her pasylyň iň ajap miwesi bilen,

[15] gadymy daglaryň iň gowy iýmişi bilen, müdimi depeleriň bolçulygy bilen,

[16] ýeriň iň gymmat peşgeşi we dolulygy bilen, ýanýan çalyda Görneniň merhemeti bereket bersin. Bu bereketler öz doganlarynyň arasyndan saýlanyp-seçilen Ýusubyň başyna ýagsyn.

[17] Ol ilkinji doglan öküz ýaly haýbatlydyr, ýabany öküziňki kimindir onuň şahlary. Bir şahy Efraýymyň on müňüsidir, beýlekisi Manaşanyň müňüsidir. Ol halklary şahlary bilen süser, ýeriň ol ujuna çenli olary kowar».

[18] Zebulun hakda şeýle diýdi: «Eý, Zebulun, ýola düşeniňde şadyýan bol, sen bolsa, Ysakar, çadyryňda şatlan!

[19] Halklary daga çagyrarlar, ol ýerde dogry gurbanlyklar keserler. Deňizleriň baýlygyny, gumda gömlen hazynany iýerler».

[20] Gat hakda şeýle diýdi: «Gatyň mülküni giňeldene alkyş bolsun! Gat şir kimin ýaşaýar, goly we başy goparyp taşlaýar.

[21] Ol özi üçin iň mes ýeri saýlady. Çünki halk baştutanlarynyň ýygnagynda serdaryň paýy oňa berlendir. Ysraýyl üçin Rebbiň adalatyny, Onuň hökümini ol ýerine ýetirdi».

[22] Dan hakda şeýle diýdi: «Dan Başandan çykan, şiriň çagasydyr».

[23] Naftaly hakda şeýle diýdi: «Eý, sen, Rebbiň merhemeti bilen, Onuň berekedi bilen dolan Naftaly, günbatary we günortany mülk edinersiň».

[24] Aşer hakda şeýle diýdi: «Ogullaryň iň bereketlisi Aşer bolsun! Doganlaryň iň eý görülýäni ol bolsun! Aýagyny zeýtun ýagyna batyrsyn!

[25] Kiltleri demirden we bürünçden bolsun! Dyzynyň kuwwaty asla gaçmasyn!»

[26] «Eý, Ýeşurun, saňa kömek etmek üçin asmandan uçýan, bulutlar arasyndan gudrat görkezýän, seniň Hudaýyňa taý geljek ýokdur.

[27] Penakäriň gadymdan bar bolan ebedi Hudaýdyr! Seni hemişe gollarynda göterer, garşyňdan duşmanlaryňy kowar, olary saňa ýok etmegi buýrar.

[28] Şeýdip, Ysraýyl howpsuz ýaşar, däne we şerabyň bol ýerinde, Ýakubyň mekany abadan bolar. Ol ýere asmandan çyg düşer.

[29] Sen nähili bagtly, eý Ysraýyl! Seniň ýaly barmy başga? Sen Rebbiň halas eden halkysyň! Reb seni goraýan galkandyr, şanly gylyçdyr! Duşmanlaryň saňa ýaranjaňlyk ederler, sen olaryň arkasyndan basarsyň».

Kanun taglymaty — Chapters