Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 2:23

[1] Şundan soň, Musa Mowap düzlüginden Nebo dagyna, Ýerihonyň garşysyndaky Pisga depesine çykdy. Reb oňa şu ähli ýeri: Gilgatdan tä Dana çenli ýerleri,

[2] tutuş Naftalyny, Efraýym we Manaşa topragyny, tutuş Ýahudadan Günbatar deňzine çenli bolan ýerleri,

[3] Negep çölüni we Ýeriho jülgesinden Sogara çenli ýerleriň ählisini görkezdi. Ýeriho Palma galasy diýlip hem atlandyrylýardy.

[4] Soňra Reb Musa şeýle diýdi: «Ine, seniň nesilleriňe bermegi Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba söz beren ýerim şudur. Men saňa ony öz gözleriň bilen görmäge rugsat berýärin, emma sen ol tarapa geçmersiň».

[5] Şeýdip, Rebbiň Öz buýruşy ýaly, Rebbiň guly Musa şol ýerde – Mowapda öldi.

[6] Reb ony Mowapda, Beýtpegoryň garşysyndaky jülgede jaýlady. Emma şu güne çenli onuň jaýlanan ýerini hiç kim bilmeýär.

[7] Musa ýüz ýigrimi ýaşynda öldi. Onuň gözleri kütelmändi, güýç-kuwwaty azalmandy.

[8] Ysraýyllar Mowap düzlüginde otuz günläp Musanyň ýasyny tutdular. Musanyň ýas günleri sowuldy.

[9] Nunuň ogly Ýeşuwa paýhaslylyk ruhundan dolupdy, çünki Musa onuň üstüne ellerini goýupdy. Rebbiň Musa buýruşy ýaly, ysraýyllar oňa gulak asdylar.

[10] Şondan soň, Ysraýyldan Musa ýaly Reb bilen ýüzbe-ýüz görşen başga bir pygamber çykmady.

[11] Reb ony Müsürde faraona, onuň ähli gullaryna we tutuş ýurduna bir topar alamatlar we mugjyzalar görkezmek üçin iberipdi.

[12] Çünki tutuş Ysraýylyň gözüniň alnynda Musa ýaly bu ähli gudratlary, beýik we gorkunç işleri ýerine ýetiren başga hiç kim ýokdy.

Kanun taglymaty — Chapters