Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 4:22

[1] Şol wagt Reb maňa: „Ýene-de öňkä meňzeş edip, iki ýasy daş bölegini we olary goýar ýaly bir sandyk ýasa. Soňra Meniň ýanyma – daga çyk.

[2] Men bu daşlaryň ýüzüne seniň öňki kül-peýekun eden daşlaryňyň ýüzündäki sözleri ýazjak. Sen olary sandyga salyp goý“ diýdi.

[3] Şeýdip, men akasiýa agajyndan sandyk ýasadym we öňkä meňzeş, iki sany ýasy daş bölegini ýasap, daga çykdym. Ol iki ýasy daş bölegi hem elimdedi.

[4] Soňra Reb dagda üýşen günüňiz ot içinden size aýdan on tabşyrygyny edil öňkä meňzeş sözler bilen bu iki daşyň ýüzüne ýazyp, maňa berdi.

[5] Men dagdan aşak düşdüm we daşlary sandyga saldym. Rebbiň maňa buýruşy ýaly, daşlar häzir hem ol ýerde dur.

[6] Şondan soň ysraýyllar Beýerot-beneýagakandan gaýdyp, Mosera geldiler. Ol ýerde Harun öldi we ony şol ýerde jaýladylar. Onuň ýerine onuň ogly Elgazar ruhany boldy.

[7] Ol ýerden olar Gudgoda geldiler. Gudgodadan bolsa akyp duran çeşmeli Ýotbata diýen ýere ýöriş etdiler.

[8] Şol mahal Reb: „Äht sandygymy götersinler, huzurymda gurbanlyklar hödürläp hyzmat etsinler, Meniň adymdan pata bersinler“ diýip, lewi tiresini saýlady. Olar şu güne çenli hem şeýle edýärler.

[9] Şonuň üçin hem Lewi tiresine öz ysraýyl doganlarynyň arasyndan paý hem, mülk hem berilmedi. Hudaýyňyz Rebbiň söz berşi ýaly, olaryň paýy Rebbiň Özüdir.

[10] Edil birinji gezekdäki ýaly, men dagda kyrk gije-gündizläp galdym. Bu gezek hem Reb meni diňledi. Reb sizi ýok etmek pikirinden el çekdi.

[11] Reb maňa: „Tur, bu halka baş bol, ýörişiňizi dowam ediň. Olar Meniň ata-babalaryna wada eden ýurduma baryp, ony mülk edinsinler“ diýdi.

[12] Indi, eý, Ysraýyl, Hudaýyňyz Reb sizden näme talap edýär? Hudaýyňyz Reb sizden Özünden gorkmagyňyzy, diňe Onuň ýolundan ýöräp, Ony söýmegiňizi, tutuş ýüregiňiz bilen jan-tenden Hudaýyňyz Rebbe gulluk etmegiňizi isleýär.

[13] Şeýle hem, gowy günler görmegiňiz üçin, Rebbiň bu günki meniň üstüm bilen berýän tabşyryklarydyr parzlaryny ýerine ýetiriň.

[14] Şeýle-de gök, gökleriň gögi, ýer ýüzi we onuň üstündäki ähli zatlar Hudaýyňyz Rebbiňki bolsa-da,

[15] Reb diňe siziň ata-babalaryňyzy ýürekden söýdi we bu günki görşüňiz ýaly, ähli halklaryň arasyndan olaryň soňky nesilleri bolan sizi saýlady.

[16] Siz özüňizi sünnet etmek bilen birlikde tutuş ýüregiňizi-de Rebbe bagyş ediň we mundan buýana boýnuýogynlygyňyzy goýuň.

[17] Çünki siziň Hudaýyňyz Reb hudaýlaryň Hudaýy, taňrylaryň Taňrysydyr. Ol beýik Hudaýdyr, gudratly we haýbatlydyr. Ol tarapgöýlik etmeýär we para almaýar.

[18] Ol ýetimiň we duluň hakyny alyp berýär. Gelmişekleri gowy görüp, olary iýmit we geýim-gejim bilen üpjün edýär.

[19] Siz hem gelmişekleri gowy görmelisiňiz, çünki siziň özüňiz hem Müsürde gelmişek bolupdyňyz.

[20] Hudaýyňyz Rebden gorkuň, diňe Oňa gulluk ediň, Oňa bil baglaň, Onuň ady bilen ant içiň.

[21] Ol siziň şöhratyňyzdyr. Öz gözüňiz bilen gören äpet we elhenç alamatlaryny siziň üçin görkezen Hudaýyňyz Oldur.

[22] Siziň ata-babalaryňyz Müsüre gidende ýetmiş adamdy. Ine, häzir bolsa Hudaýyňyz Reb siziň sanyňyzy asmandaky ýyldyzlar deý köpeltdi.

Kanun taglymaty — Chapters