[1] Ine, Horepde edilen ähtden daşary, Rebbiň Musa Mowapda ysraýyllar bilen baglaşmagy buýran ähtiniň şertleri şulardyr.
[2] Musa ähli ysraýyllary ýygnap, olara şeýle diýdi: «Siz Rebbiň gözüňiziň alnynda Müsüre, faraona, onuň ähli emeldarlaryna we tutuş ýurduna näme edendiginiň hemmesini gördüňiz.
[3] Siz bu gudratly synaglary, alamatlary we beýik mugjyzalary öz gözüňiz bilen gördüňiz.
[4] Emma şu güne çenli Reb size düşünmegiňiz üçin akyl, görmegiňiz üçin göz, eşitmegiňiz üçin gulak bermedi.
[5] Reb: „Men sizi kyrk ýyllap çölde aýladym. Egniňize geýen eşigiňiz ýyrtylmady, aýagyňyza geýen çarygyňyz könelmedi.
[6] Siz çörek iýmediňiz, şerap, çakyr içmediňiz. Men muny Hudaýyňyz Rebbiň Mendigimi biliň diýip etdim“ diýdi.
[7] Bu ýere geleniňizde, Heşbonyň hany Sihon we Başan ýurdunyň hany Og biziň garşymyza söweşe çykdylar, emma biz olary derbi-dagyn etdik.
[8] Biz olaryň ýerini alyp, rubenlere, gatlara we manaşa tiresiniň ýarysyna mülk edip berdik.
[9] Şonuň üçin hem, edýän her bir işiňizde üstünlik gazanar ýaly, bu ähtiň şertlerini yhlas bilen ýerine ýetiriň.
[10] -
[11] Bu gün tire baştutanlaryňyz, ýaşulularyňyz, ýolbaşçylaryňyz, Ysraýylyň ähli erkekleri, siziň çagalaryňyz, aýallaryňyz, araňyzda ýaşaýan gelmişekler, odunyňyzy çapýanlar, suwuňyzy daşaýanlar – ähliňiz bu ýere üýşüp, Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda dursuňyz.
[12] Bu gün Hudaýyňyz Rebbiň siziň bilen baglaşýan ähtine ant içip girişersiňiz.
[13] Çünki Ol size we ata-babalaryňyz Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba söz berşi ýaly, bu gün Ol sizi Öz halky edip alar we Hudaýyňyz bolar.
[14] -
[15] Hudaýymyz Reb bu gün biziň ýanymyzda – Öz huzurynda duranlar bilen däl-de, eýsem bolmadyklar bilenem wada edip äht baglaşýar.
[16] Müsürde nähili ýaşandygymyzy, dürli halklaryň arasyndan ötüp-geçip, bu ýere nä günlük bilen gelendigimizi bilýänsiňiz.
[17] Siz olaryň arasynda agaçdan, daşdan, altyndan we kümüşden ýasalan nejis butlary gördüňiz.
[18] Ägä boluň, bu gün siziň araňyzda Hudaýymyz Rebden ýüregi sowaşyp, şol halklaryň hudaýlaryna gulluk edýän erkek ýa aýal, maşgala ýa-da tire bolmasyn. Araňyzda şeýle adamlaryň bolmagy, ajy we zäherli ösümligiň köki ýalydyr.
[19] Bu edilen wadany eşiden her biriňiz öz-özüňizi öwmäň we ýüregiňizde: „Biz tekepbirlik ýolumyzdan gitsek hem aman galarys“ diýip pikir etmäň. (Şeýle pikir ýagşynyň-da, ýamanyň-da başyna bela getirer.)
[20] Reb şeýle tekepbir adamlary bagyşlamaz. Çünki Rebbiň gahary we gazap ody olara garşy tutaşar. Bu kitapda ýazylan ähli näletler olaryň başyndan iner we Reb olaryň adyny asmanyň astyndan öçürip taşlar.
[21] Bu Kanun kitabynda ýazylan ähtiň ähli näletleri boýunça, olar betbagtçylyga duçar bolar ýaly, Reb olary Ysraýylyň ähli tireleriniň arasyndan aýratyn goýar.
[22] Sizden soňky nesiller, siziň çagalaryňyz, şeýle hem uzak ýurtdan geljek kesekiler bu ýurtda bolýan weýrançylyklary, siziň üstüňizden Rebbiň lagnat inderişini görüp:
[23] „Kükürt! Duz! Tutuş ýurt ýanýar! Hiç zat ekilmez, hiç zat gögermez, gaýdyp hiç hili ösümlik ösmez. Reb gazap atyna atlanyp, Sodom, Gomora, Adma we Seboýym galalaryny ýok edişi ýaly ýykyp-ýumurdy!“ diýerler.
[24] Ähli milletler: „Reb bu ýurdy näme üçin beýle etdikä? Bu gahar-gazabyň sebäbi nämekä?“ diýşip geň galarlar.
[25] Olar şeýle netijä gelerler: „Munuň sebäbi şudur: ysraýyllar özlerini Müsürden çykaryp getiren ata-babalarynyň Hudaýy Reb bilen baglaşan ähtini ret etdiler.
[26] Olar Rebden ýüz öwrüp, başga hudaýlara gulluk etdiler. Özleriniň tanamaýan we Rebbiň olara sežde etmäge ygtyýar bermedik hudaýlaryna sežde etdiler.
[27] Şonuň üçin hem Rebbiň bu ýurda gahary gelip, bu kitapda ýazylan ähli näletleri bu ýurduň üstünden ýagdyrdy.
[28] Reb olary güýçli gahar bilen, gazap atyna atlanyp, öz ýurtlaryndan kowup çykaryp, şu günki görşüňiz ýaly, başga ýurda äkidip taşlady“.
[29] Gizlin syrlar Hudaýymyz Rebbe degişlidir. Emma bu Kanunyň ähli sözlerini ýerine ýetirmek üçin aýan edilen zatlar ebedilik bize we biziň çagalarymyza degişlidir.