Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 4:10

[1] Eger bir adam bir gyza öýlense, ýöne ondan kemçilik tapandygy üçin ony halamasa, onda, goý, ol aýalynyň eline talak hatyny ýazyp bersin we ony öýünden çykaryp goýbersin.

[2] Ol aýal onuň öýünden gidip, başga birine durmuşa çykyp biler.

[3] Emma ol aýalyň ikinji adamsy hem halaman, onuň eline talak hatyny berip, öýünden kowsa (ýa-da onuň ikinji baran adamsy ölse),

[4] kowup goýberen birinji äri onuň haramdygy üçin, ony ikilenç özüne aýal edip almaga hakly däldir, çünki beýle etmek Rebbe nejislikdir. Hudaýyňyz Rebbiň size mülk edip berýän ýerini harama çykarmaň.

[5] Eger bir adam täze öýlenen bolsa, ol urşa gitmesin ýa-da oňa hiç hili jogapkärçilikli iş tabşyrylmasyn. Ol bir ýyl öýünde galyp, öz alan aýaly bilen şady-horramlykda ýaşasyn.

[6] Hiç kimiň degirmenini ýa-da degirmen daşyny girewine almaň, çünki bu onuň durmuşyny girewine aldygyňyz bolar.

[7] Eger biri başga bir ysraýyllyny ogurlap gul etse ýa-da ony satsa, ol ogurlan adam öldürilsin. Şeýdip, siz öz araňyzdan pisligi aýryp taşlaň.

[8] Deri keselinden gaty ägä boluň. Meniň lewi ruhanylaryna buýruşym ýaly, olaryň size öwredýän her bir zadyny üns bilen ýerine ýetiriň.

[9] Müsürden çykyp gaýdanyňyzda, ýolda Hudaýyňyz Rebbiň Merýemi nädendigini ýadyňyza salyň.

[10] Birine bir zat karz berseňiz, öýüne girip, ondan girew almaň.

[11] Karz alan adamyň özi size girew getirýänçä, daşarda oturyň.

[12] Eger ol adam garyp bolsa, onuň girewine berýän donunda ýatmaň.

[13] Onuň girewini Gün batmanka yzyna eltip beriň, şonda ol öz donunda ýatar we size alkyş aýdar. Şeýle hem bu Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda saňa dogrulyk saýylar.

[14] Isle ol öz ysraýyl doganyňyz bolsun, isle ýurduňdaky galalarda ýaşaýan gelmişek, garaz, garyp we mätäç günlükçiniň işlän hakyny tutup galmaň.

[15] Her gün siz olaryň hakyny Gün ýaşmanka tölemelisiňiz. Sebäbi olar garyp we olaryň gün-güzerany şoňa baglydyr. Ýogsam olar siziň garşyňyza Rebbe nalyş bilen ýüz tutarlar we siz günä gazanarsyňyz.

[16] Atalar ogullary üçin ölüme höküm edilmesin. Ogullar hem atalary üçin ölüme höküm edilmesin. Her kim diňe öz eden jenaýatyna görä ölüme höküm edilsin.

[17] Gelmişege ýa-da ýetime höküm edilende, egrilik etmäň. Duluň geýimini girewine almaň.

[18] Özüňiziň hem Müsürde gul bolandygyňyzy we Hudaýyňyz Rebbiň sizi ol ýerden azat edendigini ýadyňyzdan çykarmaň. Şonuň üçin men size şeýle etmegi buýurýaryn.

[19] Siz meýdanda hasylyňyzy ýygnanyňyzda, ol ýerde ýadyňyzdan çykaryp galdyran dessäňizi getirmek üçin, yzyňyza gaýtmaň. Ol gelmişege, ýetim-ýesire we dula galsyn. Şonda Hudaýyňyz Reb siziň ähli işleriňize bereket berer.

[20] Siz zeýtun agajyňyzyň miwesini kakanyňyzda, onuň galan-gaçanyny çöplemäň. Olar gelmişege, ýetim-ýesire, dula galsyn.

[21] Üzüm baglaryňyzyň üzümini ýyganyňyzda, galan-gaçanyny ýygmaň. Olary gelmişek üçin, ýetim-ýesir üçin we dul aýal üçin galdyryň.

[22] Özüňiziň hem Müsürde gul bolandygyňyzy ýadyňyzda saklaň. Şonuň üçin men size şeýle etmegi buýurýaryn.

Kanun taglymaty — Chapters