Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 9:04

[1] «Eý, asman, gulak goý, Men sözläýin. Eý, zemin, aýdýanlarymy eşit.

[2] Taglymatym ýagyş deý ýagsyn, sözlerim çyg deý düşsün. Ýagsyn ot üstüne çisňeýän ýagmyr deý, maýsalaryň üstüne inýän çabga deý!

[3] Çünki Rebbiň adyny jar ederin. Beýikdigi üçin Hudaýymyzy öwüň!

[4] Ol Gaýadyr, işleri kämildir, bütin ýollary hakdyr. Wadasynda durýan Hudaýdyr. Dogry hem adyldyr.

[5] Bu azgyn hem ters nesil Oňa hyýanat etdi. Ýazygyňyz sebäpli indi siz Onuň çagalary dälsiňiz.

[6] Eý, akmak hem nadan halk, şumy Rebbe jogabyňyz? Sizi ýaradyp, berkarar eden, Ol – Atamyz dälmi?

[7] Öten günleri ýada salyň, geçen nesillere nazar aýlaň. Ataňyzdan soraň, aýdyp bersin, ýaşulularyňyz gürrüň bersin.

[8] Mülk paýlanda özge halklara, olary aýry-aýry bölüp çykanda, çäk çekdi olara Beýik Hudaý, ylahy barlyklaryň sanyna görä.

[9] Öz halkydyr Rebbiň paýy, öz paýy üçin Ýakuby miras aldy Ol.

[10] Ol Ýakuby gurak bir ýurtdan tapdy, güwläp ýatan çölden tapdy. Onuň gaýgy-aladasyny etdi, gözüniň göreji deý gorap saklady.

[11] Çagalarynyň üstüne ganat gerýän bürgüt deý, höwürtgesinden olara uçmagy öwretdi. Ganatyny gerip, olary tutdy, ganaty bilen olary daşady.

[12] Oňa ýol görkezen ýeke-täk Reb boldy, onuň bilen bolmady keseki hudaý.

[13] Reb ony ýer ýüzüniň belentliginde gezdirdi, meýdan önümi bilen naharlady. Gaýadan akan bal bilen, çakmak daşdan çykan zeýtun ýagy bilen bakdy.

[14] Sygyr ýagydyr goýnuň süýdi bilen, semiz goç-guzular bilen, Başan ýurduň öküzleridir erkeji bilen, iň saýlama bugdaý bilen bakdy. Üzümden edilen gyrmyzy şerapdan içirdi.

[15] Ýöne Ýeşurun semredi, depmäge başlady. Garnyny ýag alyp agyrlaşdy. Özüni ýaradan Hudaýyndan ýüz öwürdi, ret etdi Halasgär Gaýasyny.

[16] Keseki hudaýlar bilen Ony gabandyrdylar, nejis zatlar bilen gaharyny getirdiler.

[17] Olar Hudaýa däl-de, jynlara, tanamaýan hudaýlaryna, ata-babalarynyň gorkmadyk hudaýlaryna, ýaňy peýda bolan hudaýlara gurban kesdiler.

[18] Sen özüňi ýaradan Gaýany unutdyň, dünýä inderen Hudaýy ýatdan çykardyň.

[19] Muny gören Rebbiň olara gahary geldi, olaryň ogul-gyzlaryny ret etdi.

[20] Ol diýdi: „Gizläýin olardan ýüzümi, soňuny göreýin olaryň. Çünki biderek nesildir olar, biwepa perzentlerdir.

[21] Olar hudaý bolmadyklar bilen Meni gabandyrdylar, boş butlar bilen gaharymy getirdiler. Men hem millet bolmadyklar bilen olary gabandyraryn, akmak bir halk bilen olaryň gaharyny getirerin.

[22] Çünki ot bolup tutaşar Meniň gazabym, ölüler dünýäsiniň düýbüne çenli ýanar. Ýeri nygmatlary bilen bile ýuwudar ol ot, daglaryň binýadyny ýakyp kül eder.

[23] Başlaryna belalar indererin, oklarymy olara garşy ataryn.

[24] Gowrup barýan gytlyk, ýakýan hassalyk, gyrgyn ýok eder olary. Iberýän ýyrtyjy haýwanlarym olara agyz salar, ýerde süýrenýän ýylanlar zäherin pürker.

[25] Ýigit ýa-da gyz bolsun, emýän körpe ýa çal goja, parhy ýok, daşarda gylyç heläk eder, içerde olary gorky öldürer.

[26] Ynsanlar arasyndan olary dagatmakdy, olar hakdaky ýatlamany öçürip taşlamakdy pikirim.

[27] Emma duşmanyň öjükmeginden çekindim, çünki duşman ýalňyş düşünmesin, ‘Bulary eden Reb däl eken, biziň elimiz rüstem eken’ diýmesin.

[28] Ysraýyl bir akylsyz halkdyr, olarda hiç hili düşünje ýokdur.

[29] Dana bolsadylar, muňa düşünerdiler, soňunyň näme boljagyny öňünden aňardylar.

[30] Ysraýyly Gaýasy satmadyk bolsa, Reb olary ele bermedik bolsa, nädip bir duşman olaň müňüsini kowar, iki kişi on müňüsini gaçyrar?

[31] Çünki biziň Gaýamyz ýaly däl olaň gaýasy, duşmanymyzyň özi hem bilýär muny.

[32] Duşmanyň üzüm çybygy Sodom çybygyndan, Gomora baglaryndandyr. Üzümleri zäher-zakgun, salkymlary ajydyr.

[33] Şeraplary ýylan zäheridir, kepjebaşyň öldürýän awusydyr.

[34] Meniň ýanymda saklanmaýarmy bular, hazynalarymda möhürlenen dälmi näme?

[35] Öç Meniňkidir, jezalandyrjak Mendirin, çünki aýaklarynyň taýýan wagty geler. Duşmanlaryň heläk boljak güni ýakyndyr, jeza güni gaty golaýdyr“.

[36] Şeýdip, Öz halkyny Reb aklar, Ol gulda hem, erkinde hem ysgyn-mydar ýokdugyny görende, Öz bendelerine rehim-şepagat eder.

[37] Soňra Ol diýer: „Hany, bularyň hudaýlary nirede? Hany olaryň bil baglan gaýasy?

[38] Gurbanlyklaryň ýagyny iýen, guýlan şeraplaryny içen şol hudaýlaryňyz nirede? Goý, turup, size kömek etsin olar, bolsunlar-da siziň penakäriňiz!

[39] Indi görüň, ýeke-täk Hudaý Mendirin. Menden başga hudaý ýokdur! Öldürýän-de Mendirin, direldýän-de. Ýaralaýan-da Mendirin, sagaldýan-da, gutuljak ýokdur Meniň elimden.

[40] Elimi göge galdyryp, ant içýärin: Men ebedi diri!

[41] Men lowurdaýan gylyjymy çarhlap, höküm etmek üçin elime alsam, duşmanlarymdan ar alaryn, Meni ýigrenýänleň jezasyny bererin.

[42] Ölenleriň hem ýesirleriň ganyndan, uzyn saçly duşmanlaryň ganyndan oklarymy serhoş ederin, gylyjymy etden doýraryn“.

[43] Onuň halky bilen şatlanyň, eý, halklar! Çünki Ol gullarynyň ganynyň öjüni alar. Duşmanlaryndan aryny alar, Öz halkynyň ýurduny päklär, olary günäsinden saplar».

[44] Musa Ýeşuwa bilen gelip, bu aýdymyň ähli sözlerini halka eşitdirip okap berdi.

[45] Musa bu sözleri tutuş Ysraýyla okap berenden soň,

[46] olara şeýle diýdi: «Bu günki meniň size aýdan sözlerimiň ählisini ýüregiňizde saklaň. Çagalaryňyza buýruň, goý, olar bu Kanunyň ähli sözlerini yhlas bilen ýerine ýetirsinler.

[47] Bular siziň üçin boş sözler däl-de, eýsem siziň durmuşyňyzdyr. Iordandan geçip, mülk edinjek ýurduňyzda şu aýdylanlar bilen siz uzak ömür sürersiňiz».

[48] Reb şol gün Musa şeýle diýdi:

[49] «Mowap ýurdundaky Ýerihonyň garşysyndaky Abarym daglarynyň biri bolan Nebo dagyna çyk. Ysraýyllara mülk edilip beriljek Kengan ýurduny gör.

[50] Agaň Harunyň Hor dagynda ölüp, öz halkyna gowşuşy ýaly, sen hem şol çykan dagyňda ölüp, ata-babalaryňa gowşarsyň.

[51] Çünki ikiňiz hem Sin çölünde, Kadeş galasynyň golaýyndaky Meriba çeşmesinde, ysraýyllaryň öňünde Maňa dönüklik etdiňiz. Ysraýyllaryň arasynda siz Meniň mukaddesligimi ykrar etmediňiz.

[52] Şonuň üçin hem, ol ýeri sen diňe uzakdan görersiň, ýöne Meniň ysraýyllara berjek ýerime girmersiň».

Kanun taglymaty — Chapters