Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 4:00

[1] Duşmanyňyza garşy urşa çykanyňyzda we olaryň atlarynyň, söweş arabalarynyň we goşunynyň özüňiziňkiden agdykdygyny göreniňizde, siz olardan gorkmaň. Çünki sizi Müsürden çykaryp getiren Hudaýyňyz Reb siziň bilendir.

[2] Urşa girişmeziňizden öň, ruhany gelip, esgerleriň öňünde söz sözlesin.

[3] Ruhany olara şeýle diýsin: „Eý, ysraýyl halky, gulak goý! Bu gün siz duşmanlaryňyza garşy söweşe girýärsiňiz. Olardan gorkup, ýüregiňiz sarsmasyn, aljyrap, dowla düşmäň.

[4] Çünki duşmanlaryňyzyň garşysyna söweşip, siziň ýeňiş gazanmagyňyz üçin, Hudaýyňyz Reb urşa siziň bilen bile gider“.

[5] Soňra baştutanlar esgerlere ýüzlenip, şeýle diýsinler: „Kim täze jaý gurup, heniz onda ýaşamadyk bolsa, ol adam yzyna – öýüne gaýtsyn, ýogsam ol uruşda wepat bolaýsa, onuň öýünde başga biri ýaşar.

[6] Araňyzda üzüm bagyny oturdyp, entek onuň miwesinden datmadyk adam bar bolsa, goý, ol öýüne gaýtsyn, ýogsam ol uruşda wepat bolaýsa, üzümiň ilkinji miwesini başga biri iýip hezil eder.

[7] Araňyzda boý gyza adaglanyp, entek oňa öýlenmedik bar bolsa, goý, ol hem öýüne gaýtsyn, ýogsam ol uruşda wepat bolaýsa, ol gyza başga biriniň öýlenmegi mümkin“.

[8] Baştutanlar sözlerini dowam etdirip: „Araňyzda gorkýanyňyz ýa-da towşan ýürekliňiz bar bolsa, goý, ol hem öýüne gaýtsyn, ýogsam ol ýoldaşlaryny-da özi ýaly towşan ýürek eder“ diýsinler.

[9] Baştutanlar goşunyň öňünde söz sözläp bolanlaryndan soň, olara serkerdeler bellesinler.

[10] Duşmanyňyza garşy söweşmek üçin, gala ýakyn geleniňizde, olara parahatçylygy teklip ediň.

[11] Eger olar parahatçylygy kabul edip, size boýun bolsalar, onda ol ýerdäki ähli halk size mejbury hyzmat etsin.

[12] Eger olar parahatçylykdan ýüz öwrüp, size garşy uruş yglan etseler, siz ol galanyň daşyny gabaň.

[13] Hudaýyňyz Reb ony siziň eliňize berende, siz olaryň ähli erkeklerini gylyçdan geçiriň.

[14] Aýallaryny, çagalaryny, mal-garalaryny, galada bar bolan ähli zady özüňize olja edip alyň. Hudaýyňyz Rebbiň duşmanyňyzdan alyp beren oljasyny hözirini görüň.

[15] Bu ýerdäki halklara degişli bolmadyk, sizden has uzakda ýerleşýän galalaryň hem hemmesini şeýle ediň.

[16] Ýöne Hudaýyňyz Rebbiň size mülk edip berjek bu halklaryň galalarynda bolsa ýekeje-de janly-jandar diri galmaly däldir.

[17] Hudaýyňyz Rebbiň size buýruşy ýaly hetleri, amorlary, kenganlary, perizleri, hiwileri we ýabuslary bütinleý ýok edip taşlamalysyňyz.

[18] Şonda olar öz hudaýlaryna gulluk etmekdäki nejis işleriniň hiç birini size öwredip bilmezler we siz Hudaýyňyz Rebbe garşy günä etmersiňiz.

[19] Siz uzak wagtlap galanyň daşyny gabap, ony basyp almak üçin urşanyňyzda, ol ýeriň agaçlaryny çapyp ýok etmäň. Çünki meýdandaky agaçlar duşman hasaplanyp, gabawa salynýan däldir. Siz olaryň miwesinden iýersiňiz.

[20] Siz diňe miwe getirmeýän agaçlary ýok edip bilersiňiz. Olary çapyp, özüňize garşy uruşýan halkyň galasy ýykylýança, şol galanyň garşysyna hüjüm etmekde ulanyň.

Kanun taglymaty — Chapters