Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 3:57

[1] Lewi ruhanylary, tutuş lewi tiresi ysraýyllar bilen birlikde ýer paý ýa-da mülk almazlar. Olar Rebbiň paýy diýlip berilýän gurbanlyklardan iýip bilerler.

[2] Halkyň beýleki tireleriniňki ýaly, ysraýyl doganlarynyň arasynda olaryň mülki ýokdur. Söz berşi ýaly, Rebbiň Özi olaryň mülküdir.

[3] Halk öküzini ýa-da goýnuny Rebbe gurban etmek üçin getirende, olardan ruhanylara şular degişlidir: malyň bir öň aýagy, iki äňi we garny.

[4] Ilkinji däne hasylyňyzy, ilkinji täze şeraby we zeýtun ýagyny, şeýle hem, goýnuňyzyň ilkinji gyrkymyny ruhana bermelisiňiz.

[5] Çünki Hudaýyňyz Reb Öz adyndan halka hyzmat etmek üçin, ähli tireleriňiziň içinden Lewini we onuň ogullaryny hemişelik ruhany edip saýlady.

[6] Eger lewi tiresinden biri Ysraýylda öz ýaşaýan galasyny taşlap, Rebbiň saýlajak ýerine barsa (ol islän wagty baryp bilýär),

[7] ol ýerde Rebbiň huzurynda durup hyzmat edýän ähli lewi doganlary ýaly, Hudaýy Rebbiň adyndan hyzmat etsin.

[8] Öý goşlaryny satyp alan girdejisine garamazdan, onuň iýmäge deň paýy bardyr.

[9] Hudaýyňyz Rebbiň özüňize berjek ýurduna baranyňyzda, ol halklaryň nejis adatlaryny berjaý etmegi öwrenmäň.

[10] Siziň araňyzda hiç kim ogluny ýa-da gyzyny oda ýakyp, gurbanlyk bermesin. Palçylyk etmäň, müneçjim ýa-da bilgiç bolmaň, jadygöýlik etmäň.

[11] Şeýle hem, hiç biriňiz gözbagçylyk edip, arwah-jynlar ýa-da ruhlar bilen maslahatlaşmaň, ýa-da çözgüdiň jogabyny ölülerden gözlemäň.

[12] Çünki bu işleri edýänler Reb üçin nejisdir. Ine, şu nejis işleri üçin Hudaýyňyz Reb olary siziň öňüňizden kowup çykarýar.

[13] Hudaýyňyz Rebbiň öňünde kämil boluň.

[14] Siziň kowup çykarjak bu halklaryňyz müneçjimlere we palçylara gulak asýarlar. Hudaýyňyz Reb bolsa, size beýle etmäge rugsat bermeýär.

[15] Hudaýyňyz Reb siziň üçin öz halkyňyzyň arasyndan meniň ýaly pygamber çykarar. Siz şol pygambere gulak asyň.

[16] Horep dagynda üýşen günüňiz, siz Hudaýyňyz Rebden haýyş edip: „Hudaýymyz Rebbiň sesini mundan artyk eşitmäli we bu beýik ody indi görmäli, ýogsam biz öleris“ diýipdiňiz.

[17] Reb maňa: „Olaryň aýdýanlary dogry.

[18] Men olar üçin öz halkynyň arasyndan seniň ýaly pygamber çykararyn. Meniň buýran zatlarymyň ählisini halka aýdar ýaly, Men sözlerimi pygamberiň agzyna salyp bererin.

[19] Kimde-kim Meniň adymdan sözleýän pygamberiň sözlerine gulak asmasa, ol adam bilen Meniň Özüm hasaplaşaryn.

[20] Emma başga hudaýlaryň adyndan sözleýän pygamber ýa-da Meniň buýurmadyk zadymy, hyýanatçylyk edip, Meniň adymdan sözleýän pygamber ölüme höküm ediler“ diýdi.

[21] Siz öz-özüňize: „Biz Rebbiň aýtmadyk sözüni nädip bileli?“ diýersiňiz.

[22] Eger bir pygamber Rebbiň adyndan sözlän bolsa, ol iş hem başa barmasa ýa-da hakykata öwrülmese, ol söz Rebden däldir. Ony pygamberiň özi toslap tapandyr, siz ol pygamberden gorkmaň.

Kanun taglymaty — Chapters