[1] Siz Hudaýyňyz Rebbiň perzentlerisiňiz. Siz öli üçin bedeniňize ýara salmaň we maňlaý saçyňyzy gyrkmaň.
[2] Çünki siz Hudaýyňyz Reb üçin mukaddes halksyňyz. Reb Özüniň gymmatly halky bolmagyňyz üçin, sizi ýer ýüzündäki ähli halklaryň içinden saýlady.
[3] Siz haram hasaplanýan haýwanlaryň hijisini iýmeli dälsiňiz.
[4] Siz, ine, şu haýwanlaryň etini iýip bilersiňiz: öküz, goýun, geçi,
[5] keýik, sugun, jeren, ýabany geçi, dag tekesi, saýgak we dag goçy.
[6] Toýnagy ýarykly we gäwüş gaýtarýan her bir haýwanyň etini iýip bilersiňiz.
[7] Emma düýäni, towşany, atýalmany iýmeli dälsiňiz, çünki olar gäwüş gaýtarsalar hem, toýnagy ýarykly däldirler, olar siziň üçin haramdyr.
[8] Şeýle hem doňuz, onuň toýnagy ýarykly bolsa-da, gäwüş gaýtarmaýar, bu haramdyr. Siz olaryň etini iýmäň we läşini-de ellemäň.
[9] Suwda ýaşaýan ähli jandarlaryň: ýüzgüçlilerini we teňňelilerini iýip bilersiňiz.
[10] Ýüzgüçsiz we teňňesiz jandarlary iýmäň. Olar siziň üçin haramdyr.
[11] Halal hasaplanýan ähli guşlary iýip bilersiňiz.
[12] Emma, ine, şu guşlaryň: bürgüdiň, garaguşuň, derýa bürgüdiniň,
[13] -
[15] çaýçaňňalagyň, laçynyň ähli görnüşleriniň, garganyň ähli görnüşleriniň, düýeguşuň, hüwiniň, çarlagyň, gyrgynyň ähli görnüşleriniň etini iýmeli dälsiňiz;
[16] -
[18] baýguşuň, jüptüniň, uly baýguşuň, ak baýguşuň, gotanyň we dazzarkeliň, leglegiň, hokgaryň ähli görnüşleriniň, hüýpüýpigiň we ýarganatyň etini iýmeli dälsiňiz.
[19] Ähli ganatly mör-möjekler siziň üçin haramdyr. Olary iýmeli dälsiňiz.
[20] Halal hasaplanýan her bir ganatly jandary iýip bilersiňiz.
[21] Haram ölen haýwanlaryň hiç biriniň etini iýmäň. Olary galalaryňyzda ýaşaýan gelmişeklere iýmäge beriň, keseki ýurtlulara satyň. Çünki siz Hudaýyňyz Reb üçin mukaddes halksyňyz. Owlagy enesiniň süýdünde bişirmäň.
[22] Her ýyl meýdanlaryňyzda ýetişen hasylyň ondan bir bölegini aýra goýup,
[23] dänäňiziň, şerabyňyzyň we ýagyňyzyň ondan birini, şeýle hem mal-garalaryňyzdyr dowarlaryňyzyň ilkinji erkek guzlanlaryny Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda, ýagny Onuň Özüne ybadat edilmegi üçin saýlajak ýerinde iýersiňiz. Şonda siz Hudaýyňyz Rebden hemişe gorkmagy öwrenersiňiz.
[24] Emma Hudaýyňyz Rebbiň Özüne ybadat etmek üçin saýlajak ýeri sizden uzak bolup, Hudaýyňyz Rebbiň size bereket beren zatlarynyň ondan bir paýyny uzak ýoldan getirmeli bolsaňyz,
[25] onda bu zatlary satyp, pula öwrüň. Puly alyň-da, Hudaýyňyz Rebbiň saýlajak ýerine gidiň.
[26] Puluňyzy islän zadyňyza sarp ediň: öküz, goýun, şerap ýa-da çakyr – göwnüňiziň islän zadyny alyň. Ony Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda iýip, tutuş hojalygyňyz bilen bile şatlanyp, baýram ediň.
[27] Galalaryňyzda ýaşaýan lewileri äsgermezlik etmäň, sebäbi olaryň siziňki ýaly ýer paýy ýa-da mülki ýokdur.
[28] Her üçünji ýylyň ahyrynda ýeriňizden önýän önümlerden şol ýyl üçin tutuş ondan birini beriň we olary galalaryňyzda ýygnap goýuň.
[29] Siziňki ýaly ýer paýy we mülki ýok lewiler, şeýle hem galalaryňyzda ýaşaýan gelmişekler, ýetimler we dullar gelip, ondan iýip doýsunlar. Şonda Hudaýyňyz Reb siziň etjek ähli işleriňize bereket berer.