[1] Hudaýyňyz Rebbiň size mülk edip berýän ýurdunda kim tarapyndan öldürilendigi näbelli bir jeset meýdanda tapylsa,
[2] ýaşulularyňyz we kazylaryňyz gidip, jesediň golaýyndaky galalara çenli bolan aralygy ölçesinler.
[3] Jesediň golaýyndaky galanyň ýaşululary öň hiç işde ulanylmadyk, boýnuna boýuntyryk salynmadyk bir ýaşar göläni alsynlar.
[4] Ýaşulular bu göläni heniz sürülmedik we ekilmedik ýere – akar suwuň boýuna getirip, onuň boýnuny omursynlar.
[5] Soňra ruhanylar, ýagny Lewiniň ogullary gelsinler, çünki Hudaýyňyz Reb Özüne hyzmat eder ýaly we Öz adyndan halka pata berer ýaly, olary ruhany edip saýlady. Ähli uruşlary we dawalary olar çözýärler.
[6] Jesediň iň golaýyndaky galanyň ähli ýaşululary akar suwuň boýunda boýny omrulan ýaş göläniň üstünde ellerini ýuwsunlar.
[7] Soňra olar şeýle sözleri jar çeksinler: „Bu gana biziň elimiz bulaşmady, kimiň edenini-de gözümiz bilen görmedik.
[8] Ýa Reb, Öz azat eden halkyňy – ysraýyllary bagyşla. Nähak dökülen ganyň günäsini Öz halkyň Ysraýylyň arasynda galdyrma“. Şonda olar şol ganyň günäsinden boşarlar.
[9] Şeýdip, nähak dökülen ganyň günäsini öz araňyzdan aýryp, Rebbiň nazarynda dogry işleri edersiňiz.
[10] Duşmanlaryňyza garşy urşa çykanyňyzda, Hudaýyňyz Reb olary siziň eliňize berse, siz hem olary ýesir alsaňyz
[11] we ýesirleriň arasyndan bir owadan aýala göwnüňiz gidip, oňa öýlenmekçi bolsaňyz,
[12] ony öýüňize alyp geliň. Ol aýal saçyny syrsyn we dyrnaklaryny alsyn.
[13] Egnindäki ýesirlik geýimlerini çykaryp, seniň öýüňde tutuş bir aý oturyp, ene-atasynyň ýasyny tutsun. Şondan soň sen onuň ýanyna girip, onuň adamsy bolarsyň, ol hem seniň aýalyň bolar.
[14] Emma soňrak ony halamasaň, sen ol aýaly boşatmalysyň. Sen onuň namysyna degendigiň üçin, ony gyrnak hökmünde satmaly dälsiň.
[15] Bir adamyň iki aýaly bolup, birini halap, beýlekisini halamaýan bolsa, olaryň ikisi-de oňa ogul dogrup berse we halamaýan aýalynyň ogly onuň nowbahar ogly bolsa,
[16] bir gün emlägini ogullaryna paýlanda, ol halamaýan aýalyndan bolan nowbahar oglunyň paýyny halaýan aýalynyň ogluna bermesin.
[17] Ol halamaýan aýalynyň ogluny nowbahar oguldygyny boýun alyp, oňa ähli zadyndan iki esse paý bermelidir, çünki ol ogul onuň juwanlyk çagynyň ilkinji miwesidir. Ilkinji ogullyk haky onuňky bolmalydyr.
[18] Eger biriniň hötjet, boýun egmezek, ata-enesine gulak asmaýan, olaryň terbiýesini almaýan ogly bar bolsa,
[19] ata-enesi ony tutup, şol ýerdäki galanyň derwezesiniň golaýyna, ýaşulularyň ýanyna getirsin.
[20] Olar galanyň ýaşulularyna: „Biziň bu oglumyz dikdüşdi we gyňyr. Ol bize boýun egenok. Ol açgöz hem içegen“ diýsinler.
[21] Soňra galanyň ähli erkekleri ony daşlap öldürsinler. Şeýdip, siz öz araňyzdan pisligi aýryp taşlaň. Ähli ysraýyllar muny eşidip gorkarlar.
[22] Eger biri jenaýat edip, ölüm jezasyna höküm edilse we siz ony agaçdan asyp öldürseňiz,
[23] onuň jesedini agaçdan uzak gije asyp goýmaň. Siz ony hökman şol gün jaýlamalysyňyz, çünki agaçdan asylan adam Hudaý tarapyndan näletlenendir. Hudaýyňyz Rebbiň size mülk edip berýän ýerini harama çykarmaň.