[1] Şonuň üçin hem Hudaýyňyz Rebbi söýüň, Onuň buýruklaryny, parzlarydyr hökümlerini we tabşyryklaryny hemişe ýerine ýetiriň.
[2] Bu gün şuny ýatda saklaň, men şuny Hudaýyňyz Rebbiň terbiýesini görmedik-bilmedik çagalaryňyza aýdýaryn: siziň çagalaryňyz Rebbiň beýikligini, Onuň gudrat-güýjüni,
[3] Müsüriň patyşasy faraona hem onuň tutuş ýurduna görkezen alamatlarydyr gudratlaryny,
[4] Müsür goşuny atlary we söweş arabalary bilen siziň yzyňyzdan kowup gaýdanynda, şu gün görşüňiz ýaly, Gyzyl deňizde olary Rebbiň nähili gark edenini,
[5] bu ýere ýetip gelýänçäňiz, çölde size Rebbiň nämeler edenini,
[6] ruben tiresinden Eliýabyň agtyklary Datan bilen Abyrama Rebbiň näme edenini, ýagny ähli ysraýyllaryň arasynda ol ikisini, tutuş hojalygy, çadyrlary we olara degişli ähli janly-jandary bilen bile ýeriň agzyny açyp, nähili ýuwudanyny görmediler.
[7] Emma siz Rebbiň görkezen bu beýik gudratlarynyň ählisini öz gözüňiz bilen gördüňiz.
[8] Bu gün men size Rebbiň ähli buýruklaryny ýetirýärin, siz olary berjaý ediň. Şonda siz güýçlenersiňiz we Iordan derýasyndan geçip, eýelemäge barýan ýurduňyzy mülk edinersiňiz.
[9] Rebbiň ata-babalaryňyza we olaryň nesillerine bermegi wada eden süýt we bal akýan ýurdunda uzak ömür sürersiňiz.
[10] Çünki siziň gidip, mülk edinjek ýurduňyz Müsür ýurdy ýaly däldir. Siz Müsürde ýere tohum ekip, gök-bakja ideg eden ýaly, ony zor aýakdan suwarardyňyz.
[11] Emma siziň gidip mülk edinjek ýurduňyzda daglar we jülgeler bardyr. Topragy asmandan ýagýan ýagyş suwarýar.
[12] Ol ýeriň aladasyny edýän Hudaýyňyz Rebdir. Ýylyň başyndan tä ahyryna çenli Hudaýyňyz Rebbiň gözi hemişe ol ýerdedir.
[13] Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän her bir buýrugyna gulak goýup, Hudaýyňyz Rebbi söýüp, tutuş ýüregiňiz bilen jan-tenden Oňa gulluk etseňiz,
[14] Ol siziň topragyňyza güýz hem ýaz ýagyşlaryny öz wagtynda ýagdyrar. Siz dänäňizi, şerabyňyzy we ýagyňyzy ýygnarsyňyz.
[15] Şeýle hem, Ol mal-garalaryňyz üçin ekin meýdanlaryňyzda ot gögerder. Siziň garnyňyz dok bolar.
[16] Ýöne seresap boluň, aldanyp ýoldan çykaýmaň, başga hudaýlara sygynyp, olara gulluk edäýmäň.
[17] Ýogsam size Rebbiň gahary gelip, Ol asmany ýapyp taşlar. Şonda hiç hili ýagyş ýagmaz we ýeriňiz hasyl bermez. Rebbiň size berýän gowy ýurdunda siz tiz heläk bolarsyňyz.
[18] Rebbiň bu sözlerini ýüregiňize hem kalbyňyza siňdiriň. Olary bellik hökmünde eliňize dakyň, maňlaýyňyza nyşan edip belläň.
[19] Bulary çagalaryňyza hem öwrediň, öýde-de, ýolda-da, ýatanyňyzda-turanyňyzda-da diňe şular hakda sözläň.
[20] Olary jaýyňyzyň gapylarynyň söýelerine we derwezelerine ýazyp goýuň.
[21] Şonda Rebbiň ata-babalaryňyza bermegi wada eden ýurdunda siziň çagalaryňyz we özüňiz uzak ömür sürersiňiz. Asman ýeriň üstünde näçe dursa, şol ýurtda şonça-da ýaşarsyňyz.
[22] Hudaýyňyz Rebbi söýüp, Onuň ýolundan ýöräp, Oňa bil baglap, meniň size berýän bu buýruklarymyň ählisini yhlas bilen ýerine ýetirseňiz,
[23] Reb bu halklaryň hemmesini siziň öňüňizden kowup çykarar. Siz özüňizden güýçli we köp sanly halklary kowup çykararsyňyz.
[24] Aýak basan her bir ýeriňiz siziňki bolar. Siziň ýeriňiz çöllükden Liwana çenli, beýik Ýewfrat derýasyndan Günbatar deňzine çenli uzalar.
[25] Garşyňyzda hiç kim durup bilmez. Özüniň söz berşi ýaly, Hudaýyňyz Reb siziň aýak basjak ähli ýeriňize gorky we howsala salar.
[26] Seret, bu gün men siziň öňüňizde alkyş we nälet goýaryn:
[27] Hudaýyňyz Rebbiň bu günki meniň üstüm bilen berýän buýruklaryna boýun egseňiz, alkyş alarsyňyz.
[28] Emma özüňize nätanyş bolan başga hudaýlaryň yzyna eýerip, Hudaýyňyz Rebbiň bu günki meniň üstüm bilen berýän buýruklaryndan ýüz öwrüp, olara boýun egmeseňiz, onda siz näletlenersiňiz.
[29] Hudaýyňyz Reb sizi mülk edinjek ýeriňize getirende, Gerizim dagynda alkyş aýdarsyňyz, Eýbal dagynda bolsa nälet okarsyňyz.
[30] Siziň bilşiňiz ýaly, bu iki dag Iordanyň we günbatar ýoluň aňyrsyndadyr. Olar Araba düzlüginde ýaşaýan kenganlaryň ýerindäki Gilgal galasynyň garşysynda, Moreniň dub agaçlarynyň ýanyndadyr.
[31] Siz Iordandan geçip, Hudaýyňyz Rebbiň size berýän ýerini eýelemäge gideniňizde we ony eýeläp, ol ýerde ýaşanyňyzda,
[32] meniň üstüm bilen bu günki siziň öňüňizde Rebbiň goýan ähli parzlaryny we hökümlerini yhlas bilen ýerine ýetirmelisiňiz.