Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 4:17

[1] Soňra Musa Ysraýylyň ýaşululary bilen halka şeýle tabşyryklar berdi: «Bu günki meniň size tabşyrýan ähli buýruklarymy berjaý ediň.

[2] Iordan derýasyndan geçip, Hudaýyňyz Rebbiň size berýän ýurduna giren günüňiz, uly daşlary dikip, olara hek çalyň.

[3] Ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň söz berşi ýaly, Iordandan geçip, Hudaýyňyz Rebbiň berýän süýt we bal akýan ýurduna gireniňizde, bu Kanunyň ähli sözlerini daşlaryň ýüzüne ýazyň.

[4] Şeýlelikde, siz Iordandan geçeniňizde, meniň bu günki buýruşym ýaly, şol daşlary Eýbal dagynda dikip, olara hek çalyň.

[5] Şol ýerde Hudaýyňyz Rebbe daşdan gurbanlyk sypasyny guruň, daşlary taýýarlanyňyzda demir gurallar ulanmaň.

[6] Hudaýyňyz Rebbiň gurbanlyk sypasy demir degmedik daşlardan ýasalsyn. Soňra onuň üstünde Hudaýyňyz Rebbe ýakma gurbanlygyny beriň.

[7] Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda şatlanyp, salamatlyk gurbanlygyny beriň, ony şol ýerde iýiň.

[8] Bu Kanunyň ähli sözlerini daşlaryň ýüzüne düşnükli edip ýazyň».

[9] Soňra Musa we lewi ruhanylary: «Eý, ysraýyl halky, ümsüm bol we gulak goý! Hut şu gün siz Hudaýyňyz Rebbiň halky bolduňyz.

[10] Şonuň üçin hem siz Hudaýyňyz Rebbe gulak asyp, Onuň bu günki meniň üstüm bilen size berýän tabşyryklaryny we parzlaryny ýerine ýetiriň» diýip, ähli ysraýyllara ýüzlendiler.

[11] Şol gün Musa ysraýyl halkyna şeýle tabşyryklar berdi:

[12] «Iordan derýasyndan geçeniňizde, şimgon, lewi, ýahuda, ysakar, ýusup we benýamin tireleri alkyş sözleri aýtmak üçin Gerizim dagynyň öňünde dursunlar.

[13] Ruben, gat, aşer, zebulun, dan we naftaly tireleri bolsa nälet sözleri okamak üçin Eýbal dagynyň öňünde dursunlar.

[14] Şundan soň lewiler gaty ses bilen ähli ysraýyllara şuny jar etsinler:

[15] „Kimde-kim Rebbe nejis bolan senet işlerini edip, but ýa-da şekil ýasap, ony gizlin ýerde sežde etmek üçin goýsa, goý, oňa nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.

[16] „Ata-enesini kemsiden adama nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.

[17] „Goňşusynyň araçäk daşyny süýşürene nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.

[18] „Köri ýoldan azaşdyrana nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.

[19] „Gelmişege, ýetime we dul hatyna adalatsyzlyk eden adama nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.

[20] „Öz atasyny namysa goýup, onuň aýaly bilen ýatana nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.

[21] „Islendik haýwan bilen ýanaşana nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.

[22] „Bir atadan ýa-da bir eneden bolan gyz dogany bilen ýatana nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.

[23] „Öz gaýynenesi bilen ýatana nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.

[24] „Gizlinlikde adam öldürene nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.

[25] „Nähak gan dökmek üçin para alana nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.

[26] „Bu kanunlaryň sözlerini oňlamaýana, olary ýerine ýetirmeýäne nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.

Kanun taglymaty — Chapters