[1] Ine, bu sözler Musanyň Iordan derýasynyň gündogarynda – çöllükde ýaşaýan tutuş ysraýyl halkyna aýdan sözleri. Olar Supuň garşysyndaky Araba düzlüginde, Paran galasy bilen Topel, Laban, Haserot we Dizahap galalarynyň aralygynda ýaşaýardylar.
[2] Horep dagyndan Kadeşbarneýa çenli aralyk Segir daglygynyň üsti bilen gideniňde, on bir günlük ýoldy.
[3] Kyrkynjy ýylyň on birinji aýynyň birinji güni, Musa Rebbiň buýruşy ýaly edip, ysraýyllara Onuň buýruklaryny ýetirdi.
[4] Bu Musanyň Heşbonda höküm süren amorlaryň hany Sihony, şeýle hem, Aştarotda we Edreýde höküm süren Başan ýurduň hany Ogy ýeňenden soň boldy.
[5] Musa Iordanyň gündogarynda – Mowap ýurdundaka ysraýyllara şu kanuny beýan etmäge başlady:
[6] «Hudaýymyz Reb Horep dagynda şeýle diýdi: „Siz bu dagda uzak wagt bolduňyz.
[7] Indi ýörişiňizi dowam ediň, amorlaryň ýaşaýan daglygyna, şeýle hem, goňşy ülkelere: Araba düzlügine, daglyga, günbatar baýyrlyklara, Negep çölüne, deňiz ýakasyndaky Kengan ýurduna, Liwana we beýik Ýewfrat derýasyna çenli gidiň.
[8] Ine, Men bu ýurdy siziň öňüňizde goýdum. Meniň ata-babalaryňyz Ybraýyma, Yshaga, Ýakuba we olaryň nesillerine bermegi wada eden ýurduma gidiň-de, ony mülk ediniň“».
[9] «Şol wagt men size şeýle diýdim: „Sizi ýeke özüm başaryp biljek däl.
[10] Hudaýyňyz Reb sizi köpeltdi. Şonuň üçin-de bu gün siziň sanyňyz asmandaky ýyldyzlar deý kän.
[11] Size söz berşi ýaly, ata-babalaryňyzyň Hudaýy Reb, goý, siziň sanyňyzy mundan-da müň esse artdyrsyn we sizi ýalkasyn!
[12] Ýöne meniň ýeke özüm ähli dawalaryňyzyň agyr ýüküni gerdenimden nädip aýrarkam?
[13] Her tiräňizden akylly-paýhasly, düşbi we tejribeli adamlary saýlaň“.
[14] Siz maňa: „Seniň netijä gelen pikiriň gowy pikir“ diýip jogap berdiňiz.
[15] Şeýlelikde, men siziň her tiräňizden saýlanan bu akylly-paýhasly we tejribeli adamlary siziň üstüňizden baştutan edip, müňbaşylar, ýüzbaşylar, ellibaşylar, onbaşylar goýdum we beýleki baştutanlary belledim.
[16] Şol wagt men size kazylary hem belledim we olara: „Halkyň arasyndaky dawalara üns berip gulak goýuň, isle ol ýerli bolsun, isle gelmişek bolsun, iki adamyň arasyndaky dawany adalatly çözüň.
[17] Siz kazylyk edeniňizde, tarapgöýlik etmeli dälsiňiz: uly dawany-da, kiçi dawany-da deň diňläň. Hiç kimden gorkmaň, çünki çözgüt Hudaýdandyr. Size çözmesi kyn düşen dawany maňa getiriň, ony özüm diňlärin“ diýdim.
[18] Şeýdip, şol wagt men size etmeli ähli işleriňizi tabşyrdym».
[19] «Soňra Hudaýymyz Rebbiň edil bize buýruşy ýaly, biz Horep dagyndan çykyp, amorlaryň ýaşaýan daglygynyň üsti bilen tä Kadeşbarneýa baryp ýetýänçäk, siziň gören ägirt uly we ýowuz çölüňiziň içi bilen gitdik.
[20] Ol ýerde men size şeýle diýdim: „Hudaýymyz Rebbiň bize berjek amorlaryň ýaşaýan daglygyna-da gelip ýetdik.
[21] Ine, Hudaýyňyz Reb bu ýurdy size berdi. Gidiň-de, ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň size söz berşi ýaly, ony mülk ediniň. Gorkmaň, dowla düşmäň“.
[22] Emma siziň hemmäňiz şonda meniň ýanyma gelip: „Geliň, ýurdy gözden geçirmek üçin öz aramyzdan adamlary ýollalyň. Olar biziň gitjek ýolumyz hakda, barjak galalarymyz barada habar getirerler“ diýdiňiz.
[23] Bu pikir meniň göwnüme makul boldy. Men her tireden bir adam alyp, jemi on iki adam saýladym.
[24] Olar ýola düşüp, daglyga tarap gitdiler. Eşkol deresine ýetenlerinde, olar ony gowy gözden geçirdiler.
[25] Yzlaryna dolanyp gelenlerinde, olar bize şol ýurduň miwe önümlerinden ýygyp getirdiler. Olar: „Hudaýymyz Rebbiň bize berýän ýurdy gowy ýurt eken“ diýen habary getirdiler.
[26] Emma siz ol ýere gitmek islemediňiz. Hudaýyňyz Rebbiň buýrugyna garşy baş göterdiňiz.
[27] Siz çadyrlaryňyzda hüňürdeşip şeýle diýdiňiz: „Reb bizi ýigrenýär, Ol bizi amorlaryň eline berip ýok etmek üçin Müsürden çykaryp getiripdir.
[28] Biz ol ýere nädip gideli? Ol ýere goýberen doganlarymyzyň: ‘Ol ýerdäki adamlar bizden güýçli we uzyn boýly. Olaryň galalary göge ýetip duran beýik we berk diwarly galalardyr! Biz ol ýerde hatda anaklary-da gördük’ diýen habary biziň ýüregimizi howsala saldy“.
[29] Men size şeýle diýdim: „Olardan gorkmaň, dowla düşmäň.
[30] Müsürde we çölde edil gözüňiziň alnynda siziň üçin söweşişi ýaly, ýene-de öňüňizden ýöräp, siziň üçin söweşjek Hudaýyňyz Rebdir.
[31] Çölde ýol boýy ýöriş edip, şu ýere gelip ýetýänçäňiz, edil enäniň öz çagasyny elinde göterip gelşi ýaly, Hudaýyňyz Rebbiň sizi nähili gorap getirendigini özüňiz gördüňiz.
[32] -
[33] Emma siz şonda-da gijesine ot, gündizine bulut görnüşinde düşlejek ýeriňizi, ýörejek ýoluňyzy görkezip, öňüňizden gidýän Hudaýyňyz Rebbe ynam etmediňiz“».
[34] «Siziň sözleriňizi eşidip, Rebbiň gaty gahary geldi we ant içip:
[35] -
[36] „Meniň siz üçin ata-babalaryňyza söz beren gowy ýurdumy Ýepunne ogly Kalepden başga bu pis nesliň hiç biri görmez. Muny diňe Kalep görer. Men-Rebbe ýürekden wepalydygy üçin Men oňa we onuň nesillerine aýak basan ýurduny berjek“ diýdi.
[37] Siz sebäpli Rebbiň hatda maňa-da gahary gelip, Ol maňa şeýle diýdi: „Sen hem ol ýurda aýagyňy sekmersiň.
[38] Ol ýurda seniň kömekçiň Nunuň ogly Ýeşuwa barar. Sen ony golda, çünki ýerleri ysraýyllara mülk edip paýlap berjek ýeke-täk adam şoldur“.
[39] Onsoň Reb tutuş halka: „Uruşda ýesir düşer öýden perzentleriňiz, ýagny bu günki gün ýagşyny-ýamany saýgarmaýan çagalaryňyz ol ýere bararlar. Men bu ýurdy olara berjek, olar muny mülk edinerler.
[40] Emma siz bolsa Gyzyl deňziň ýoly bilen yzyňyza, çöle tarap ýöriş ediň“ diýdi.
[41] Siz maňa: „Biz Rebbe garşy günä etdik! Hudaýymyz Rebbiň bize buýruşy ýaly, biz gidip söweşmäge taýýar“ diýip jogap berdiňiz. Şeýlelikde, ähliňiz söweş ýaraglaryňyzy dakynyp, daglyga çykmak ýeňil bolar öýdüp pikir etdiňiz.
[42] Reb maňa: „Olara aýt: gitmesinler, uruşmasynlar, çünki Men olaryň arasynda bolmaryn. Şonuň üçin hem olar duşmanlaryndan ýeňlerler“ diýdi.
[43] Men muny size ýetirdim, emma siz gulak asmadyňyz. Siz Rebbiň buýrugyna garşy baş göterip, men-menlik bilen daglyga gitdiňiz.
[44] Ol daglykda ýaşaýan amorlar garşyňyza çykyp, Segirden Horma çenli sizi arylar deý kowalap ýençdiler.
[45] Siz yzyňyza dolanyp gelip, Rebbe dady-perýat etdiňiz. Reb siziň sesiňize ne gulak saldy, ne-de üns berdi.
[46] Soňra siz uzak wagtlap Kadeşbarneýada galdyňyz».