[1] Ysraýyllaryň Müsürden çykanlaryndan soňky ikinji ýylyň birinji aýynda Reb Sinaý çölünde Musa bilen gepleşip, şeýle diýdi:
[2] «Ysraýyllar kesgitlenen wagtda Pesah baýramyny bellesinler.
[3] Şu aýyň on dördüne, bellenen wagtda, agşamara ony ähli düzgünlere we kada-kanuna laýyklykda geçirsinler».
[4] Şeýlelikde, Musa ysraýyllara Pesah baýramyny bellemelidiklerini aýtdy.
[5] Şoňa görä, ysraýyllar Sinaý çölünde birinji aýyň on dördüne, agşamara Pesah baýramyny bellediler. Ysraýyllar Rebbiň Musa tabşyran zatlarynyň ählisini berjaý etdiler.
[6] Emma ölä galtaşanlygy zerarly haram bolanlar-da bardy. Olar şol gün Pesah baýramynyň geçirilişine gatnaşyp bilmediler. Şonuň üçin olar Musa bilen Harunyň ýanyna gelip:
[7] «Ölä galtaşyp haram bolsak-da, biz näme üçin beýleki ysraýyllar bilen bile Rebbe bellenen wagtda gurbanlyk bermeli dälmişik?» diýdiler.
[8] Musa olara: «Garaşyň, siz hakda Rebbiň näme tabşyryk berýänini bileýin» diýdi.
[9] Reb Musa şeýle diýdi:
[10] «Ysraýyllara aýt, siziň biriňiziň ýa-da nesilleriňizden biriniň ölä galtaşyp, haram bolandygyna ýa-da uzak saparda bolandygyna garamazdan, Rebbiň Pesah baýramyny belläp bilersiňiz.
[11] Olar ikinji aýyň on dördüne, agşam Pesah gurbanyny soýup, ony petir we ajy otlar bilen iýsinler.
[12] Ertire çenli gurbanlykdan hiç zat galmasyn we onuň ýekeje süňki-de döwülmesin. Pesah baýramy özüniň ähli kada-kanunlaryna laýyklykda bellensin.
[13] Emma kimde-kim tämizdigine we uzak ýola gitmändigine garamazdan, Pesah baýramyny bellemese, onda ol Rebbe berilmeli sadakany bellenen wagtynda bermänligi üçin, halkyň arasyndan kowlup çykarylsyn. Beýle adam eden günäsi üçin jezasyny çekmelidir.
[14] Eger araňyzda ýaşaýan gelmişeklerden biri Rebbiň Pesah baýramyny bellese, onda ol ony ähli kada-kanunlara laýyklykda geçirsin. Asly ysraýylly bolan üçin hem, gelmişek üçin hem bir düzgün bolsun».
[15] Mukaddes çadyryň, ýagny äht çadyrynyň gurlan güni, ony bulut gaplap aldy. Agşamdan tä ertire çenli bulut oda meňzäp, mukaddes çadyryň depesinde durdy.
[16] Bu hemişe şeýle boldy, gündizlerine mukaddes çadyry büreýän bulut gijelerine oda meňzeýärdi.
[17] Bulut çadyryň üstünden göterilensoň, ysraýyllar ýola düşerdiler. Bulut nirä gelip dursa, ysraýyllar hem şol ýerde düşelge gurardylar.
[18] Ysraýyllar Rebbiň buýrugy bilen ýola düşüp, Rebbiň buýrugy bilen hem düşlärdiler. Bulut mukaddes çadyryň depesinde näçe wagtlap saklansa, olar hem öz düşelgelerinde şonça wagt saklanardylar.
[19] Hatda buludyň mukaddes çadyryň depesinde saklanmagy uzaga çekse-de, ysraýyllar Rebbiň buýrugyny berjaý edip göçmezdiler.
[20] Käwagtlar bulut mukaddes çadyryň depesinde diňe sanlyja gün görnerdi, olar hem Rebbiň buýrugyna görä düşelgelerinde bolup, soňra Rebbiň buýrugy bilen hem ýola düşerdiler.
[21] Käwagtlar bolsa bulut diňe agşamdan ertire çenli saklanardy, bulut irden göterilensoň, olar ýola düşerdiler. Gündiz bolsun, gije bolsun – parhy ýok, bulut ýokary gӧterilende ysraýyllar hem ýola düşerdiler.
[22] Bulut mukaddes çadyryň depesinde iki gün saklansa-da, bir aý saklansa-da, hatda ondan hem uzak wagtlap saklanmagyny dowam etse-de, ysraýyllar düşlän ýerlerinden göçmezdiler. Emma bulut göterilen badyna, olar ýene ýola düşerdiler.
[23] Ysraýyllar Rebbiň buýrugy bilen düşläp, Rebbiň buýrugy bilen hem ýola düşerdiler. Olar Rebbiň Musa arkaly berýän buýruklaryny berjaý etdiler.