[1] Bilgam Rebbiň ysraýyl halkyny ýalkamakdan hoşal bolýandygyny bildi. Şonuň üçin hem ol öňküsi ýaly palçylyk edip ýörmedi-de, göni çöle tarap tutdurdy.
[2] Bilgam seredip, ysraýyl halkynyň düşelgede tire-tire bolup oturandygyny gördi. Şol pursat onuň üstüne Hudaýyň Ruhy indi.
[3] Onsoň ol geljekden söz açyp, şeýle diýdi: «Begor ogly Bilgam sözleýär, gözi bilen aýdyň görýän diýýär,
[4] Hudaýyň sözlerini eşidýän, Gudratygüýçlüden görnüş görýän, ýere ýüzin düşüp, gözüm bilen aýdyň görýän.
[5] Eý, Ýakup, çadyrlaryň ne ajap, eý, Ysraýyl düşelgeleriň ne gözel!
[6] Giň jülgeler kimin uzalýar. Derýa kenaryndaky baglar deý uzalyp, Rebbiň eken hoşboý ysly agaçlary deý, edil suw boýunda biten kedrler deý görünýär.
[7] Ysraýyl meşiginden suwlar çogar. Tohumlary bol suw bilen suwarylar. Onuň patyşasy Agakdan-da beýik bolar. Patyşalygy bolsa has-da beýgeler.
[8] Hudaý olary Müsürden ýabany öküziň güýji deý güýç bilen çykarýar. Olar duşman milletlerini iýip, süňklerini çeýnärler, peýkam bilen ýaralarlar.
[9] Ysraýyl edil arslan deý, ene şir deý ýatar. Kim ony turuzmaga milt eder? Çünki Ysraýyly ýalkan ýalkanar, näletlän näletlener».
[10] Onsoň Ballagyň kalbynda Bilgama garşy gazap ody tutaşdy. Ol ellerini şarpyldadyp, biri-birine urup, Bilgama şeýle diýdi: «Men seni duşmanlaryma nälet okatmak üçin çagyrypdym, sen bolsaň, eýýäm üç gezek olara ak pata berdiň.
[11] Indi bu ýerden güm bol-da, öýüňe git! Men seni oňat sylaglajakdym, emma Reb saňa hiç bir sylagy rowa görmedi».
[12] Onda Bilgam Ballaga: «Men seniň ýollan adamlaryňa:
[13] „Ballak hatda öz öýündäki altyn-kümşüň baryny berse-de, men Hudaýym Rebbiň emrini bozup, öz erkime oňat iş hem, erbet iş hem edip bilmerin. Reb näme diýse, menem şony gaýtalaryn“ diýip aýtmanmydym?
[14] Ine, indi men öz ilime gaýtmankam, bu ysraýyl halkynyň geljek günlerde seniň halkyňa nämeler etjekdigi bilen seni habardar edeýin» diýdi.
[15] Onsoň Bilgam geljekden söz açyp, şeýle diýdi: «Begor ogly Bilgam sözleýär, gözi bilen aýdyň görýän diýýär.
[16] Hudaýyň sözlerini eşidýän, Beýik Hudaýdan bilim alýan, Gudratygüýçlüden görnüş görýän, ýere ýüzin düşüp, gözüm bilen aýdyň görýän.
[17] Men ony görýän, ýöne häzir däl, oňa bakýan, ýöne ýakyn däl. Ýakubyň neslinden ýyldyz dörär. Ysraýyldan bir şalyk hasasy göterilip, Mowabyň maňlaýyny ýarar, Şisleriň başyny mynjyradar.
[18] Edom eýeleniler, Segir öz duşmanlarynyň mülküne öwrüler. Ysraýyl bolsa has kuwwatlanar.
[19] Ýakup neslinden bolan biri höküm sürer, galada diri galanlaryň baryny gyrar».
[20] Soňra ol amaleklere seredip, sözüni şeýle dowam etdi: «Amalek milletleriň naýbaşysydy, emma onuň yzy müdimilik ýiter».
[21] Onsoň ol keýnlere bakyp, şeýle diýdi: «Siziň mesgeniňiz howpsuz ýerde, ol gaýanyň depesindäki höwürtge deý amandyr.
[22] Emma, eý, Keýn, aşurlar sizi ýesir alanda, siz ýanyp ýok bolarsyňyz».
[23] Bilgam ýene-de sözüni dowam edip, şeýle diýdi: «Hudaý bulary amal edende, ýaşajak adamlaryň dat gününe!
[24] Emma Kitimden gämiler gelip, Aşur bilen Eberi gulçulykda ezerler, olaryň yzy hem müdimilik ýiter».
[25] Şondan soň Bilgam öýüne tarap ýola düşdi. Ballak hem öz ýoly bilen gitdi.