Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 5:41

[1] Reb Musa şeýle diýdi:

[2] «Özüňe döwme sap kümüşden iki sany surnaý ýasa. Olary jemagaty çagyrmak we düşelgeleri göçürmek üçin ulanarsyň.

[3] Iki surnaý deň çalnanda, bütin jemagat seniň ýanyňa, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesine ýygnansyn.

[4] Eger surnaýlaryň biri çalynsa, onda ysraýyl ýolbaşçylary, ýagny tire baştutanlary seniň ýanyňa ýygnansynlar.

[5] Surnaý gysga-gysga çalynsa, gündogar tarapdaky düşelgeler ýola çyksyn.

[6] Surnaý ikinji gezek gysga çalynsa, onda günorta tarapdaky düşelgeler ýola düşsün. Düşelgäniň göçmelidigini aňladýan surnaý gysga çalynsyn.

[7] Emma jemagaty ýygnamak gerek bolanda, surnaý uzak çalynsyn, gysga çalynmasyn.

[8] Surnaýlary ruhany Harunyň ogullary çalsynlar. Bu siziň we geljekki nesilleriňiz üçin ebedilik düzgün bolsun.

[9] Ýurduňyzda siziň üstüňize çozan duşmana garşy söweşe çykanyňyzda, surnaýlar bilen söweş sazyny çalyň. Şonda Hudaýyňyz Reb sizi ýatlar we duşmanlaryňyzdan halas eder.

[10] Şat günüňizde, bellemeli baýramlaryňyzda we her aýyň başynda, ýakma we salamatlyk gurbanlygyňyzyň başynda surnaýlary çalyň. Olar siziň Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda ýatlanmagyňyz üçin hyzmat eder. Hudaýyňyz Reb Mendirin».

[11] Ysraýyllaryň Müsürden çykanlaryndan soňky ikinji ýylyň ikinji aýynda, aýyň ýigrimisi güni mukaddes äht çadyrynyň depesinden bulut göterildi.

[12] Ysraýyllar göçmäge taýýarlanyp, Sinaý çölünden çykyp ugradylar. Bulut Paran çölüne gelip durdy.

[13] Olar ilkinji gezek Rebbiň Musa arkaly beren buýrugy bilen ýola düşdüler.

[14] Ýahudalaryň düşelgesi topar-topar bolup, öz tugy astynda ilkinji bolup ýola düşdi. Bu tutuş topara Eminadabyň ogly Nahşon baştutanlyk edýärdi.

[15] Ysakar tiresiniň toparyna Sugaryň ogly Netanel baştutanlyk edýärdi.

[16] Zebulun tiresiniň toparyna Helonyň ogly Eliýap baştutanlyk edýärdi.

[17] Onsoň mukaddes çadyr söküldi we ony göterýän gerşonlar bilen merarylar ýola düşdüler.

[18] Soňra rubenleriň düşelgesi topar-topar bolup, öz tugy astynda ýola düşdi. Bu tutuş topara Şedeýuryň ogly Elisur baştutanlyk edýärdi.

[19] Şimgon tiresiniň toparyna Suryşadaýyň ogly Şelumyýel baştutanlyk edýärdi.

[20] Gat tiresiniň toparyna bolsa Deguwalyň ogly Elýasap baştutanlyk edýärdi.

[21] Soňra mukaddes zatlary göterýän kohatlar ýola düşdüler. Bular baryp ýetýänçä, gerşonlar we merarylar mukaddes çadyry dikerdiler.

[22] Soňra efraýymlaryň düşelgesi topar-topar bolup, öz tugy astynda ýola düşdüler. Bu tutuş topara Emihudyň ogly Elişama baştutanlyk edýärdi.

[23] Manaşa tiresiniň toparyna Pedahsuryň ogly Gamlyýel baştutanlyk edýärdi.

[24] Benýamin tiresiniň toparyna bolsa Gidgonynyň ogly Abydan baştutanlyk edýärdi.

[25] Iň soňunda düşelgeleriň yzky goragy hökmünde danlaryň düşelgesi topar-topar bolup, öz tugy astynda ýola düşdi. Bu tutuş topara Emişadaýyň ogly Ahygezer baştutanlyk edýärdi.

[26] Aşer tiresiniň toparyna Okranyň ogly Pagyýel baştutanlyk edýärdi.

[27] Naftaly tiresiniň toparyna bolsa Eýnanyň ogly Ahura baştutanlyk edýärdi.

[28] Ysraýyllar göçenlerinde topar-topar bolup, şu tertipde giderdiler.

[29] Musa gaýynatasy midýanly Reguwalyň ogly Hobaba: «Biz Rebbiň „size berjek“ diýen ýerine tarap ýola düşýäris. Ýör, biziň bilen git, biz saňa ýagşylyk ederis. Çünki Reb Ysraýyla ýagşylyk etjekdigini wada berdi» diýdi.

[30] Emma Hobap oňa: «Ýok, men gitjek däl. Men öz ýurduma, garyndaşlarymyň ýanyna gitjek» diýdi.

[31] Musa oňa: «Bizi taşlap gitme! Çünki çölde düşlejek ýerlerimizi sen gowy bilýärsiň, bize ýolbeletçilik et.

[32] Eger biziň bilen gitseň, Rebbiň bize etjek ýagşylyklaryny seniň bilen paýlaşarys» diýdi.

[33] Onsoň ysraýyllar Rebbiň dagyndan gaýdyp, üç gün ýörediler. Olaryň düşlejek ýerini tapmak üçin, Rebbiň Äht sandygy hem ýoluň bütin dowamynda olaryň öňünden barýardy.

[34] Düşelgeden çykyp ugranlary bäri Rebbiň buludy gündiz olaryň üstündedi.

[35] Her sapar Äht sandygy ýola düşende, Musa şeýle diýerdi: «Galkyn, eý, Reb! Goý, duşmanlaryň dargasyn, seni ýigrenýänler Seniň öňüňden gaçsyn».

[36] Äht sandygy saklananda bolsa ol şeýle diýerdi: «Eý, Reb, müňlerçe ysraýyl kowumlaryna sary öwrül!»

Çölde — Chapters