[1] Reb Musa şeýle diýdi:
[2] «Ysraýyllara şeýle buýruk ber: „Siz Kengan ýurduna gireniňizde, size mülk hökmünde berilýän bu topragyň serhetleri çäklendirilendir.
[3] Siziň günorta serhediňiz Sin çölünden Edom serhediniň boýuna uzalyp gider. Ol gündogarda Öli deňziň günorta kenaryndan başlanýandyr.
[4] Soňra serhet Içýan geçidiniň günortasyndan öwrülip, Sin çölüne geçer. Ondan Kadeşbarneýanyň günortasyna çenli, Hasaradara tarap uzalyp, Asmona tarap geçer.
[5] Serhet Asmondan öwrülip, Müsür derýasyna tarap uzalyp gider we onuň çeti Ortaýer deňzine baryp ýeter.
[6] Ortaýer deňzi we onuň kenary siziň günbatar serhediňiz bolup hyzmat eder. Bu siziň günbatar araçägiňiz bolar.
[7] Siziň demirgazyk araçägiňiz şeýle bolar: Ortaýer deňzinden Hor dagyna çenli aralykda öz serhediňizi bellärsiňiz.
[8] Hor dagyndan Lebohamada çenli öz serhediňizi bellärsiňiz we serhet ondan soň Sedat galasynyň içinden geçer.
[9] Araçäk Sedatdan gündogara Ziprona tarap uzalyp, onuň bir ujy Hasareýnana ýeter. Bu siziň demirgazyk serhediňiz bolar.
[10] Gündogar serhediňiz demirgazykda Hasareýnandan başlanyp, günorta Şepama tarap uzalyp gider.
[11] Serhet Şepamdan Aýynyň gündogar gapdalyndaky Ribla tarap öwrülip, Kinneret deňziniň gündogar ýapgydyna çenli baryp ýeter.
[12] Soňra serhet Iordanyň boýy bilen aşaklygyna gidip, onuň çeti Öli deňze baryp ýeter. Daş-töwereginde şeýle serhetleri bolan bu ýurt siziň ýurduňyz bolar“».
[13] Musa ysraýyllara buýruk berip, şeýle diýdi: «Rebbiň size bije atyp, dokuz tiräniň we günbatardaky manaşa tiresiniň arasynda paýlamagy emr eden mülki, ine, şu toprakdyr.
[14] Ruben, gat tireleri we gündogardaky manaşa tiresi uruglaryna görä özleriniň mülküni eýýäm aldylar.
[15] Bu iki tire we manaşa tiresiniň ýarysy özlerine mülki Iordanyň aňyrsyndan, Ýerihonyň gündogaryndan aldylar».
[16] Reb Musa şeýle diýdi:
[17] «Ýeri size mülk edip paýlap berjek adamlar, ine şulardyr: ruhany Elgazar we Nunuň ogly Ýeşuwa.
[18] Mülki paýlamak üçin her tireden bir adamy ýolbaşçy hem saýlaň.
[19] Ýolbaşçy saýlanmaly adamlar şulardyr: ýahuda tiresinden Ýepunnäniň ogly Kalep.
[20] Şimgon tiresinden Emihudyň ogly Şamuwel.
[21] Benýamin tiresinden Kislonyň ogly Elidat.
[22] Dan tiresinden Ýoglynyň ogly Buky serdar.
[23] Ýusubyň nesilleri: manaşa tiresinden Efodyň ogly Hannyýel serdar.
[24] Efraýym tiresinden Şiptanyň ogly Kemuwal serdar.
[25] Zebulun tiresinden Parnagyň ogly Elisapan serdar.
[26] Ysakar tiresinden Azanyň ogly Paltyýel serdar.
[27] Aşer tiresinden Şelomynyň ogly Ahyhut serdar.
[28] Naftaly tiresinden Emihudyň ogly Pedahel serdar».
[29] Rebbiň Kengan ýurdunda ysraýyllara mülk paýlap bermegi emr eden adamlary şulardan ybaratdy.