Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 10:23

[1] Reb ysraýyllary gyrgynçylyk bilen ýok etmegini bes edenden soň, Musa bilen Harunyň ogly Elgazara:

[2] «Ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan söweşe ukyply, bütin ysraýyl halkynyň her bir erkeginiň sanyny kowumlaryna görä ýekeme-ýeke hasaba al» diýdi.

[3] Ysraýyl halky bu wagt Iordan derýasynyň boýunda, Ýerihonyň garşysynda ýerleşýän Mowap düzlüginde düşelge gurupdy. Musa bilen Elgazar ysraýyllara Rebbiň Musa buýruşy ýaly:

[4] «Ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan adamlaryň hasabyny alyň» diýdiler. Müsürden çykyp gelen ysraýyllaryň sanawy şulardyr:

[5] Ysraýylyň nowbahar ogly Rubeniň nesillerinden: Hanogyň neslinden hanoklar urugy, Palluwyň neslinden pallular urugy,

[6] Hesronyň neslinden hesronlar urugy, Karmynyň neslinden karmylar urugy.

[7] Bularyň bary rubenleriň uruglarydyr, olar kyrk üç müň ýedi ýüz otuz adam boldy.

[8] Palluwyň ogullaryndan Eliýap.

[9] Eliýabyň neslinden: Nemuwal, Datan we Abyram. Bular şol halkyň içinden saýlanan, Rebbe boýun egmän, Musa bilen Harunyň garşysyna gozgalaň turzan Koranyň toparyna goşulan Datan bilen Abyramdyr.

[10] Ýer ýarylyp, olary Kora bilen birlikde ýuwudypdy. Ol ýerdäki iki ýüz elli adam oda ýanypdy. Olar şeýdip, başgalara-da göz bolupdylar.

[11] Koranyň ogullary bolsa ölmän galypdylar.

[12] Uruglaryna görä Şimgon ogullary şulardyr: Nemuwalyň neslinden nemuwallar urugy, Ýamynyň neslinden ýamynlar urugy, Ýakiniň neslinden ýakinler urugy,

[13] Zeranyň neslinden zeralar urugy, Şawulyň neslinden şawullar urugy.

[14] Şimgon uruglary şulardan ybaratdyr, olar ýigrimi iki müň iki ýüz adamdyr.

[15] Uruglaryna görä Gat ogullary şulardyr: Seponyň neslinden seponlar urugy, Hagynyň neslinden hagylar urugy, Şunynyň neslinden şunylar urugy,

[16] Oznynyň neslinden oznylar urugy, Eriniň neslinden eriler urugy,

[17] Arodyň neslinden arotlar urugy, Areliniň neslinden areliler urugy.

[18] Gat uruglary şulardyr, olar kyrk müň bäş ýüz adamdyr.

[19] Ýahudanyň ogullary: Er we Onan. Olaryň ikisi hem Kengan topragynda öldüler.

[20] Uruglaryna görä Ýahudanyň ogullary şulardyr: Şelanyň neslinden şelalar urugy, Peresiň neslinden peresler urugy, Zeranyň neslinden zeralar urugy.

[21] Peres ogullaryndan bolanlar şulardyr: Hesronyň neslinden hesronlar urugy, Hamulyň neslinden hamullar urugy.

[22] Ýahudanyň uruglary şulardan ybaratdyr, olaryň adam sany ýetmiş alty müň bäş ýüz kişidir.

[23] Uruglaryna görä Ysakaryň ogullary şulardyr: Tolanyň neslinden tolalar urugy, Puwanyň neslinden punylar urugy,

[24] Ýaşubyň neslinden ýaşuplar urugy, Şimronyň neslinden şimronlar urugy.

[25] Ysakar uruglary şulardyr, olaryň adam sany altmyş dört müň üç ýüz kişidir.

[26] Uruglaryna görä Zebulun ogullary şulardyr: Saradyň neslinden saratlar urugy, Eýlonyň neslinden eýlonlar urugy, Ýahleýeliň neslinden ýahleýeller urugy.

[27] Zebulun uruglary şulardyr, olaryň adam sany altmyş müň bäş ýüz kişidir.

[28] Uruglaryna görä Ýusubyň ogullary: Manaşa bilen Efraýym.

[29] Manaşanyň ogullary: Makyryň neslinden makyrlar urugy. Makyr Gilgadyň atasydy, Gilgadyň neslinden gilgatlar urugy.

[30] Gilgadyň ogullaryndan bolanlar: Igezeriň neslinden igezerler urugy, Helegiň neslinden helekler urugy,

[31] Asryýeliň neslinden asryýeller urugy, Şekemiň neslinden şekemler urugy,

[32] Şemidanyň neslinden şemidalar urugy, Heperiň neslinden heperler urugy.

[33] Heperiň ogly Selophadyň ogly ýokdy, ýöne onuň Mahla, Noga, Hogla, Milka we Tirsa atly gyzlary bardy.

[34] Manaşa uruglary şulardan ybaratdyr, olaryň adam sany elli iki müň ýedi ýüz kişidir.

[35] Uruglaryna görä Efraýymyň neslinden döränler şulardyr: Şutelanyň neslinden şutelalar urugy, Bekeriň neslinden bekerler urugy, Tahanyň neslinden tahanlar urugy.

[36] Bular Şutelanyň neslinden döränlerdir: Eranyň neslinden eranlar urugy.

[37] Efraýym uruglary şulardyr, olaryň adam sany otuz iki müň bäş ýüz kişidir. Uruglaryna görä Ýusubyň nesilleri şulardy.

[38] Uruglaryna görä Benýaminiň ogullary şulardyr: Balanyň neslinden balalar urugy, Aşbeliň neslinden aşbeller urugy, Ahyramyň neslinden ahyramlar urugy,

[39] Şefufamyň neslinden şufamlar urugy, Hupamyň neslinden hupamlar urugy.

[40] Balanyň Art we Nagaman atly ogullary bardy: Artyň neslinden artlar urugy, Nagamanyň neslinden nagamanlar urugy.

[41] Uruglaryna görä Benýaminiň nesilleri şulardy, olaryň adam sany kyrk bäş müň alty ýüz kişidir.

[42] Uruglaryna görä Danyň ogullaryndan bolanlar şulardy: Şuhamyň neslinden şuhamlar urugy. Bular Dan uruglarydy.

[43] Şuham uruglarynyň hemmesiniň jemi altmyş dört müň dört ýüz adamdy.

[44] Uruglaryna görä Aşer ogullaryndan döränler şulardy: Ýimnanyň neslinden ýimnalar urugy, Ýişwiniň neslinden ýişwiler urugy, Beriganyň neslinden berigalar urugy.

[45] Beriganyň ogullaryndan: Heberiň neslinden heberler urugy, Malkyýeliň neslinden malkyýeller urugy.

[46] Aşeriň gyzynyň ady Serady.

[47] Bular aşer uruglarydy, olaryň adam sany elli üç müň dört ýüz kişidir.

[48] Uruglaryna görä Naftalynyň ogullaryndan döränler: Ýahseýeliň neslinden ýahseýel urugy, Gunynyň neslinden gunylar urugy,

[49] Ýezeriň neslinden ýezerler urugy, Şillemiň neslinden şillemler urugy.

[50] Bular naftaly uruglarydy, olaryň adam sany kyrk bäş müň dört ýüz kişidir.

[51] Sanalyp, hasaba alnan ysraýyllaryň jemi alty ýüz bir müň ýedi ýüz otuz adam boldy.

[52] Reb Musa şeýle diýdi:

[53] «Adamlarynyň sanyna görä, ýerleri tireleriň arasynda mülk edip paýlaň.

[54] Uly tirelere uly, kiçi tirelere kiçi mülk ýer beriň. Her bir tirä hasaba alnan sanyna görä mülk berilmelidir.

[55] Ýurdy bije boýunça tireler arasynda paýlaşsynlar. Her kim öz tiresiniň paýyna görä eýelemelidir.

[56] Ýer bije atylyp paýlansyn, uly paýy uly tirä, kiçi paýy kiçi tirä beriň».

[57] Uruglaryna görä lewileriň sanawy: Gerşonyň neslinden gerşonlar urugy, Kohadyň neslinden kohatlar urugy, Merarynyň neslinden merarylar urugy.

[58] Bular hem Lewi uruglarydyr: libniler urugy, hebronlar urugy, mahlylar urugy, muşylar urugy, koralar urugy. Kohat Imranyň atasydy.

[59] Imranyň aýalynyň ady Ýokebetdi. Ol Lewiniň gyzydy we Müsürde doglupdy. Ýokebet bilen Imrandan Harun, Musa we olaryň uýasy Merýem doguldy.

[60] Harunyň Nadap, Abyhu, Elgazar we Ytamar diýen ogullary boldy.

[61] Emma Nadap bilen Abyhu Rebbiň huzurynda mukaddes bolmadyk ody hödür edendikleri üçin öldüler.

[62] Bir aýlyk we ondan ýokary ýaşyndaky hasaba alnan erkek göbekli lewiler ýigrimi üç müň adam boldy. Lewiler ysraýyllardan aýry hasaba alyndylar. Çünki olara Ysraýylda hiç bir paý berilmedi.

[63] Iordan derýasynyň boýunda, Ýerihonyň garşysyndaky Mowap düzlüginde Musa bilen Elgazar Ysraýylyň ilat sanawyny geçirenlerinde, ähli tireleriň hasabyny aldylar.

[64] Musa bilen ruhany Harunyň Sinaý çölünde geçiren ilat sanawynda hasaba alanlarynyň ýekejesi-de bu gezekdäkileriň arasynda ýokdy.

[65] Çünki Reb olar hakda şeýle diýipdi: «Olaryň hemmesi çölde ölüp giderler. Ýepunnäniň ogly Kalep bilen Nunuň ogly Ýeşuwadan başga olaryň ýekejesi hem diri galmaz».

Çölde — Chapters