Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 6:05

[1] Onsoň Bilgam Ballaga: «Maňa şu ýerde ýedi sany gurbanlyk sypasyny gur-da, ýedi öküz bilen ýedi sany goçy taýýarlap goý» diýdi.

[2] Ballak Bilgamyň aýdyşy ýaly etdi. Onsoň Ballak bilen Bilgam her gurbanlyk sypasynda bir öküzi we bir goçy gurbanlyk berdiler.

[3] Soňra Bilgam Ballaga: «Sen bu ýerde öz ýakma gurbanlygyňyň ýanynda dur, men gideýin. Ähtimal, Reb maňa görner we Ol maňa näme diýse, men ony saňa ýetirerin» diýip, ol depä çykdy.

[4] Hudaý Bilgam bilen duşuşdy we Bilgam Oňa: «Men ýedi sany gurbanlyk sypasyny taýýarladym we olaryň her biriniň üstünde bir öküz bilen bir goçy gurbanlyk berdim» diýdi.

[5] Reb Bilgamyň agzyna aýtmaly sözlerini salyp: «Ballagyň ýanyna bar we oňa şulary aýt» diýdi.

[6] Bilgam Ballagyň ýanyna gaýtdy. Ballak Mowabyň ähli emeldarlary bilen öz ýakma gurbanlyklarynyň ýanynda durdy.

[7] Onsoň Bilgam Hudaýdan gelen aýanlygy habar berip, şeýle diýdi: «Mowap patyşasy Ballak meni gündogardaky daglardan, Siriýa ýurdundan getirip, şeýle diýdi: „Gel, meniň üçin Ýakuby näletle, gel-de, Ysraýyla garga!“

[8] Hudaýyň näletlemedigini men nädip näletläýin? Rebbiň gargamadygyna men nähili gargaýyn?

[9] Gaýalaryň depesinden men Ysraýyly görýärin. Baýyrlardan men oňa bakyp durun. Ine, aýry ýaşaýan bir halkdyr ol, milletler arasynda aýry hasaplanýar.

[10] Ýakubyň nesillerini kim sanap biler? Ysraýylyň dörtden birini kim hasaplap biler? Maňa-da dogruçyl adamlaryň ölüşi dek ölmäge, ömrümiň ysraýylyňky deý gutarmagyna rugsat et!»

[11] Onsoň Ballak Bilgama: «Sen meni nädäýdiň? Duşmanlaryma nälet okasyn diýip, seni ýörite şu ýere getirtdim. Sen bolsa olara hiç zat etmän, gaýtam, olary ýalkaýarsyň!» diýdi.

[12] Bilgam oňa: «Men diňe seresaplylyk bilen Rebbiň agzyma salan sözlerini aýtmaýarynmy näme?» diýip jogap berdi.

[13] Onsoň Ballak oňa: «Haýyş edýärin, meniň yzyma düş, başga ýere gideli, sen ol ýerden olaryň hemmesini däl, bir bölegini görersiň. Meniň üçin olary şol ýerden näletle» diýdi.

[14] Şeýdip, Ballak Bilgamy Zopym ýaýlasyna, Pisga dagynyň depesine alyp bardy. Ol ýerde ýedi sany gurbanlyk sypasyny gurup, olaryň hersiniň üstünde bir öküz bilen bir goçy gurbanlyk berdi.

[15] Bilgam Ballaga: «Men ol ýerde Reb bilen duşuşýançam, sen şu ýerde öz ýakma gurbanlyklaryň ýanynda dur» diýdi.

[16] Reb Bilgama göründi we onuň agzyna söz salyp: «Ballagyň ýanyna baryp, şu zatlary aýt» diýdi.

[17] Bilgam gelende, Ballak Mowabyň emeldarlary bilen öz ýakma gurbanlyklarynyň ýanynda durdy. Ballak ondan: «Reb näme diýdi?» diýip sorady.

[18] Bilgam indi boljak zatlardan habar berip, şeýle diýdi: «Eý, Sipor ogly Ballak, oýan-da, maňa gulak goý.

[19] Hudaý ynsan däl ahyryn, ýalan sözlär ýaly. Ol adam ogly däl, pikirini üýtgeder ýaly. Heý, Onuň beren wadasynyň, aýdan sözüniň bitmedigi barmy?

[20] Ine, Ol maňa Ysraýyly ýalka diýip emr etdi. Hudaýyň Özi ýalkanda, men ony üýtgedip bilmeýärin.

[21] Men Ýakuba hiç hili betbagtlyk ýokdugyny, Ysraýylda bela-beteriň bolmajagyny görýärin. Ysraýyl Hudaýy Reb olar bilendir. Olar Ony öz patyşasy hökmünde alkyşlaýarlar.

[22] Olary Müsürden çykarýan Hudaýdyr, ýabany öküziň güýji deý güýç bilen çykarýar.

[23] Ýakuba hiç bir doga-jady täsir etmez, Ysraýylyň garşysyna täleý garanyň peýdasy ýokdur. Indi bolsa Ysraýyl we Ýakup hakda: „Gör, Hudaýyň eden zatlaryny!“ diýerler.

[24] Seret, halk şir dek oýanyp, arslan deý ýerinden turýar! Ol indi awuny iýip doýýança, öldürenleriniň ganyndan ganýança köşeşmez».

[25] Onsoň Ballak Bilgama: «Sen olary näletleme-de, ýalkama-da» diýdi.

[26] Emma Bilgam Ballaga: «„Reb maňa näme diýse, men hem şony aýdaryn“ diýip, saňa aýtmadymmy näme?» diýip jogap berdi.

[27] Onsoň Ballak Bilgama: «Ýör, men seni başga bir ýere äkideýin, belki seniň olary şol ýerde näletlemegiň Hudaýyň göwnüne ýarar» diýdi.

[28] Onsoň Ballak Bilgamy alyp, çöle bakyp duran Pegor dagynyň depesine getirdi.

[29] Bilgam Ballaga: «Bu ýerde ýedi sany gurbanlyk sypasyny gur-da, meniň üçin ýedi öküz bilen ýedi goç taýýarlap goý» diýdi.

[30] Onsoň Ballak edil Bilgamyň aýdyşy ýaly edip, her bir gurbanlyk sypasynyň üstünde bir öküz bilen bir goçy gurbanlyk berdi.

Çölde — Chapters