Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 7:14

[1] Reb Haruna şeýle diýdi: «Sen, seniň ogullaryň we urugyňyz bilen bilelikde mukaddes zatlar bilen baglanyşykly edilen hata işlere jogapkär bolarsyňyz. Ruhanyçylyga degişli bolan işlerde hata goýberilse, oňa diňe sen öz ogullaryň bilen bile jogapkär bolarsyň.

[2] Ogullaryň bilen äht çadyrynyň öňünde hyzmat edýärkäň, ataňyz Lewiniň tiresinden bolan ähli dogan-garyndaşlaryňyz size goşulyp, size hyzmat ederleri ýaly, olary-da ýanyňa getir.

[3] Goý, olar tutuş öýi gorap, seniň üçin goramak işini ýerine ýetirsinler. Ýöne olar mukaddes öýüň enjamlaryna ýa-da gurbanlyk sypasyna asla golaýlaşmasynlar, ýogsam olaram, sizem heläk bolarsyňyz.

[4] Ýüz tutulýan çadyryň işini ýerine ýetirmäge onuň ähli hyzmatyny etmäge sen jogapkär bolarsyň. Başga bir keseki size ýakynlaşmasyn.

[5] Mundan beýläk ysraýyllaryň depesinden gazabym inmez ýaly, mukaddes ýeriň we gurbanlyk sypasynyň işlerini siziň özüňiz ediň.

[6] Size peşgeş hökmünde, ysraýyllaryň arasyndan lewi doganlaryňyzy Meniň Özüm saýlap aldym. Ýüz tutulýan çadyryň hyzmatyny ederleri ýaly, olar Maňa bagyş edilendir.

[7] Emma sen ogullaryň bilen gurbanlyk sypasyna, iň mukaddes otaga degişli işleriň ählisini yhlas bilen berjaý etmelisiň. Ruhanylygy size Men peşgeş berdim. Sizden başga oňa kim golaýlaşsa, onuň jezasy ölümdir».

[8] Reb Haruna şeýle diýdi: «Maňa berlen sadakalara göz-gulak bolmagy saňa tabşyrdym. Ysraýyllaryň ähli mukaddes sowgatlaryny ruhanyçylyk paýyňyz hökmünde saňa we seniň ogullaryňa ebedilik berdim.

[9] Iň mukaddes sadaka hökmünde otda ýakylmaýan zatlardan şular siziňki bolar: olaryň iň mukaddes zat hökmünde Maňa hödür edýän her bir sadakasy, galla sadakasymy, günä gurbanlygymy ýa ýazyk gurbanlygymy, parhy ýok, bular saňa we seniň ogullaryňa degişlidir.

[10] Olary siz iň mukaddes zat hökmünde iýmelisiňiz, hemme erkekler olardan iýip bilerler. Bular siziň üçin mukaddesdir.

[11] Ine, bular hem siziňkidir: hödür edilen sowgatlary we ysraýyllaryň göterme sadakasy hökmünde berlen sadakalary Men saňa we seniň ogul-gyzlaryňa ebedilik paý edip berdim. Seniň maşgalaňdaky her bir tämiz adam olardan iýip biler.

[12] Olaryň Rebbe hödür edýän iň oňat zeýtun ýagyny, iň oňat şerabyny we bugdaýyny, iň oňat önümlerini size berdim.

[13] Olaryň topragyndan önen ilkinji hasylyndan Rebbe getirilenleriniň hemmesi siziňki bolar. Seniň maşgalaňdaky her bir tämiz adam ondan iýip biler.

[14] Ysraýylda Rebbe aýry goýlan hemme zat seniňki bolar.

[15] Ynsan bolsun, haýwan bolsun, parhy ýok, Rebbe hödür edilýän her jandaryň ilkinji erkek doglan çagasy seniňki bolar. Emma ynsanyň we haram mallaryň ilkinji erkek doglan çagasyny yzyna satyn almalysyň.

[16] Çagalar bir aýlyk bolanda, yzyna satyn almak bahasy mukaddes öýüň resmi ölçegi boýunça bäş şekel kümüş bolsun. Bir şekel iki mysgala deňdir.

[17] Ýöne sygryň, goýnuň, geçiniň ilki guzlanlary üçin töleg alma, olar mukaddesdirler. Olaryň ganyny gurbanlyk sypasyna tarap serpip, ýagyny-da Rebbe ot üsti bilen berilýän ýakymly ysly gurbanlyk hökmünde otda ýak.

[18] Göterme sadakasynyň döşi we sag budy ýaly, sygryň, goýnuň, geçiniň ilki guzlanlarynyň eti hem seniňkidir.

[19] Ysraýyllaryň Rebbe hödür edýän ähli mukaddes sadakalaryny saňa we seniň ogul-gyzlaryňa ebedilik paý hökmünde berdim. Bu seniň we nesilleriň bilen Meniň eden müdimilik ähtimdir».

[20] Soňra Reb Haruna şeýle diýdi: «Olaryň topragynda seniň mülküň bolmaz, olaryň arasyndan saňa paý berilmez. Ysraýyllaryň arasyndaky seniň paýyň we mülküň Mendirin.

[21] Lewilere Rebbe ýüz tutulýan çadyrda edýän hyzmatlarynyň öwezine paý hökmünde ysraýyllaryň Maňa berýän hemme ondan birini berdim.

[22] Mundan beýläk ysraýyllar Rebbe ýüz tutulýan çadyra golaýlaşmasynlar, ýogsam olar günäleri üçin jeza çekip ölerler.

[23] Rebbe ýüz tutulýan çadyryň hyzmatyny lewiler etsinler, olar öz hata işlerine jogapkär bolarlar. Bu size nesiller boýy ebedilik parz bolsun. Ýöne ysraýyllaryň arasynda lewileriň mülki bolmaz.

[24] Sebäbi Men lewilere paý edip, ysraýyllaryň Maňa sadaka hökmünde berýän ondan birini berdim». Şonuň üçin hem, Men lewilere ysraýyl halkynyň arasyndan miras bermerin diýdim.

[25] Onsoň Reb Musa şeýle diýdi:

[26] «Lewilere aýt, olara paý hökmünde beren ondan birimi ysraýyllardan kabul edip alanlarynda-da, ondan Maňa sadaka edip, ondan birleriň ondan birini bersinler.

[27] Bu olar üçin täze harmandan berlen galla ýa-da täze şerap sadakasy bilen deň hasap ediler.

[28] Şeýdip, olar hem ysraýyllardan alýan ondan birinden Rebbe sadaka bersinler we Rebbiň sadakasyny ruhany Haruna bersinler.

[29] Lewilere berilýän sowgatlardan Rebbiň sadaka paýyny bersinler. Hemmesiniň iň gowusyny Rebbiň mukaddes paýy hökmünde bersinler.

[30] Lewilere ýene şuny aýt: daýhanyň sadaka bereninden soň galanyny özüne alşy ýaly, lewiler hem sadakanyň iň gowusyny hödür edenlerinden soň galanyny özlerine alsynlar.

[31] Olar we olaryň maşgalalary ony islendik ýerde iýip bilerler. Çünki ol Rebbe ýüz tutulýan çadyrda lewileriň edýän hyzmatynyň hakydyr.

[32] Onuň iň gowusyny sadaka bereniňizden soň, ondan iýseňiz, ýazykly bolmarsyňyz. Emma ysraýyllaryň berýän mukaddes sowgatlarynyň iň gowy bölegi sadaka berilmänkä iýip, harama çykarmaň, ýogsam ölersiňiz».

Çölde — Chapters