Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 5:11

[1] Şondan soň halk Haserotdan göçüp gaýdyp, Paran çölünde düşelge gurdy.

[2] Reb Musa şeýle diýdi:

[3] «Meniň ysraýyllara berýän Kengan ýurdumy synlamak üçin, tireleriň hersinden bir serdary içaly edip, ol ýere iber».

[4] Musa Rebbiň buýrugy bilen Paran çölünden adamlary ugratdy. Olaryň hemmesi ysraýyl serdarlarydy.

[5] Olaryň atlary şulardyr: ruben tiresinden Zakuryň ogly Şammuwa;

[6] şimgon tiresinden Horynyň ogly Şapat;

[7] ýahuda tiresinden Ýepunnäniň ogly Kalep;

[8] ysakar tiresinden Ýusubyň ogly Ýygal;

[9] efraýym tiresinden Nunuň ogly Hoşeýa;

[10] benýamin tiresinden Rapuwyň ogly Palty;

[11] zebulun tiresinden Sodynyň ogly Gadyýel;

[12] ýusup tiresinden, ýagny manaşa tiresinden Susynyň ogly Gady;

[13] dan tiresinden Gemallynyň ogly Emiýel;

[14] aşer tiresinden Mikaýylyň ogly Setur;

[15] naftaly tiresinden Wopsynyň ogly Nahby;

[16] gat tiresinden Makynyň ogly Gewuwal.

[17] Ýurdy gözden geçirmek üçin, Musanyň iberen adamlary şulardyr. Musa Nunuň ogly Hoşeýa Ýeşuwa adyny berdi.

[18] Musa olary Kengan ýurduny gözden geçirmek üçin ugradanda, şeýle diýdi: «Mundan göni Negebe gidip, daglyga çykyň.

[19] Ýurduň nähilidigini synlaň. Ol ýerde ýaşaýan halk güýçlümi ýa ejiz, köplükmi ýa azlyk?

[20] Olaryň ýaşaýan ýeri gowumy ýa-da erbet? Olar galalarda ýaşaýarmy ýa-da açyk meýdanda?

[21] Mes topraklymy ýa arryk, agaçlymy, agaçsyz? Batyrgaý hereket ediň we ol ýurduň miwelerinden getiriň». Ol wagtlar üzümleriň ýetişýän möwsümidi.

[22] Şeýdip, olar ýola düşdüler we Sin çölünden tä Lebohamadyň golaýyndaky Rehop galasyna çenli bolan ýerleri gözden geçirdiler.

[23] Olar Negebe çykdylar we Hebrona geldiler. Ol ýerde Ahyman, Şeşaý we Talmaý uruglary hem ýaşapdy. Olar Anagyň nesilleridi. (Hebron Müsürdäki Zogan galasyndan ýedi ýyl öň gurlupdy.)

[24] Olar Eşkol deresine baranlarynda ol ýerden bir salkym üzümi şahasy bilen bile kesip aldylar we ony iki adam bolup taýakdan asyp göterdiler. Olar az-owlak nar bilen injir hem aldylar.

[25] Ysraýyllaryň kesen üzüm salkymlaryndan soň, ol ýere Eşkol deresi diýen at galdy.

[26] Olar ýurdy kyrk günläp synlansoňlar, yzlaryna gaýtdylar.

[27] Olar Paran çölündäki Kadeşe, Musa bilen Harunyň we bütin ysraýyl jemagatynyň ýanyna gaýdyp geldiler. Olar tutuş jemagata görüp-eşidenlerini habar berip, ol ýerden getiren miwelerini görkezdiler.

[28] Olar Musa şeýle diýdiler: «Biz seniň iberen ýurduňa bardyk. Ol ýerde, hakykatdanam, süýt we bal akýar, ine, bular hem şol ýeriň miwelerinden.

[29] Emma ol ýerde ýaşaýan halk biçak güýçli eken. Olaryň galalary berk diwarly we örän uly. Hatda ol ýerde biz Anagyň nesillerini-de gördük.

[30] Negep ülkesinde amalekler, daglyk ýerlerde hetler, ýabuslar, amorlar, deňiz ýakasynda we Iordan derýasynyň boýunda bolsa kenganlar ýaşaýan ekenler».

[31] Emma Kalep Musanyň öňünde duran halkyň sesini kesip: «Derrew gideliň-de, ol ýurdy basyp alalyň, çünki olary ýeňmäge biziň hökman güýjümiz ýeter» diýdi.

[32] Onuň bilen giden adamlar bolsa: «Biz ol halkyň garşysyna çykyp bilmeris, çünki olar bizden has güýçli» diýdiler.

[33] Şeýlelikde, olar görüp gelen ýurdy hakynda ysraýyllara ýakymsyz zatlar aýdyp, şeýle diýdiler: «Biziň synlamak üçin içinden geçen ýurdumyz öz ilatyny özi iýip ýören ýurt eken. Ol ýerde ýaşaýan adamlaryň hemmesi gaty iri adamlar eken.

[34] Biz ol ýerde nefilleri (anaklar nefilleriň nesilleridir) gördük. Olaryň ýanynda özümizi edil çekirtge ýaly duýduk. Olara-da biz çekirtge ýalyjak bolup göründik».

Çölde — Chapters