Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 7:09

[1] Negep çölündäki Arat galasynyň kengan hany ysraýyllaryň Atarym ýolundan gelýändigini eşidende, ol ysraýyllar bilen urşup, olaryň birnäçesini ýesir aldy.

[2] Şonda ysraýyllar Rebbe wada berip: «Eger hakykatdan hem bu halky biziň elimize berseň, olaryň galalaryny Saňa aýry goýlandygy üçin bütinleý ýok ederis» diýdiler.

[3] Reb ysraýyl halkynyň sesini eşitdi we kenganlary olaryň eline berdi. Ysraýyllar olary gyryp, olaryň galalaryny-da bütinleý ýok etdiler. Şondan soň ol ýere Horma diýen at galdy.

[4] Onsoň ysraýyllar Hor dagyndan göçüp, Edom ýurdunyň daşyndan aýlanyp ötmek üçin, Gyzyl deňziň ýoly bilen gitdiler. Emma ýolda halk sabyrsyzlyk etdi.

[5] Olar Hudaýyň we Musanyň garşysyna: «Bizi Müsürden çölde gyrylmagymyz üçin alyp gaýtdyňyzmy? Bu ýerde ne çörek, ne-de suw bar. Bu tagamsyz iýmitden-de halys irdik» diýdiler.

[6] Reb muňa jogap edip, halkyň arasyna zäherli ýylanlar iberdi. Olaryň zäherinden ysraýyllardan köp adam öldi.

[7] Halk Musanyň ýanyna gelip: «Rebbe we saňa dil ýetirip, biz günä iş etdik. Ýylanlary aramyzdan aýrar ýaly, Rebden dileg et» diýdiler. Musa halk üçin dileg etdi.

[8] Reb Musa: «Bir zäherli ýylanyň şekilini ýasa we ony uzyn syrygyň ujuna berkit. Ýylan çakan adam oňa sereden badyna sagalar» diýdi.

[9] Onsoň Musa sap bürünçden ýylan ýasap, ony syrygyň ujuna berkitdi. Her bir ýylan çakan adam oňa sereden badyna sagalyp, diri galardy.

[10] Ysraýyllar göçdüler we gelip, Obotda düşlediler.

[11] Soňra Obotdan göçüp, Mowabyň gündogaryndaky çöllükde, Iýeý Abarymda düşlediler.

[12] Ol ýerden hem Zeret deresine göçüp bardylar.

[13] Ol ýerden hem göçüp, Arnon jülgesiniň aňyrsynda, amorlaryň serhedinden bäri ýaýylyp ýatan çöllükde düşlediler. Arnon jülgesi Mowap bilen Amoryň arasyndan geçýän Mowabyň serhedi bolup hyzmat edýärdi.

[14] -

[15] Şeýdip, «Rebbiň söweşleri kitabynda» Supa ülkesindäki Wahep galasy hakynda, Arnon dereleriniň ýapgytlary hakynda, Mowabyň serhediniň boýy bilen Ar galasyna çenli ýaýylýan bu dereleriň ýapgytlary hakynda hem ýatlanylýar.

[16] Ysraýyllar ol ýerden Beýere, Rebbiň Musa: «Halky bir ýere ýygna, olara suw berjek» diýen guýusyna tarap ýola düşdüler.

[17] Şonda olar şu aýdymy aýtdylar: «Suwlaryň joşsun, eý, guýy! Munuň şanyna aýdym aýdalyň!

[18] Patyşalyk hasasy bilen, soltanlyk naýzasy bilen, baştutanlaryň açdy bu guýyny, halk şazadalary gazdy bu guýyny». Olar çöllükden Matana çenli,

[19] Matanadan Nahalyýele çenli, Nahalyýelden Bamota,

[20] Bamotdan bolsa çölüň üstüne abanyp duran Pisga dagynyň depesi bilen Mowap topragynda ýerleşýän jülgä çenli gitdiler.

[21] Soňra ysraýyllar amorlaryň hany Sihona ilçiler ýollap, şeýle diýdiler:

[22] «Bize ýurduňyzyň içinden geçip gitmäge rugsat ber. Biz ekinleriň ýa üzümçilikleriň içine sowulmarys ýa-da guýularyňyzdan suw içmeris. Biz tä siziň ýurduňyzdan çykýançak, diňe şaýoldan ýöräris».

[23] Emma Sihon öz ýurdunyň içinden geçip gitmäge ysraýyllara rugsat bermedi. Ol bütin goşunyny ýygnap, ysraýyllaryň garşysyna çöle çykdy we Ýahasa gelip, olar bilen söweşe girdi.

[24] Ysraýyllar Sihony gylyçdan geçirip, onuň Arnondan Ýaboga çenli, tä Ammonyň serhedine çenli bolan ýerleriniň baryny eýelediler. Ammonyň serhedi bolsa güýçli goralýardy.

[25] Ysraýyllar amorlaryň galalarynyň hemmesini basyp aldylar. Olar amorlaryň ähli galalarynda, hatda Heşbonda we onuň ähli obalarynda ornaşdylar.

[26] Heşbon galasy amorlaryň hany Sihonyň paýtagt galasydy. Sihon Mowabyň öňki hany bilen urşup, onuň Arnona çenli bolan ähli ýerlerini basyp alypdy.

[27] Bu hakda bagşylar şeýle diýýärler: «Heşbona geliň, goý, ol gurulsyn, goý, Sihon galasy dikeldilsin.

[28] Çünki Heşbondan ot, Sihonyň galasyndan ýalyn çykdy. Mowabyň Ar galasyny ýalyn gurşady, Arnon depelerini-de, ýuwutdy ol.

[29] Waý, saňa, eý, Mowap! Siz heläk bolduňyz, eý, Kemoş halky! Ogullaryňyz bosgunlara öwrüldi, gyzlaryňyz amor hany Sihonyň ýesiri boldular.

[30] Şeýdip, biz olary ýer bilen ýegsan etdik. Heşbondan Dibona barýançak gyryldylar. Meýdeba uzalýan Nopa çenli olary ýok etdik».

[31] Şunlukda, ysraýyllar amorlaryň ýurdunda ornaşdylar.

[32] Musa Ýazer galasyny gözden geçirmek üçin, içalylar ugratdy. Soňra ysraýyllar onuň töweregindäki obalary basyp aldylar we ol ýerdäki amorlary kowup çykardylar.

[33] Soňra ysraýyllar Başan ýurduna tarap ýoluny dowam etdirdiler. Başan hany Og ysraýyllar bilen söweşmek üçin, Edreý galasynda ähli urşujylary bilen olaryň garşysyna çykdy.

[34] Reb Musa: «Men Ogy, onuň ähli halkyny we ýurduny seniň eliňe berdim. Ondan gorkma. Heşbonda hanlyk süren amor hany Sihony ýok edişiň ýaly, Ogy hem ýok et» diýdi.

[35] Ysraýyllar Ogy, onuň ogullaryny we bütin goşunyny ýekeje adam goýman gyryp, onuň ýurduny eýelediler.

Çölde — Chapters