Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 5:08

[1] Reb Musa bilen Haruna şeýle diýdi:

[2] «Ysraýyl tireleri düşlände, hersi öz düşelgesinde öz uruglarynyň tugy astynda çadyrlaryny diksinler. Olar çadyrlaryny Rebbe ýüz tutulýan çadyrdan uzagrakda diksinler.

[3] Ýahuda goşunlary mukaddes çadyryň gündogarynda öz tugy astynda düşelgesini gursun. Ýahudalaryň baştutany Eminadabyň ogly Nahşondyr.

[4] Onuň goşunynda hasaba alnanlar ýetmiş dört müň alty ýüz adamdyr.

[5] Onuň ýanynda ysakar tiresiniň düşelgesi bolsun. Ysakarlaryň baştutany Sugaryň ogly Netaneldir.

[6] Onuň goşunynda hasaba alnanlar elli dört müň dört ýüz adamdyr.

[7] Onuň gapdalynda zebulun tiresi çadyryny diksin. Zebulunlaryň baştutany Helonyň ogly Eliýapdyr.

[8] Onuň goşunynda hasaba alnanlar elli ýedi müň dört ýüz adamdyr.

[9] Ýahuda düşelgesindäki hasaba alnan goşunyň jemi bir ýüz segsen alty müň dört ýüz adam. Ýörişe ilkinji bolup şolar çyksynlar.

[10] Günorta gapdalynda, öz tugy astynda ruben goşunlarynyň düşelgesi bolsun. Rubenleriň baştutany Şedeýuryň ogly Elisurdyr.

[11] Onuň goşunynda hasaba alnanlar kyrk alty müň bäş ýüz adamdyr.

[12] Onuň ýanynda şimgon tiresiniň düşelgesi bolsun. Şimgonlaryň baştutany Suryşadaýyň ogly Şelumyýeldir.

[13] Onuň goşunynda hasaba alnanlar elli dokuz müň üç ýüz adamdyr.

[14] Onuň gapdalynda gat tiresi çadyryny diksin. Gatlaryň baştutany Reguwalyň ogly Elýasapdyr.

[15] Onuň goşunynda hasaba alnanlar kyrk bäş müň alty ýüz elli adamdyr.

[16] Ruben düşelgesindäki hasaba alnan goşunyň jemi bir ýüz elli bir müň dört ýüz elli adam. Olar ýörişe ikinji bolup çyksynlar.

[17] Lewileriň düşelgesi Rebbe ýüz tutulýan çadyr bilen bilelikde beýleki düşelgeleriň ortasynda ýöremelidir. Edil düşleýişleri ýaly, her bir adam öz ornunda, öz tugy astynda ýörişe çyksyn.

[18] Günbatar gapdalynda öz tugy astynda efraýym goşunlarynyň düşelgesi bolsun. Efraýymlaryň baştutany Emihudyň ogly Elişamadyr.

[19] Onuň goşunynda hasaba alnanlar kyrk müň bäş ýüz adamdyr.

[20] Onuň ýanynda manaşa tiresiniň düşelgesi bolsun. Manaşalaryň baştutany Pedahsuryň ogly Gamalyýeldir.

[21] Onuň goşunynda hasaba alnanlar otuz iki müň iki ýüz adamdyr.

[22] Onuň gapdalynda benýamin tiresiniň düşelgesi bolsun. Benýaminleriň baştutany Gidgonynyň ogly Abydandyr.

[23] Onuň goşunynda hasaba alnanlar otuz bäş müň dört ýüz adamdyr.

[24] Efraýym düşelgesindäki goşunyň jemi bir ýüz sekiz müň bir ýüz adam. Olar ýörişe üçünji bolup çyksynlar.

[25] Demirgazyk gapdalynda, öz tugy astynda dan goşunlarynyň düşelgesi bolsun. Danlaryň baştutany Emişadaýyň ogly Ahygezerdir.

[26] Onuň goşunynda hasaba alnanlar altmyş iki müň ýedi ýüz adamdyr.

[27] Onuň ýanynda aşer tiresiniň düşelgesi bolsun. Aşerleriň baştutany Okranyň ogly Pagyýeldir.

[28] Onuň goşunynda hasaba alnanlar kyrk bir müň bäş ýüz adamdyr.

[29] Onuň gapdalynda naftaly tiresiniň düşelgesi bolsun. Naftalylaryň baştutany Eýnanyň ogly Ahuradyr.

[30] Onuň goşunynda hasaba alnanlar elli üç müň dört ýüz adamdyr.

[31] Dan düşelgesindäki goşunyň jemi bir ýüz elli ýedi müň alty ýüz adam. Olar iň soňky bolup, hersi öz tugy astynda ýörişe çyksynlar».

[32] Ysraýyllaryň uruglaryna görä hasaba alnanlarynyň jemi şeýledi. Düşelgelerdäki hasaba alnan goşunyň jemi alty ýüz üç müň bäş ýüz elli adam boldy.

[33] Rebbiň Musa buýruşy ýaly, lewiler beýleki ysraýyllaryň arasynda hasaba alynmady.

[34] Ysraýyllar edil Rebbiň Musa buýruşy ýaly etdiler. Olaryň her biri öz tugy astynda ýerleşip, öz urugyna we kowumyna görä, aýdylan tertipde ýörişe çykdylar.

Çölde — Chapters