Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 7:24

[1] Rubenler bilen gatlaryň mal-garasy gaty köpdi. Ýazer we Gilgat topraklarynda mal bakmaga oňat ýerleriň bardygyny görenlerinde,

[2] gatlar bilen rubenler gelip, Musa bilen ruhany Elgazara we halkyň baştutanlaryna şeýle diýdiler:

[3] «Atarot, Dibon, Ýazer, Nimra, Heşbon, Elgala, Sebam, Nebo we Begon ýaly

[4] Rebbiň ysraýyl halky üçin basyp alan ýerleri mal bakmaga amatly ýerlerdir. Siziň gullaryňyzyň bolsa mal-garasy bar».

[5] Olar şeýle dowam etdiler: «Eger biz siziň öňüňizde merhemet gazanan bolsak, goý, bu toprak biz gullaryňyza mülk edilip berilsin. Bizi Iordan derýasyndan aňry geçirmäň».

[6] Musa olara şeýle jogap berdi: «Doganlaryňyz urşa gidýärkä, siz bu taýda galmakçymy?

[7] Näme sebäpden Rebbiň özlerine beren ýurduna gitmezlikleri üçin, ysraýyllaryň ýüregine dowul saljak bolýarsyňyz?

[8] Ýurdy gözden geçirsinler diýip, Kadeşbarneýadan ugradan atalaryňyz hem şeýle edipdiler.

[9] Eşkol deresine çenli gidip, ýurdy synlanlaryndan soň, olar gelip, Rebbiň özlerine beren ýurduna girmezlikleri üçin, ysraýyllaryň ýüreklerine gorky salypdylar.

[10] Ol gün Rebbiň gahary geldi we Ol ant içip, şeýle diýdi:

[11] „Müsürden çykan ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan adamlaryň hiç biri Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba wada beren ýurdumy görmez. Çünki olar Maňa bütin kalplary bilen ynanmadylar.

[12] Meniň wada beren ýurduma diňe Ýepunnäniň ogly Kalep bilen Nunuň ogly Ýeşuwa baryp biler, çünki olar Maňa bütin kalby bilen ynandylar“.

[13] Onsoň Ysraýylyň garşysyna Rebbiň gahary geldi we Ol Öz nazarynda pislik eden nesil ölüp gutarýança, olary kyrk ýyllap çölde entetdi.

[14] Ine, indi bolsa siz – günäkärleriň nesli, öz atalaryňyzyň ornuna geçip, Ysraýylyň garşysyna Rebbiň gahar-gazap oduny has-da tutaşdyrdyňyz!

[15] Eger siz Rebbiň yzyna eýermekden boýun towlasaňyz, Ol bütin halky ýene-de çölüň içinde ýeke taşlar. Siz hem halkyň ölümine sebäp bolarsyňyz».

[16] Onsoň rubenler bilen gatlar Musanyň ýanyna gelip, oňa şeýle diýdiler: «Biz bu ýerde dowar sürülerimiz üçin agyllar we çagalarymyz üçin galalar gurjak.

[17] Emma biz söweşe taýýar bolup, gaýduwsyz esgerler hökmünde ysraýyllaryň öňünden gideris we olary barmaly ýerlerine çenli elteris. Şu wagt bolsa, biziň çagalarymyz bu ülkäniň ilatyndan goranyp, berkidilen galalarda ýaşarlar.

[18] Ysraýyllaryň her biri öz mülküne eýe bolýança, biz öýümize gaýtmarys.

[19] Biz olar bilen birlikde Iordanyň aňry gapdalyndan mülk ýer almarys, çünki biziň paýymyza Iordanyň bäri gapdaly, gündogar tarapy düşdi».

[20] Şonda Musa olara şeýle diýdi: «Eger siz şu aýdanlaryňyzy edip, gaýduwsyz esgerler hökmünde Rebbiň huzurynda söweşe gitseňiz,

[21] Reb duşmanlaryny gaçmaga mejbur edýänçä, gaýduwsyz esgerler hökmünde hemmäňiz Rebbiň huzurynda Iordanyň aňry tarapyna geçseňiz

[22] we ýurt Rebbe tabyn bolsa, ondan soň siz yzyňyza dolanyp bilersiňiz. Bu siziň Rebbiň we Ysraýylyň öňündäki borçlaryňyzy ýerine ýetirdigiňiz bolar we bu ülke Rebbiň huzurynda siziň mülküňiz bolar.

[23] Eger beýle etmeseňiz, Rebbe garşy günä iş etdigiňiz bolar we hökman gazanan günäňiziň jezasyny çekersiňiz.

[24] Çagalaryňyz üçin galalar, sürüleriňiz üçin agyllar guruň, ýöne beren wadaňyzy berjaý ediň».

[25] Onsoň gatlar bilen rubenler Musa şeýle diýdiler: «Agamyz näme buýursa, biz gullaryň berjaý ederis.

[26] Çaga-çugalarymyz, aýallarymyz, dowarlarymyz we ähli mal-garalarymyz bu ýerde, Gilgat galasynda galar.

[27] Gullaryň bolan biz bolsa, gaýduwsyz esgerler hökmünde hemmämiz agamyzyň aýdyşy ýaly, derýadan geçip, Rebbiň huzurynda söweşe çykarys».

[28] Onsoň Musa olar hakda ruhany Elgazara, Nunuň ogly Ýeşuwa we ysraýyl tireleriniň urugbaşylaryna şeýle buýruk berdi:

[29] «Eger gatlar bilen rubenler gaýduwsyz esgerler hökmünde hemmesi Rebbiň huzurynda siziň bilen Iordandan geçseler we ol ýurt size tabyn bolsa, onda siz olara Gilgat ülkesini mülk edip beriň.

[30] Emma olar gaýduwsyz esgerler hökmünde siziň bilen derýadan geçmeseler, onda siziň araňyzda Kengan topragyndan mülk alarlar».

[31] Gatlar bilen rubenler şeýle jogap berdiler: «Reb seniň gullaryňa näme buýursa, biz şony-da berjaý ederis.

[32] Biz gaýduwsyz esgerler hökmünde Rebbiň huzurynda derýadan geçip, Kengan ýurduna gireris, ýöne bize miras düşen mülkümiz, goý, Iordanyň şu gündogar gapdaly bolsun».

[33] Musa gatlar bilen rubenlere we Ýusubyň nesli bolan manaşa tiresiniň ýarysyna amor hany Sihonyň ýurduny we Başanyň hany Oguň ýurduny, olaryň töweregindäki galalarydyr obalary bilen birlikde berdi.

[34] Onsoň gatlar Dibon, Atarot, Aroger,

[35] Atrotşopan, Ýazer, Ýogboha,

[36] Beýtnimra we Beýtharan ýaly berk galalary dikeltdiler we dowarlar üçin agyllar gurdular.

[37] Rubenler bolsa Heşbon, Elgala, Kirýataýym,

[38] Nebo, Bagalmegon (olar käbir galanyň atlaryny çalyşdylar) we Sibma galasyny täzeden gurdular. Olar täzeden guran galalaryna başga atlar dakdylar.

[39] Manaşanyň ogly Makyryň nesilleri gidip, Gilgady basyp aldylar we ol ýerden amorlary kowdular.

[40] Musa Gilgady Manaşanyň ogly Makyryň nesillerine berdi. Olar ol ýerde mesgen tutdular.

[41] Manaşanyň ogly Ýaýyr gidip, olaryň obalaryny basyp aldy we olaryň adyna Hawotýaýyr goýdy.

[42] Noba gidip, Kenaty we onuň töweregindäki obalary basyp alyp, ol ýere Noba diýip, öz adyny dakdy.

Çölde — Chapters