Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 2:41

[1] Merýem bilen Harun Musanyň efiopiýaly aýala öýlenendigi üçin ýazgardylar. (Hakykatdanam Musanyň ikinji aýaly Efiopiýadandy.)

[2] Olar: «Reb diňe bir Musa bilen gepleşmän, biziň bilenem gepleşdi ahyryn» diýdiler. Reb olaryň bu diýenlerini eşitdi.

[3] Musa juda kiçigöwünli adamdy, beýle adam ýer ýüzünde başga ýokdy.

[4] Birdenkä Reb Musa, Haruna we Merýeme: «Üçiňizem Maňa ýüz tutulýan çadyra geliň» diýdi. Onsoň olaryň üçüsi-de ol ýere gitdiler.

[5] Reb bulut sütüni görnüşinde aşak indi we çadyryň girelgesinde durup, Harun bilen Merýemi çagyrdy. Olar öňe çykdylar.

[6] Reb olara şeýle diýdi: «Meniň sözlerime gulak salyň: „Eger araňyzda pygamberler bar bolsa, Men-Reb görnüşlerde Özümi aýan edip, Olar bilen düýşde gepleşýärin.

[7] Ýöne gulum Musa bilen beýle däldir, Ol tutuş halkymyň sadyk ýolbaşçysydyr.

[8] Men onuň bilen syrly däl-de, açyk, ýüzbe-ýüz gepleşýärin. Hatda ol Men Rebbiň keşbini-de görýär. Siz näme üçin gulum Musanyň ýüzüne gelmäge gorkmadyňyz?“»

[9] Olara garşy Rebbiň gahary geldi we Reb ol ýerden gitdi.

[10] Bulut çadyryň depesinden syrylanda, Merýem deri keseline uçrap, ak gar ýaly pis açdy. Harun Merýeme tarap seredip, onuň deri keseline uçrandygyny gördi.

[11] Onsoň Harun Musa: «Jenabym, akmaklyk edip gazanan günämiz üçin bizi jezalandyrma.

[12] Merýemiň bedeni ýarysy çüýrän halda eneden öli doglan çaganyňka meňzemesin» diýdi.

[13] Onsoň Musa Rebbe perýat edip: «Eý, Hudaýym, oňa şypa ber» diýip ýalbardy.

[14] Emma Reb Musa: «Eger atasy onuň ýüzüne tüýküren bolsady, ol ýedi günläp utançly halda bolmazmydy? Goý, ol ýedi günläp düşelgäniň daşynda bolsun. Ol soňra ýene düşelgä girip biler» diýip jogap berdi.

[15] Şeýdip, Merýem ýedi günläp düşelgäniň daşynda saklanyldy. Ol düşelgä girizilýänçä, halk ol ýerden göçmedi.

Çölde — Chapters