Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 3:08

[1] Şeýlelikde, Musa Rebbiň buýran zatlarynyň baryny ysraýyl halkynyň dykgatyna ýetirdi.

[2] Soňra Musa ysraýyl tire baştutanlaryna şeýle diýdi: «Ine, Reb size şu zatlary buýurdy:

[3] „Eger bir adam Rebbe wada etse ýa-da her hili zatdan özüni saklamaga kasam içse, onda ol beren sözüni bozman, agzy bilen aýdan wadasyny berjaý etsin.

[4] Eger aýal maşgala ýaş wagty, entek atasy öýündekä, Rebbe wada etse ýa-da kasam içse,

[5] atasy-da gyzynyň eden wadasyny ýa-da kasamyny eşidibem oňa hiç zat diýmese, onda ol aýalyň eden wadasy ýa-da kasamy öz güýjünde galar.

[6] Emma atasy bulary eşidip, öz närazylygyny bildirse, gyzynyň eden wadasy, içen kasamy öz güýjüni ýitirýär. Atasynyň oňlamandygy sebäpli, Reb bu gyzy bagyşlar.

[7] Eger gyz wada edip ýa-da bir zat babatda oýlanman kasam içip, soňam durmuşa çyksa,

[8] äri hem bu zatlardan habarly bolubam hiç zat diýmese, onda gyzyň eden wadasy, içen kasamy öz güýjünde galar.

[9] Emma äri bu zatlary eşidip oňlamasa, onda aýalynyň eden wadasyny ýa-da oýlanman içen kasamyny ret eder we Reb berjaý etmedik kasamy üçin bu aýaly bagyşlar.

[10] Emma dul aýalyň ýa-da äri bilen aýrylyşan aýalyň eden wadasy, özüni saklamaga içen kasamy berjaý edilmelidir.

[11] Eger durmuşa çykan aýal wada eden ýa-da her hili zatdan özüni saklamaga kasam içen bolsa,

[12] äri-de muny eşidip, hiç zat diýmän, garşy bolmadyk bolsa, onda aýalyň eden wadasy ýa kasamy öz güýjünde galar.

[13] Emma äri bulary eşidip, öz närazylygyny bildiren bolsa, onda ol aýalynyň beren ähli wadalaryny, içen kasamyny ret edýär. Äriniň oňlamandygy sebäpli, wadasyny berjaý edip bilmedik bu aýaly Reb bagyşlar.

[14] Aýalynyň eden islendik wadasyny ýa-da içen kasamyny äri tassyklap ýa-da ret edip biler.

[15] Emma äri aýalynyň eden wadasyny ýa-da içen kasamyny eşidip, şol günüň özünde oňa garşy çykmadyk bolsa, onda aýalynyň eden wadasydyr kasamyny äri oňlan hasap ediler. Çünki äri olara garşy aýalyna hiç zat diýmändi.

[16] Ýöne äri olary eşiden badyna hiç zat diýmän, ony biraz wagtdan soň ret etse, onda aýalynyň günäleri äriniň boýnunadyr“».

[17] Är-aýalyň we entek atasy öýünde ýaşaýan gyz bilen atasynyň arasyndaky gatnaşyklar hakynda Rebbiň Musa buýran düzgünleri şulardan ybaratdyr.

Çölde — Chapters