[1] Onsoň Isa gaýyga mündi-de, beýleki kenara geçip, Öz şäherine geldi.
[2] Birnäçe adam Onuň ýanyna düşekde ýatan bir ysmazy getirdi. Isa olaryň imanyny görende, ysmaza: «Oglum, dogumly bol, seniň günäleriň ötüldi» diýdi.
[3] Şonda käbir Töwrat mugallymlary içinden: «Bu adam Hudaýa dil ýetirýär» diýdiler.
[4] Emma Isa olaryň pikirlerini bilip: «Näme üçin göwnüňize erbet pikirler getirýärsiňiz?
[5] Haýsyny aýtmak aňsat: „Günäleriň ötüldi“ diýmekmi ýa-da: „Tur-da, ýöre“ diýmek?
[6] Emma siz Ynsan Oglunyň ýer ýüzünde günäleri ötmäge-de ygtyýarynyň bardygyny bilip goýuň» diýdi. Onsoň Ol ysmaza: «Saňa diýýärin, tur, düşegiňi al-da, öýüňe gaýt» diýdi.
[7] Ol hem ýerinden turdy-da, öýüne gitdi.
[8] Muny gören mähelläni gorky gaplap aldy. Olar ynsanlara şeýle ygtyýary beren Hudaýy şöhratlandyrdylar.
[9] Isa şol ýerden geçip barýarka, salgyt ýygnap oturan Mattany görüp, oňa: «Meniň yzyma düş!» diýdi. Ol hem turup, Onuň yzyna düşdi.
[10] Isa Mattanyň öýünde saçak başynda otyrka, köp salgytçylar, günäkärler gelip, Isa we Onuň şägirtleri bilen bile iýip-içdiler.
[11] Fariseýler muny görüp, Onuň şägirtlerinden: «Näme üçin siziň Mugallymyňyz salgytçylardyr günäkärler bilen bile nahar iýýär?» diýip soradylar.
[12] Isa muny eşidip: «Lukman saglara däl-de, hassalara gerekdir.
[13] Ýöne siz gidiň-de, „Men gurbanlyk däl-de, rehim-şepagat isleýärin“ diýen sözüň manysyny öwreniň, sebäbi Men dogrulary däl-de, günäkärleri çagyrmaga geldim» diýdi.
[14] Onsoň Ýahýanyň şägirtleri Isanyň ýanyna gelip: «Näme üçin biz we fariseýler agyz bekleýäris-de, Seniň şägirtleriň agyz beklänoklar?» diýip soradylar.
[15] Isa olara: «Giýew ýanlaryndaka, heý-de, toýuň myhmanlary ýas tutarmy? Emma giýewiň olardan alynjak günleri geler, şonda olar agyz beklärler.
[16] Hiç kim köne eşige täze matadan ýama salmaz, sebäbi salnan ýama köne eşikden gopup, ýyrtyk ýeri has beter bolar.
[17] Hiç kim täze şeraby köne meşiklere guýmaz. Beýtse, meşikler ýarylyp, şerap döküler we meşikler hem zaýalanar. Täze şerap täze meşiklere guýulýandyr, şeýdip, ikisi hem abat saklanýandyr» diýip jogap berdi.
[18] Isa olara bu zatlary aýdyp durka, bir ýolbaşçy gelip, Onuň aýagyna ýykyldy. Ol: «Meniň gyzym ýaňyja öldi, emma Sen gelip, eliňi onuň üstünde goýsaň, ol direler» diýdi.
[19] Isa turup, şägirtleri bilen bile ol adamyň yzyna düşüp gitdi.
[20] Şol wagt on iki ýyldan bäri gan akma keselinden ejir çekýän bir aýal Isanyň arka tarapyndan gelip, Onuň donunyň syýyna elini degirdi.
[21] Ol içinden: «Diňe geýimine elimi degirsem-de sagalaryn» diýýärdi.
[22] Isa öwrülip, ony gördi-de: «Eý, naçar, dogumly bol, imanyň saňa şypa berdi» diýdi. Aýal şol pursadyň özünde sagaldy.
[23] Isa ýolbaşçynyň öýüne gelende, ýas tüýdükçilerini, ala-galmagal edişip duran mähelläni gördi.
[24] Olara: «Aýrylyň, gyz ölenok, diňe uklap ýatyr» diýdi. Olar Isanyň üstünden güldüler.
[25] Mähelle daşary çykarylandan soň, Isa içeri girip, gyzyň elinden tutdy, gyz hem aýaga galdy.
[26] Bu habar ol etrabyň ähli ýerine ýaýrady.
[27] Isa ol ýerden gelýärkä, iki sany kör adam Onuň yzyna düşüp: «Eý, Dawut Ogly! Bize rehim et!» diýip gygyrdylar.
[28] Isa öýe girende, körler Onuň ýanyna geldiler. Isa olardan: «Meniň bu işi başarjagyma ynanýarsyňyzmy?» diýip sorady. Olar hem Oňa: «Hawa, Agam» diýip jogap berdiler.
[29] Şonda Isa olaryň gözlerine elini degrip: «Size imanyňyza görä bolsun!» diýdi welin,
[30] şobada olaryň gözleri açyldy. Isa: «Ägä boluň, muny hiç kim bilmesin» diýip, olara berk tabşyrdy.
[31] Emma olar çykan batlaryna, Isanyň at-owazasyny tutuş etraba ýaýratdylar.
[32] Olar gidenden soňra Isanyň ýanyna arwah-jyn eýelän bir lal adamy getirdiler.
[33] Arwah-jyn kowlandan soň, lal adam geplemäge başlady. Halk muňa haýran galyp: «Ysraýylda hiç haçan beýle zat görlen däldir» diýişdi.
[34] Emma fariseýler: «Ol arwah-jynlary jynlaryň hökümdary arkaly kowup çykarýar» diýişdiler.
[35] Isa şäherlerdir obalaryň baryny aýlanyp, ol ýerdäki sinagogalarda sapak berýärdi. Şalyk hakdaky Hoş Habary wagyz edip, her hili kesellere we dertlere şypa berýärdi.
[36] Isa uly mähelläni görüp, olara haýpy geldi, sebäbi olar çopansyz goýunlar ýaly dagynyk we tapdan düşendiler.
[37] Şonda Isa şägirtlerine: «Hasyl bol, ýöne işgär az.
[38] Şonuň üçin hem hasylyny ýygmaga işgär iberer ýaly, hasyl eýesi Rebbe ýalbaryň» diýdi.