Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 5:41

[1] «Habardar boluň, sogap işleriňizi adamlara görünmek üçin hemmeleriň gözüniň alnynda etmäň. Beýle etseňiz, gökdäki Ataňyzdan sylag almarsyňyz.

[2] Şonuň üçin hem mätäje sadaka bereniňizde, öňüňizde surnaý çaldyryp, muny uly ile jar etmäň. Adamlaryň öwgüsini gazanjak bolup, ikiýüzlüler sinagogalarda, köçelerde şeýle edýärler. Size dogrusyny aýdýaryn: olar eýýäm öz sylagyny alandyrlar.

[3] Siz sadaka bereniňizde, sag eliňiziň näme edýänini sol eliňiz bilmesin.

[4] Şunlukda, berýän sadakaňyz gizlin bolsun. Gizlinlikde edileni görýän Ataňyz siziň sylagyňyzy berer.

[5] Doga-dileg edeniňizde, ikiýüzlüler ýaly bolmaň. Olar göz üçin sinagogalarda, köçeleriň burçlarynda durup, doga okamagy halaýarlar. Size dogrusyny aýdýaryn, olar eýýäm öz sylagyny alandyrlar.

[6] Emma siz doga-dileg edeniňizde, otagyňyza girip, gapyny ýapyň-da, görünmeýän Ataňyza gizlinlikde ediň. Gizlinlikde edileni görýän Ataňyz siziň sylagyňyzy berer.

[7] Doga-dileg edeniňizde, butparazlar ýaly, boş sözleri gaýtalap durmaň. Olar köp sözlemek bilen eşidileris öýdýärler.

[8] Olar ýaly bolmaň. Ataňyz size nämeleriň gerekdigini Özünden dilemänkäňiz bilýär ahyryn.

[9] Şonuň üçin, şeýle doga-dileg ediň: „Eý, gökdäki Atamyz! Adyň mukaddes bolsun!

[10] Patyşalygyň gelsin! Gökde bolşy ýaly, ýerde-de Seniň islegiň amala aşsyn!

[11] Gündelik çöregimizi bize şu gün ber.

[12] Bize ýamanlyk edýänleri bagyşlaýşymyz ýaly, Sen hem biziň ýazyklarymyzy bagyşla.

[13] Bizi synaga salma, gaýtam bizi şeýtandan halas et.“

[14] Başgalaryň özüňize eden ýazyklaryny bagyşlasaňyz, gökdäki Ataňyz hem siziň ýazyklaryňyzy bagyşlar.

[15] Emma siz olaryň ýazyklaryny bagyşlamasaňyz, Ataňyz hem siziň ýazyklaryňyzy bagyşlamaz.

[16] Agyz bekläniňizde ikiýüzlüler ýaly ýüzüňizi sallamaň. Olar adamlara agyz bekleýändiklerini görkezjek bolup, özlerine timar bermeýärler. Size dogrusyny aýdýaryn, olar eýýäm öz sylagyny alandyrlar.

[17] Emma siz agyz bekläniňizde, başyňyza ýag guýup, ýüzüňizi ýuwuň.

[18] Şonda siziň agyz bekleýändigiňiz adamlara däl-de, diňe ýaşyryn Ataňyza görner. Gizlinlikde edileni görýän Ataňyz siziň sylagyňyzy berer.

[19] Bu dünýäde özüňize hazyna ýygnamaň, bu ýerde ony güýe bilen pos iýýändir, munda ogrular girip ogurlaýandyr.

[20] Muňa derek özüňize gökde hazyna ýygnaň, ol ýerde ne güýe, ne pos iýýändir, ne-de ogrular girip ogurlaýandyr.

[21] Hazynaňyz nirede bolsa, ýüregiňiz hem şol ýerde bolar.

[22] Bedeniň çyrasy gözdür. Gözüň sagdyn bolsa, tutuş bedeniň hem ýagty bolar.

[23] Gözüň şikesli bolsa, tutuş bedeniň hem garaňky bolar. Eger sendäki yşyk garaňky bolsa, onda ol nähili elhenç garaňkylykdyr!

[24] Hiç kim iki hojaýyna hyzmat edip bilmez. Ol ýa birini ýigrenip, beýlekisini söýer, ýa-da birine wepaly bolup, beýlekisini äsgermezlik eder. Siz hem Hudaýa, hem baýlyga hyzmat edip bilmersiňiz.

[25] Şoňa görä size diýýärin: näme iýip-içerin diýip janyňyzy, näme geýerin diýip bedeniňizi gaýgy etmäň. Jan iýmitden, beden egin-eşikden gymmatly dälmidir?

[26] Guşlara serediň, olar ne ekýärler, ne orýarlar, ne-de ammarlarda iýmit toplaýarlar. Muňa garamazdan, gökdäki Ataňyz olary-da iýmitlendirýär. Siz olardan has gymmatly dälmisiňiz?

[27] Siziň haýsy biriňiz gaýgy edip, ömrüňizi bir sagat uzaldyp bilýärsiňiz?

[28] Näme üçin egin-eşigiň aladasyny edýärsiňiz? Meýdandaky liliýalaryň nähili ösüşine serediň: olar ne zähmet çekýärler, ne-de ýüp egirýärler.

[29] Emma Men size diýýärin, hatda Süleýman hem özüniň bütin şan-şöhratynda bularyň hiç biri ýaly geýinmändi.

[30] Emma bu gün bar bolup, ertir ojaga taşlanýan meýdan otuny Hudaý şeýle geýindirýän bolsa, sizi ondan has artyk geýindirmezmi, eý, imany azlar?

[31] Şonuň üçin näme iýip-içeris, näme geýeris diýip alada etmäň.

[32] Bu zatlaryň baryny butparazlar agtarýarlar, ýöne gökdäki Ataňyz bularyň ählisiniň size gerekdigini bilýär.

[33] Siz bolsa öňürti Hudaýyň Şalygyny we Onuň dogrulygyny agtaryň, şonda bu zatlar hem size onuň üstüne goşulyp berler.

[34] Şonuň üçin ertiri gaýgy etmäň, ertir öz gaýgysyny özi eder. Her günüň derdi özüne ýeterlikdir».

Mattanyň hoş habary — Chapters