Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 9:04

[1] Şol gün Isa öýden çykyp, kölüň ýakasynda otyrdy.

[2] Daşyna şeýle uly mähelläniň üýşendigi sebäpli köldäki bir gaýyga münüp otyrdy. Tutuş mähelle bolsa kölüň ýakasynda, gury ýerde durdy.

[3] Isa olara tymsallar arkaly köp zatlar öwretdi: «Bir daýhan ekin ekmäge çykýar.

[4] Ekip ýörkä, tohumlaryň birnäçesi ýoluň üstüne düşýär we guşlar gelip, ony çokýarlar.

[5] Birnäçesi topragy az, daşly ýere düşýär. Topragy çuň bolmansoň, olar tiz gögerýär.

[6] Ýöne gün gyzanda, kökleriniň ýokdugy zerarly solup, guraýarlar.

[7] Birnäçe tohum tikenleriň arasyna düşýär. Tikenler ösüp, olary basýar.

[8] Birnäçesi-de gowy ýere düşüp, käbiri ýüz, käbiri altmyş, käbiri hem otuz esse hasyl berýär.

[9] Eşitmäge gulagy bar adam eşitsin!»

[10] Onsoň şägirtler Isadan: «Näme üçin halka tymsallar bilen gürrüň berýärsiň?» diýip soradylar.

[11] Ol şeýle jogap berdi: «Gögüň Şalygynyň syrlaryna düşünme ukyby size berildi, olara berilmedi.

[12] Kimde bar bolsa, oňa ýene berler, ondaky bol bolar; kimde ýok bolsa, onuň elindäki hem alnar.

[13] Meniň olara tymsallar bilen gürrüň bermegimiň sebäbi şudur: olar seredýärler, ýöne görmeýärler, diňleýärler, ýöne eşitmeýärler we düşünmeýärler.

[14] Şeýdip, Işaýanyň pygamberlik bilen aýdan sözleri olarda berjaý bolýar: „Eşidip dursaňyz-da, hiç düşünmersiňiz, seredip dursaňyz-da, hiç aňlamarsyňyz.

[15] Bu halkyň ýüregi küteldi, gulaklary ker açdy, gözleri gapyldy. Ýogsam gözleri bilen görüp, gulaklary bilen eşiderdiler, aňlary bilen aňlap, Maňa tarap dolanardylar, Men hem olara şypa bererdim“.

[16] Emma siz nähili bagtly! Sebäbi gözleriňiz görýär, gulaklaryňyz eşidýär.

[17] Size dogrusyny aýdýaryn: köp pygamberler we ençeme dogry adamlar siziň görýänleriňizi görmek islediler, emma görmediler. Siziň eşidýänleriňizi eşitmek islediler, emma eşitmediler.

[18] Indi daýhan hakyndaky tymsalyň manysyny diňläň:

[19] kim Hudaýyň Şalygy hakyndaky sözi eşidip, oňa düşünmese, şeýtan gelip, onuň ýüreginde ekileni sogrup alýar. Ýoluň gyrasynda ekilen budur.

[20] Daşly ýere ekilen bolsa, sözi eşidip, ony dessine şatlyk bilen kabul edýändir.

[21] Emma beýle adamda kök ýokdur, çydamsyzdyr. Bu söz üçin muşakgat ýa-da yzarlama bolanda, ol dessine imandan ýüz dönderer.

[22] Tikenligiň arasyna düşen tohum bolsa sözi eşidýär, ýöne dünýäniň gaýgylary, baýamak höwesi ony bogýar we söz hasylsyz galýar.

[23] Gowy topraga ekilen bolsa, sözi eşidip, oňa düşünýär hem-de hasyl berýär. Beýle adamlaryň käbiri ýüz, käbiri altmyş, käbiri otuz esse hasyl berýär».

[24] Isa olara başga bir tymsal hem gürrüň berdi: «Gögüň Şalygy öz atyzynda oňat tohum eken adama meňzeýär.

[25] Hemmeler ýatyrka, onuň duşmany gelip, bugdaýlaryň arasyna haşal ot ekip gidýär.

[26] Ekin ösüp hasyla duranda, haşal ot hem peýda bolýar.

[27] Ýer eýesiniň hyzmatkärleri onuň ýanyna gelip: „Hojaýyn, sen atyzyňa oňat tohum sepmänmidiň? Bu haşal otlar nireden peýda bolduka?“ diýip soraýarlar.

[28] Hojaýyn: „Bu duşmanyň işidir“ diýip jogap berýär. Hyzmatkärleri: „Gidip, olary sogrup taşlamagymyzy isleýäňmi?“ diýip soraýarlar.

[29] Emma hojaýyn: „Ýok, haşal oty sogurjak bolup,

[30] bugdaýy hem köki bilen goparmagyňyz mümkin. Goý, oraga çenli olaryň ikisi-de bile ösübersin. Orak döwri men orakçylara ilki haşal oty ýygyň-da, ýakar ýaly edip desseläň. Bugdaýy bolsa meniň ammaryma üýşüriň diýerin“» diýip jogap berýär.

[31] Isa olara başga bir tymsaly-da gürrüň berdi: «Gögüň Şalygy bir adamyň öz melleginde eken gorçisa tohumyna meňzeýändir.

[32] Ol ähli tohumlaryň içinde iň ownugydyr, emma öseninden soň welin, beýleki ösümlikleriň barysyndan belent bolup, agaja öwrülýär. Hatda guşlaram onuň şahalarynda höwürtgeläp bilýärler».

[33] Isa olara başga bir tymsaly-da gürrüň berdi: «Gögüň Şalygy hamyrmaýa meňzeýändir. Bir aýal üç kersen una birje bölek hamyrmaýa goşsa-da, tutuş hamyr çişýär».

[34] Isa bu zatlaryň baryny halka tymsallar bilen aýdýardy. Olara tymsalsyz hiç zat aýtmaýardy.

[35] Bu pygamber arkaly aýdylan şu sözüň berjaý bolmagy üçindi: «Men size tymsal aýdyp bereýin, dünýä ýaradylaly bäri gizlin galan syrlary beýan edeýin».

[36] Onsoň Isa halky ugradyp, öýe girdi. Şägirtleri Onuň ýanyna gelip: «Haşal otlar hakdaky tymsaly bize düşündirip bersene» diýdiler.

[37] Ol şeýle jogap berdi: «Oňat tohumy ekýän Ynsan Ogludyr.

[38] Ekin meýdany bolsa dünýädir. Oňat tohum Gögüň Şalygynyň perzentleridir. Haşal otlar bolsa şeýtanyň perzentleridir.

[39] Haşal otlary eken duşman – şeýtandyr. Orak döwri – dünýäniň ahyrydyr, orakçylar bolsa perişdelerdir.

[40] Şeýlelik bilen haşal otlar nähili ýyglyp, otda ýakylýan bolsa, dünýäniň ahyrynda hem şeýle bolar.

[41] Ynsan Ogly Öz perişdelerini iberer, olar-da günä duçar edýän ähli zatlary, erbetlik edýänleri Onuň Şalygyndan ýygnarlar.

[42] Olar bulary lowlap duran kürä taşlarlar. Ol ýerde agy we diş gyjama bolar.

[43] Şonda dogry adamlar gökdäki Atasynyň Şalygynda Gün kimin parlarlar. Eşitmäge gulagy bar adam eşitsin!»

[44] «Gögüň Şalygy ekin meýdanynda gizlenen hazyna meňzeýändir. Bir adam ony tapyp alýar, soňra ony gaýtadan gizleýär we begenip baryp, ähli zadyny satýar-da, ýaňky ekin meýdany satyn alýar.

[45] Mundan başga-da, Gögüň Şalygy owadan dür agtarýan täjir ýalydyr.

[46] Ol gymmatbaha bir düri tapyp, ähli zadyny satýar-da, ony satyn alýar.

[47] Şeýle hem, Gögüň Şalygy deňze taşlanyp, her hili balygy ýygnaýan tor ýalydyr.

[48] Tor dolanda, ony kenara çekýärler. Onsoň oturyp, oňat balyklary sebetlere salýarlar, erbetlerini hem zyňyp goýberýärler.

[49] Dünýäniň ahyrynda hem şeýle bolar. Perişdeler gelip, erbetleri dogry adamlardan aýryp,

[50] lowlap duran kürä taşlarlar. Ol ýerde agy we diş gyjama bolar».

[51] Isa olara: «Bularyň hemmesine düşündiňizmi?» diýip sorady. Olar: «Hawa» diýip jogap berdiler.

[52] Isa olara: «Şonuň üçin hem Gögüň Şalygy hakynda taglymat alan her bir Töwrat mugallymy hazynasyndan täze we köne zatlar çykarýan öý eýesine meňzeýändir» diýdi.

[53] Isa bu tymsaly gürrüň berip bolandan soň, ol ýerden gitdi.

[54] Ol Öz dogduk mekanyna gelip, adamlara olaryň sinagogalarynda sapak bermäge başlady. Adamlar Oňa haýran galyp: «Bu Adam beýle danalygy nireden aldyka? Ol nädip beýle mugjyzalary görkezmegi başarýarka?

[55] Ol agaç ussanyň ogly dälmi? Ejesiniň ady hem Merýem dälmi näme? Ol Ýakup, Ýusup, Simun we Ýahuda dagyň dogany ahyryn!

[56] Onuň uýalary-da biziň aramyzda ýaşamaýarlarmy näme? Onda bu Adam munça zady nireden bilýärkä?» diýişdiler.

[57] Şeýlelikde, olar Isany ret etdiler. Emma Isa olara: «Pygamberiň diňe öz ýurdunda we öýünde gadyry ýokdur» diýdi.

[58] Isa olaryň imansyzdyklary zerarly, ol ýerde köp gudrat görkezmedi.

Mattanyň hoş habary — Chapters