Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 6:42

[1] «Şonda Gögüň Şalygyny çyralaryny alyp, giýewi garşylamaga çykan on gyza meňzetse bolar.

[2] Olaryň bäşisi akylly, bäşisi akylsyz eken.

[3] Akylsyzlar çyralaryny alýarlar, emma ýag almaýarlar.

[4] Akyllylar bolsa çyralary bilen birlikde gaplarda ýag hem alýarlar.

[5] Giýew gijä galanda, hemmesini uky basmarlaýar we olar uklaýarlar.

[6] Ýary gije: „Anha, giýew gelýär, garşylamaga çykyň!“ diýen batly ses eşidilýär.

[7] Şonda ýaňky gyzlaryň hemmesi oýanyp, çyralarynyň ýagyny düzetmäge başlaýarlar.

[8] Akylsyzlar akyllylara: „Çyralarymyz sönüp barýar, bize ýagyňyzdan biraz beräýiň“ diýýärler.

[9] Emma akyllylar: „Ýok! Bize-‑de, size-de ýetmän durmasyn. Gowusy, gidiň-de, satyjylardan özüňize ýag satyn alyň“ diýýärler.

[10] Olar ýag satyn almaga giden wagty giýew gelýär. Taýýar duran gyzlar onuň bilen bile toýhana girenlerinden, gapy ýapylýar.

[11] Bir salymdan beýleki gyzlar hem gelip: „Aga! A-how, aga! Gapyny açaý-da, biz geldik“ diýýärler.

[12] Emma giýew: „Size dogrusyny aýdýaryn, men sizi asla tanamok“ diýip jogap berýär.

[13] Şonuň üçin hem oýa boluň, sebäbi siz Ynsan Oglunyň geljek anyk gününi we sagadyny bilmeýärsiňiz.

[14] Gögüň Şalygy şunuň ýalydyr: bir adam uzak ýola gitmekçi bolup, hyzmatkärlerini ýanyna çagyryp, mal-mülküni olara tabşyrýar.

[15] Bu adam olaryň hersiniň başarnygyna laýyk: birine – bäş, beýlekisine – iki, başga birine bir çuwal altyn-kümüş berip, ýola rowana bolýar.

[16] Bäş çuwal alan gidip, bu pul bilen söwda etmäge girişip, ýene bäş çuwal pul gazanýar.

[17] Iki çuwal alan-da şonuň ýaly edip, ýene iki çuwal pul gazanýar.

[18] Bir çuwal alan bolsa gidip, çukur gazýar-da, hojaýynyň beren puluny gömüp gizleýär.

[19] Köp wagtdan soň bu hyzmatkärleriň hojaýyny gelip, olardan hasabat soraýar.

[20] Bäş çuwal alan hyzmatkär gelip, öňki puluň üstüne ýene bäş çuwal getirýär. Ol: „Hojaýyn! Sen maňa bäş çuwal altyn-kümüş ynanypdyň, ine, men ondan ýene bäş çuwal gazandym“ diýýär.

[21] Hojaýyny oňa: „Berekella, ýagşy hem sadyk hyzmatkär! Sen kiçijik işde sadyk bolanyň üçin, indi beýik işleri saňa ynanaryn. Gel, hojaýynyň şatlygyna şärik bol!“ diýýär.

[22] Iki çuwal alan hem gelip: „Hojaýyn! Sen maňa iki çuwal altyn-kümüş beripdiň, ine, men ondan ýene iki çuwal gazandym“ diýýär.

[23] Hojaýyny oňa: „Berekella, ýagşy we sadyk hyzmatkär! Sen kiçijik işde sadyklygyňy görkezdiň, indi men seni beýik işleriň başyna geçirerin. Gel, hojaýynyň şatlygyna şärik bol!“ diýýär.

[24] Bir çuwal alan hem gelip: „Hojaýyn, men seniň gaty özdiýenli adamdygyňy bilýärdim. Sen ekmedik ýeriňden orýarsyň, sepmedik ýeriňden ýygýarsyň.

[25] Şonuň üçin men gorkdum, gidip, beren bir çuwal puluňy ýere gömüp gizledim, ine, puluňy al!“ diýýär.

[26] Hojaýyny oňa şeýle diýýär: „Eý, erbet hem ýalta hyzmatkär! Sen meniň ekmedik ýerimden orýandygymy, sepmedik ýerimden ýygýandygymy bilýärmidiň?

[27] Onda pulumy işewürlere bermeli ekeniň-dä, men hem gelip, ony peýdasy bilen alardym.

[28] Indi oňa beren bir çuwalymy alyň-da, on çuwalla beriň.

[29] Kimde bar bolsa, oňa ýene berler, ondaky bol bolar, emma kimde ýok bolsa, onuň elindäki hem alnar.

[30] Peýdasyz hyzmatkäri daşary, garaňkylyga taşlaň. Ol ýerde agy we diş gyjama bolar“.

[31] Ynsan Ogly Öz şan-şöhratyna beslenip, ähli perişdeleri bilen geler-de, şöhratly tagtynda oturar.

[32] Ähli milletler Onuň huzuryna ýygnanarlar, çopanyň goýunlary geçilerden saýlaýşy ýaly, Ol hem olary biri-birinden saýlar.

[33] Goýunlary sagynda, geçileri hem solunda goýar.

[34] Onsoň Patyşa sagyndakylara şeýle diýer: „Eý, Atamyň ýalkanlary! Geliň-de, dünýä ýaradylandan bäri siziň üçin taýýarlanan patyşalygy miras alyň.

[35] Sebäbi Men açdym – nan berdiňiz, teşnedim – suw berdiňiz, kesekidim – myhman aldyňyz,

[36] ýalaňaçdym – don berdiňiz, hassadym – bejerdiňiz, zyndandadym – görmäge geldiňiz“.

[37] Şonda dogry adamlar Oňa jogap berip diýerler: „Ýa Reb, biz Seni haçan aç görüp, nan berdik? Haçan teşne görüp, suw berdik?

[38] Haçan Seni keseki görüp, myhman aldyk ýa ýalaňaç görüp, don berdik?

[39] Haçan Seni hassa ýa-da zyndanda görüp, ýanyňa geldik?“.

[40] Patyşa olara: „Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň bu iň pes saýylýan doganlarymdan birine edeniňizi Maňa edensiňiz“ diýip jogap berdi.

[41] Onsoň solundakylara şeýle diýer: „Eý, lagnatlylar, Meniň ýanymdan aýrylyň, iblis bilen onuň perişdelerine taýýarlanan ebedi oda ýanyň!

[42] Sebäbi Men açdym – nan bermediňiz, teşnedim – suw bermediňiz,

[43] kesekidim – myhman almadyňyz, ýalaňaçdym – don bermediňiz, hassadym we tussagdym – ýanyma gelip görmediňiz“.

[44] Şonda olar: „Ýa Reb, biz Seni haçan aç, teşne, keseki, ýalaňaç, hassa ýa-da tussaglykda görüp-de, Saňa hyzmat etmedik?“ diýip sorarlar.

[45] Şonda olara: „Size dogrusyny aýdýaryn, muny bu iň pes saýylýanlardan birine etmedigiňizi, Maňa-da eden dälsiňiz“ diýip jogap berdi.

[46] Bular ebedi jeza, dogry adamlar bolsa baky ýaşaýşa gowşarlar».

Mattanyň hoş habary — Chapters